Iýun aýynda Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda güýçli ýagyşlar ýagdy we suw
joşmagyna sebäp boldy. Suwuň köp bolmagyndan, diňe adamlar däl eýsem
haýwanlar hem ejir çekýärler.
Häzirki wagtda möý torlaryny ştatyň hemme ýerinde diýen ýaly görmek
bolýar. Olar otlary, gyrymsy agaçlary, agaçlary, ýol belliklerini we beýleki
desgalary örtýärler.
Hünärmenler, möýleriň adatça kiçi torlary dokaýandyklaryny, indi bolsa
häzirki agyr şertlere görä,şeýle usul bilen uýgunlaşmaga mejbur bolýandyklaryny
aýdýarlar. Bu möýleriň adamlara howp salmaýar diýip,The Australian ýazýar.
Awstraliýada möýler tutuş ştaty dykyz torlary bilen bagladylar
