Suwasty işlerine ýöriteleşen Amerikanyň Seafloor Systems firmasy
Sakramento şäheriniň golaýyndaky Folsom kölüniň düýbünde çuň ýerleriň birinde
heläkçilige uçran uçary tapdy. Tapylan alamatlara görä, bu 1965-nji ýylyň 1-nji
ýanwarynda uçarman we üç ýolagçy bilen birlikde ýitirim bolan Piper Comanche
250 uçary.
Bu tapyndy, suw desgalaryň suwlarynyň azalmagyna sebäp bolan güýçli
guraklyk sebäpli mümkin boldy. Kompaniýanyň hünärmenleri kölde enjamlary
barlagdan geçirýän pursatlarynda radar ekranynda üýtgeşik bir zat görünipdir.
Seafloor Systems firmasynyň işgärleriniň biri Taýler Atkinsonyň ýerli
teleýaýlymdaky gürrüňlerine görä suwasty kamera kölüň düýbüne düşürildi we
olaryň kömegi bilen uçaryň guýrugy we hereketlendirijisi barada anyk suratlar
alyndy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Kaliforniýadaky guraklyk ýitirim bolan uçar barada maglumatlar almana kömek berdi
Kaliforniýadaky guraklyk ýitirim bolan uçar barada maglumatlar almana kömek berdi
