{"id":11356,"date":"2021-10-25T18:50:37","date_gmt":"2021-10-25T13:50:37","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=11356"},"modified":"2021-10-25T18:50:37","modified_gmt":"2021-10-25T13:50:37","slug":"seyit-jemaleddin-yadygarlik-toplumy-binagarciligin-ajayyp-sungaty","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=11356","title":{"rendered":"Se\u00fdit Jemaleddin \u00fdadyg\u00e4rlik toplumy \u2013 binag\u00e4r\u00e7iligi\u0148 aja\u00fdyp sungaty"},"content":{"rendered":"<p>Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar d\u00f6w-<br \/>\nletimizi\u0148 bagty\u00fdarlyk d\u00f6wr\u00fcnde \u00e4hli ugurlar bilen bir hatarda taryhymyzy \u00e7u\u0148\u0148ur<br \/>\n\u00f6wrenip, ony k\u00f6p\u00e7\u00fclige \u00fda\u00fdmaga uly \u00fcns ber\u00fd\u00e4r. Gahryman Arkadagymyzy\u0148<br \/>\ntagallasy bilen d\u00f6redil\u00fd\u00e4n \u015fertler biz \u00fda\u015flary\u0148 taryha bolan s\u00f6\u00fdgimizi has-da<br \/>\nartdyryp, ony i\u00e7gin we dogru\u00e7yl \u00f6wrenip, k\u00f6p\u00e7\u00fclige \u00fdetirm\u00e4ge gi\u0148 \u00fdol a\u00e7\u00fdar. Alym<br \/>\nArkadagymyzy\u0148 j\u00f6wher pa\u00fdhasyndan d\u00f6r\u00e4n \u00abT\u00fcrkmenistan \u2013 Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek<br \/>\n\u00fdoluny\u0148 \u00fd\u00fcregi\u00bb atly kitabynda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ba\u00fd taryhyndan s\u00f6z a\u00e7\u00fdan t\u00e4sirli<br \/>\nmaglumatlar be\u00fdan edil\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 \u00e7\u00e4ginde bina gurmagy\u0148 in\u00e7e<br \/>\ntilsimlerini ussatlyk bilen ele alan me\u015fhur ussalary\u0148 nesilleri \u00fda\u015fapdyr. Olary\u0148<br \/>\nd\u00f6reden aja\u00fdyp sungatyny\u0148 biri-de, XV asyrda bina edilen, Temiriler d\u00f6wr\u00fcni\u0148<br \/>\n\u00fdadyg\u00e4rlikleri\u0148 na\u00fdba\u015fylaryy\u0148 biri Se\u00fdit Jemaleddin binag\u00e4rlik toplumydyr.<br \/>\nSe\u00fdit Jemaleddin \u00fdadyg\u00e4rlik toplumy \u00f6z\u00fcni\u0148 binag\u00e4r\u00e7ilik \u00e7eper\u00e7iligi bilen<br \/>\ntaryhda uly yz go\u00fddy. Gadymy \u00c4newi\u0148 arheologi\u00fda depelerini \u00f6wrenm\u00e4ge ilkinji<br \/>\nbolup, 1886-njy \u00fdylda professor W.A.\u017dukowski\u00fd ba\u015flapdyr. Ol metjidi\u0148<br \/>\nportalyndaky arap \u00fdazgysy okap, terjime edipdir. 1904-nji \u00fdylda bolsa<br \/>\nR.Pampellini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygyndaky amerikan topary bu i\u015fi dowam etdirip, ol \u00fderde<br \/>\ngazuw-agtary\u015f i\u015flerini ge\u00e7iripdir. G\u00fcndo-gar\u015fynas arheolog A.A.Sem\u00fdonow metji-<br \/>\ndi\u0148 gysga\u00e7a be\u00fdany teswirl\u00e4p, 1905-nji \u00fdylda Moskwada ne\u015fir edilen \u00abRus s\u00f6zi\u00bb<br \/>\natly gazetde \u00e7ap edilen \u00abG\u00f6zellik \u00f6\u00fd\u00fcni\u0148 medeni\u00fdeti\u00bb atly makalasynda onu\u0148<br \/>\nh\u00e4si\u00fdetli a\u00fdratynlyklaryny be\u00fdan edip \u015fe\u00fdle \u00fdazypdyr: \u00abUzaklardan sele\u0148l\u00e4p<br \/>\ng\u00f6r\u00fcn\u00fd\u00e4n \u00c4new \u00fdadyg\u00e4rlikleri nazarynda baky galyp, bilesigelijiligi\u0148i artdyr\u00fdar.<br \/>\n\u00ddadyg\u00e4rlikler toplumyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4sine arala\u015fany\u0148da, t\u00fcrkmenleri\u0148 ata-babalaryny\u0148<br \/>\ngudratyna ha\u00fdran gal\u00fdarsy\u0148\u00bb. 1902-nji \u00fdylda K.S.Mi\u015fin metjidi\u0148 aja\u00fdyp \u015fekillerini<br \/>\nd\u00f6redipdirler. Gadymy \u00c4newi\u0148 medeni desgalary 1920-njy \u00fdyldan ba\u015flap<br \/>\nA.A.Karelin, W.R.Tripolski\u00fd \u00fdaly alymlar tarapyndan d\u00fc\u00fdpli \u00f6wrenilm\u00e4ge<br \/>\nba\u015flanypdyr. \u015eol bir wagty\u0148 \u00f6z\u00fcnde S.S.Skl\u00fdarow ilkinji bolup metjidi\u0148 \u00e7yzgysyny<br \/>\n\u00e7yzypdyr. 1947-nji \u00fdylda bolsa alym W.\u00dd.Massony\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda G\u00fcnorta<br \/>\nT\u00fcrkmenistan arheologik kompleksle\u00fdin ekspedisi\u00fdasy toplumy \u00e7u\u0148 we<br \/>\nhemmetarapla\u00fdyn \u00f6wrenmek i\u015fini ge\u00e7irdi.<\/p>\n<p>Se\u00fdit Jemaleddin metjidini\u0148 binag\u00e4r\u00e7ilik sungaty \u00f6zbolu\u015flydyr. Girelg\u00e4ni\u0148<br \/>\n\u00fdokarsyndaky g\u00f6n\u00fcbur\u00e7lukda garamtyl-g\u00f6k re\u0148kde Abyl-Kasym Babyry\u0148<br \/>\nsoltanlyk eden \u00fdyllarynda gurlu\u015fygy\u0148 amala a\u015fyrylandygyny habar ber\u00fd\u00e4n arap<br \/>\n\u00fdazgysy \u00fder-le\u015fdirlipdir. Onu\u0148 a\u015faky b\u00f6legi d\u00fcrli-d\u00fcrli re\u0148kler ulanylyp, \u00f6r\u00e4n<br \/>\nussatlyk bilen \u00fderine \u00fdetirilen bezegler bilen bezelip, ol \u00fdere syr\u00e7aly nagy\u015f<br \/>\nd\u00fcz\u00fcmlerinden d\u00fcz\u00fclen bir-birine simmetrik \u00fderle\u015fdirilen iki sany towlanyp duran<br \/>\na\u017edarhany\u0148 \u015fekili \u00fderle\u015fdirilipdir. Esasy girelg\u00e4ni\u0148 i\u00e7ki a\u00fdlawly \u00f6r\u00fcmi\u0148 \u00f6\u0148 tarapyn<br \/>\nbir-birine \u00e7al\u015fyryp gel\u00fd\u00e4n uly m\u00f6\u00e7berli dogry we s\u00fc\u00fdnd\u00fcrilen altybur\u00e7luklar<br \/>\ngur\u015fa\u00fdar, olary\u0148 da\u015fy g\u00f6k re\u0148kli syr\u00e7aly \u00e7yzyk bilen a\u00fdlan\u00fdar. A\u00fdlawly \u00f6r\u00fcmi\u0148<br \/>\na\u015faky b\u00f6legi\u0148 i\u00e7 tarapynda iki gapdalynda dikligine g\u00f6k re\u0148ki\u0148 \u00fd\u00fcz\u00fcne ak harplar<br \/>\nbilen \u00abnashi\u00bb \u00fdazgysy \u00fdazylypdyr.<br \/>\nMetjidi\u0148 girelgesini\u0148 bezegini\u0148 b\u00fctewi g\u00f6rn\u00fc\u015fini\u0148 umumy re\u0148ki garamtyl-<br \/>\nmawy sowuk \u00e4he\u0148li \u00fdagda\u00fdda bolup, a\u017edarhalary\u0148 a\u00e7ylyp duran agzyndan g\u00f6zba\u015f<br \/>\nal\u00fdan biri be\u00fdlekisine \u00e7yrma\u015fyp gid\u00fd\u00e4n \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 baldaklaryny\u0148 \u00fda\u015fyl we<br \/>\nmawy re\u0148kli okgunly \u00e7ylgymlary, da\u015fyna ak ga\u00fdma \u00e7ekilen hem-de garamtyl-<br \/>\nbadam \u00f6w\u00fc\u015fg\u00fcnli \u00fditi bur\u00e7ly uly \u00fdapraklar, ortasy garamtyl menek-menek ak<br \/>\ng\u00fcljagazlar seretdigi\u0148\u00e7e barha duralyp bar\u00fdan re\u0148kleri\u0148 \u00f6zara sazla\u015fygyndan hi\u00e7<br \/>\nha\u00e7an ga\u00fdtalanmajak aja\u00fdyp bir sungaty emele getir\u00fd\u00e4r. D\u00f6rt a\u00fdakly we b\u00e4\u015f<br \/>\nbarmakly penjelerine da\u00fdanyp duran \u00fdylan g\u00f6rn\u00fc\u015fli, e\u00fdmen\u00e7 kelleli iki a\u017edarhany\u0148<br \/>\n\u015fekili syr\u00e7alanan keramika b\u00f6lejiklerinden ussatlyk bilen d\u00fcz\u00fclipdir. Olary\u0148 b\u00fcd\u00fcr-<br \/>\ns\u00fcd\u00fcr te\u0148\u0148eli endamy t\u00f6weregi garamtyl-badam re\u0148kler bilen a\u00fdlanan ak<br \/>\ntegmillerden ybaratdyr. A\u017edarhalary\u0148 ikisini\u0148em tutu\u015f g\u00f6wresini\u0148 endamy,<br \/>\na\u00fdaklary, penjeleri, gu\u00fdrugy ak zolak bilen j\u00e4heklenip, onu\u0148 \u00fcst\u00fcnden arkasyndaky<br \/>\ndi\u015f-di\u015f ger\u015fi \u00fdatgy sary re\u0148kde suratlandyrylypdyr. \u015ee\u00fdle \u00fdatgy sary re\u0148kler bilen<br \/>\na\u00fdaklaryny\u0148 g\u00f6wresine seple\u015f\u00fd\u00e4n k\u00e4bir \u00fderlerinde \u00e7yzyklar \u00e7ekilipdir. K\u00f6p<br \/>\nhalklary\u0148 rowa\u00fdatlarynda, ertekilerinde \u00fdylanlary\u0148 uzak \u00fda\u015fap a\u017edarhalara<br \/>\n\u00f6wr\u00fcli\u015fi, olary\u0148 genji-hazynalary\u0148 gorag\u00e7ysy bolmagy we \u015fu\u0148a me\u0148ze\u015f ge\u0148 ena\u00fdy<br \/>\nwakalar g\u00fcrr\u00fc\u0148 beril\u00fd\u00e4r. Bu barada halkymyzy\u0148 arasynda \u015fe\u00fdle nakyly\u0148 bolmagy<br \/>\nhem \u00fd\u00f6ne \u00fderden d\u00e4ldir: \u00ab\u00ddylan \u00fd\u00fcz \u00fda\u015fasa \u2013 a\u017edarha, m\u00fc\u0148 \u00fda\u015fasa \u2013 \u00fduwha\u00bb.<\/p>\n<p>Ge\u00e7mi\u015fden miras galan islendik \u00fdadyg\u00e4rlik taryha k\u00f6ptaraply tapawutlyklary<br \/>\nbilen giripdir. Se\u00fdit Jemaleddin \u00fdadyg\u00e4rlik toplumy hem Merkezi Azi\u00fdany\u0148<br \/>\nmedeni\u00fdetini\u0148 taryhyna, binag\u00e4r\u00e7iligine, ilkinji nobatda, \u00f6z\u00fcni\u0148 t\u00e4sin hem syrly<br \/>\na\u017edarhalary bilen girdi. Merkezi Azi\u00fda d\u00f6wletlerini\u0148 taryhynda heniz gabat<br \/>\ngelinmedik bu t\u00e4sin \u015fekiller \u00f6z\u00fcne \u00e7ekijiligi bilen metjidi\u0148 gymmatyny has-da<br \/>\nartdyr\u00fdar. Hormatly Prezidentimiz: \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4de i\u0148 irki medeni<br \/>\nojaklary\u0148 biridigini, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 umumadamzat medeni\u00fdetini\u0148 genji-<br \/>\nhazynasyna \u00f6wr\u00fclen gymmatlyklary d\u00f6reden halkdygyny indi tutu\u015f d\u00fcn\u00fd\u00e4 ykrar<br \/>\ned\u00fd\u00e4r\u00bb di\u00fdip, \u00f6r\u00e4n ja\u00fddar belle\u00fd\u00e4r. Go\u00fd, be\u00fdik i\u015fleri\u0148 g\u00f6zba\u015fynda durup,<br \/>\nhalkymyzy\u0148 k\u00f6pasyrlyk milli mirasyny d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fda\u00fd\u00fdan Gahryman Arkadagymyzy\u0148<br \/>\njany sag, \u00f6mri uzak bolsun, tut\u00fdan tutumly i\u015fleri elmydama rowa\u00e7lyklara<br \/>\nbeslensin!<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>D\u00f6wletmyrat Tejenow,<\/strong><\/em><br \/>\n<em><strong>T\u00fcrkmen d\u00f6wlet ykdysady\u00fdet we dolandyry\u015f<\/strong><\/em><br \/>\n<em><strong>institutyny\u0148 Mali\u00fde fakultetini\u0148 2-nji \u00fdyl talyby.<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar d\u00f6w- letimizi\u0148 bagty\u00fdarlyk d\u00f6wr\u00fcnde \u00e4hli ugurlar bilen bir hatarda taryhymyzy \u00e7u\u0148\u0148ur \u00f6wrenip, ony k\u00f6p\u00e7\u00fclige \u00fda\u00fdmaga uly \u00fcns ber\u00fd\u00e4r. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 tagallasy bilen d\u00f6redil\u00fd\u00e4n \u015fertler biz \u00fda\u015flary\u0148 taryha bolan s\u00f6\u00fdgimizi has-da artdyryp, ony i\u00e7gin we dogru\u00e7yl \u00f6wrenip, k\u00f6p\u00e7\u00fclige \u00fdetirm\u00e4ge gi\u0148 \u00fdol a\u00e7\u00fdar. Alym Arkadagymyzy\u0148 j\u00f6wher pa\u00fdhasyndan d\u00f6r\u00e4n \u00abT\u00fcrkmenistan \u2013 Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":11357,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[16,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/11356"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=11356"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/11356\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":11358,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/11356\/revisions\/11358"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/11357"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=11356"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=11356"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=11356"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}