Ispaniýaly goragçy Serhio Ramos Madridiň futbol kluby "Real"-dan gitmek
kararyna geldi.
17-nji iýunda 35 ýaşly toparyň kapitany bilen hoşlaşyk dabarasy geçirildi. Bu
çärä klubyň prezidenti Florentino Perez hem gatnaşdy. Şondan soň Ramos
metbugat ýygnagyny geçirdi.
Ramosyň "Real" bilen häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda
tamamlanýar. Oýunçynyň klubdan gitmek baradaky islegi ýanwar aýynda belli
boldy.Şol wagt goragçy täze şertnama baradaky teklibi ret etdi, Perez bolsa
oýunçynyň geçirilmegine päsgel bermejekdigini aýtdy.
Ramos üçin has mümkin bolup biljek täze klub Fransiýanyň PSŽ kluby diýip
hasaplanýar.