“Ýyldyzlaryň söweşi: Güýçleriň oýanmasy” (2015) filimini döreden
Amerikaly režisior we prodýuser Jeffri Jeýkob Abrams Showtime kanaly üçin
başga planetalaryň gelmegi,baradaky dokumental seriýaly döreder diýip, Deadline
habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, Abrams dört bölümden ybarat "UFO" atly taslamanyň
ýerine ýetiriji prodýuseri bolar. Onuň bilen Glen Zipper,Şon M. Stýuart, Ben
Stiwenson, Mark Monro we beýlekiler işleşer.
Bu seriýal asmanda syrly zatlaryň peýda bolmak hadysasy barada gürrüň
berer. Şeýle hem bu lentada döredijiler, Amerikanyň hökümetiniň,
korporasiýalarynyň we harby gulluklarynyň öz aralaryny ösdürmek üçin bu
anomaliýalar baradaky hakykaty gizleýändikleri ýad-da gizlemeýändikleri barada
çaklaýarlar.