iphone we iPad-ä başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň gadagan
edilmegi, iOS üçin ýokary howpsuzlygyň kepili bolup durýar.Bu barada Apple-iň
baş ýolbaşçysy Tim Kuk, Brut America YouTube kanalyna beren interwýusynda
aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ulanyjylara AppStore degişli bolmadyk programmalary
gurmak mümkinçiligi berilse,Apple maglumatlary goramagy we gizlinligi
kepillendirip bilmez.
Kuk öňe süren tezisiniň subutnamasy hökmünde "açyk" Android-e
salgylandy, onuň pikiriçe, häzirki wagtda iOS-a garanyňda onuň üçin 47 esse
zyýanly programma üpjünçiligi bar bolup durýar. Kompaniýanyň başlygy bu
statistikanyň gelip çykan çeşmesini açyklamady.
Mundan öň Ýewrokomissiýa tehnologiýa kompaniýalarynyň işini
kadalaşdyrmak üçin kanun teklip etdi.Eger şeýle kanun kabul edilen ýagdaýynda
Apple, iPhone ulanyjylaryna öz smartfonlaryna başga çeşmelerden programmalary
gurnamaga rugsat bermeli bolar.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam