Ýurduň Milli miras geňeşi we Günorta-Gündogar Aziýany öwreniş instituty
(ISEAS) öz beýanynda özboluşly gadymy artefaktlary bolan iki gäminiň döwük
bölekleriniň Singapuryň territorial suwlarynda tapylandygyny habar berdi.
Gämileriň biri XIV asyrda gark bolan diýip,çaklanýar. Döwük bölekleriň
arasynda arheologlar hytaý keramikasyndan ýasalan zatlary tapdylar.
ISEAS Deňiz arheologiki gözleg taslamasynyň ýolbaşçysy Maýkl Flekker
"Tapyndylaryň köpüsi seýrek duş geýär,hatda olardan biri ýeke täk hasaplanýar" –
diýdi.
Gözlegçileriň pikiriçe, ikinji gämi täjirçilik maksady bilen Hindistanda
ýasalypdyr.Ol 1796-njy ýylda Hytaýdan gelýän ýolda gark bolupdyr.Gämide hytaý
keramikasy, mis erginleri, aýna we agat önümleri daşalýardy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Singapuryň kenarynda özboluşly artefaktlary bolan iki gäminiň galyndylary tapyldy
Singapuryň kenarynda özboluşly artefaktlary bolan iki gäminiň galyndylary tapyldy
