{"id":12039,"date":"2024-12-08T19:20:04","date_gmt":"2024-12-08T14:20:04","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=12039"},"modified":"2024-12-09T01:36:28","modified_gmt":"2024-12-08T20:36:28","slug":"alp-arslan-anadolynyn-derwezesini-acan-turkmen-soltany","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=12039","title":{"rendered":"Alp Arslan \u2013 Anadolyny\u0148 derwezesini a\u00e7an t\u00fcrkmen soltany"},"content":{"rendered":"<p>XI asyry\u0148 ortalarynda, T\u00fcrkmenistan topraklarynda, Merwde d\u00fcybi tutulan Be\u00fdik Seljuk t\u00fcrkmenlerini\u0148 \u015fad\u00f6wleti asyry\u0148 70-nji \u00fdyllaryna \u00e7enli \u00f6z \u00e7aklerini has-da gi\u0148eldipdir. Anadolyny e\u00fdelemek \u00fc\u00e7in t\u00fcrkmenleri\u0148 eden harby we g\u00f6\u00e7\u00fc\u015f hereketleri Togrul beg T\u00fcrkmeni\u0148 we \u00c7agry beg T\u00fcrkmeni\u0148 zamanynda ba\u015flanypdy. 1015-1018-nji \u00fdyllarda H\u00e4zirbegjan topraklaryna gelen \u00c7agry beg T\u00fcrkmen Wan hem-de Kars etraplaryna barlag \u00fd\u00f6ri\u015flerini gurap, Anadolyny\u0148 \u00fda\u015famak \u00fc\u00e7in o\u0148a\u00fdly, amatly \u00fderdigine g\u00f6z \u00fdetiripdir. Ol yzyna dolanyp geleninde bu pikirini ilde\u015flerine du\u00fddurypdyr. 1028-1038-nji \u00fdyllarda, Arslan \u00ddabguwa bagly Oguz-t\u00fcrkmenleri Anadoly illerine giripdirler, has so\u0148ra bolsa \u00fclk\u00e4ni\u0148 g\u00fcnorta etraplaryna \u00e7enli barypdyrlar. 1044-1048-nji \u00fdyllarda, Togrul beg tarapyndan iberilen Ybra\u00fdym \u00ddynal, Gutalmy\u015f we Musa \u00ddabguwy\u0148 ogly Hasan uly bir go\u015fun bilen H\u00e4zirbegjana gelipdirler. Gutalmy\u015fy\u0148 serkerdeligind\u00e4ki t\u00fcrkmen atlylary, Genj\u00e4ni\u0148 \u00fdakynynda wizanti\u00fdalylary\u0148 go\u015funyny derbi-dagyn edipdirler. Hasan beg bolsa Pasynlary\u0148 t\u00f6wereklerini e\u00fdelemek bilen me\u015fgul bolup \u00fd\u00f6rk\u00e4 \u015fehit d\u00fc\u015f\u00fcpdir. 1048-nji \u00fdylda, Gutalmy\u015f hem-de Ybra\u00fdym \u00ddynal \u00abPasynlar s\u00f6we\u015fi\u00bb adyny alan, Pasynlary\u0148 \u00fdanynda edilen s\u00f6we\u015fde \u00fde\u0148i\u015f gazanypdyrlar. 1054-1059-njy \u00fdyllarda, G\u00fcndogar Anadoly topraklaryna giren Togrul beg Kemah, Erzinjan, Ba\u00fdburt we \u015eebingarahisar \u00fdaly \u00fderleri e\u00fdel\u00e4pdir. 1057-nji \u00fdylda Anadoly \u00fd\u00f6ri\u015fleri \u00fc\u00e7in \u00ddakut beg ta\u00fdyn edilipdir. \u00ddakut beg \u00f6z esgerleri bilen Ka\u00fdsara (Ka\u00fdser\u00e4) \u00e7enli barypdyr. Siwas e\u00fdelenipdir, Any we Kars \u015f\u00e4herleri gabawa salnypdyr. Bu d\u00f6w\u00fcrde Dinar bege bagly t\u00fcrkmen atlylary Malat\u00fda t\u00f6wereklerine \u00e7enli baryp \u00fdetipdirler. T\u00fcrkmenleri\u0148 Anadola eden \u00fd\u00f6ri\u015fleri Be\u00fdik Seljuk t\u00fcrkmenlerini\u0148 soltany Alp Arslany\u0148 d\u00f6wr\u00fcnde has-da g\u00fc\u00fd\u00e7lenipdir. 1064-nji \u00fdylda sapara \u00e7ykan Alp Arslan Karsy, Anyny e\u00fdel\u00e4pdir.Ol ermenileri \u00f6z h\u00e4kimligi astyna salanyndan so\u0148ra, ao\u015funlary bilen G\u00fcrj\u00fcstana giripdir.Onu\u0148 emirler; K\u00fcm\u00fc\u015ftegin, Af\u015fin, Sandyk, Dany\u015fmend Gazy we be\u00fdlekiler G\u00fcndogar, Orta we G\u00fcnorta-g\u00fcndogar Anadolyny\u0148 d\u00fcrli \u00fderlerinde harby hereketlerini dowam etdiripdirler. 1067-nji \u00fdylda Af\u015fin beg Malat\u00fdany we Ka\u00fdsarany e\u00fdel\u00e4pdir, Af\u015fin beg Ege\u00fd de\u0148zini\u0148 kenarlaryna \u00e7enli barypdyr we E\u015fki\u015fehir bilen Ak\u015fehir \u00fdoluny\u0148 ugrundaky Amuri\u00fde \u015f\u00e4herini e\u00fdel\u00e4pdir. 1070-nji \u00fdyly\u0148 tomsuny\u0148 ortasynda Alp Arslan \u00f6z\u00fcni\u0148 \u015eama (Siri\u00fda) \u00fd\u00f6ri\u015fine ugrapdyr. \u00ddolugra Malazgirt, Erji\u015f galalaryny ele ge\u00e7iripdir. 1071-nji \u00fdyly\u0148 \u00fdazynda, uzak wagtlyk gabawdan so\u0148ra, Halap \u015f\u00e4heri seljuklary\u0148 h\u00e4kimi\u00fdetine tabyn bolupdyr. Emma Wizanti\u00fda imperatoryny\u0148 il\u00e7i iberip, Malazgirdi, Ahlady, Erji\u015fi yzyna ga\u00fdtaryp bermegi talap etmegi o\u0148a \u00fd\u00f6ri\u015f ni\u00fdetini go\u00fdbolsun etm\u00e4ge mejbur edipdir. \u015ee\u00fdlelikde t\u00fcrkmenler bu harby hereketleri\u0148 netijesinde Anadoly topraklaryna doly, belet bolupdyrlar, wizanti\u00fdalylary\u0148 k\u00f6psanly harby g\u00fc\u00fd\u00e7lerini derbi-dagyn edipdirler. K\u00f6psanly \u015f\u00e4herlerdir-obalar e\u00fdelenipdir. Hatda, Ahlat \u00fdaly \u015f\u00e4herler tutu\u015fla\u00fdyn t\u00fcrkmenle\u015fdirilipdir. \u00dd\u00f6ne entek Anadoly topraklary b\u00fctewile\u00fdin e\u00fdelenm\u00e4ndi. Anadoluny\u0148 derwezelerini t\u00fcrkmenlere 1071-nji \u00fdyldaky Malazgirt s\u00f6we\u015find\u00e4ki \u00fde\u0148i\u015fden so\u0148 doly a\u00e7yldy.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>AZADOWA Akg\u00f6zel<\/em><\/strong><br \/>\n<strong><em>D\u00f6wletm\u00e4mmet Azady adyndaky T\u00fcrkmen milli d\u00fcn\u00fd\u00e4 dilleri institutyny\u0148 I\u0148lis dili we edebi\u00fdaty fakultetini\u0148 121-nji toparyny\u0148 talyby<br \/>\n<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>XI asyry\u0148 ortalarynda, T\u00fcrkmenistan topraklarynda, Merwde d\u00fcybi tutulan Be\u00fdik Seljuk t\u00fcrkmenlerini\u0148 \u015fad\u00f6wleti asyry\u0148 70-nji \u00fdyllaryna \u00e7enli \u00f6z \u00e7aklerini has-da gi\u0148eldipdir. Anadolyny e\u00fdelemek \u00fc\u00e7in t\u00fcrkmenleri\u0148 eden harby we g\u00f6\u00e7\u00fc\u015f hereketleri Togrul beg T\u00fcrkmeni\u0148 we \u00c7agry beg T\u00fcrkmeni\u0148 zamanynda ba\u015flanypdy. 1015-1018-nji \u00fdyllarda H\u00e4zirbegjan topraklaryna gelen \u00c7agry beg T\u00fcrkmen Wan hem-de Kars etraplaryna barlag \u00fd\u00f6ri\u015flerini gurap, Anadolyny\u0148 \u00fda\u015famak [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":12040,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[18,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12039"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=12039"}],"version-history":[{"count":4,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12039\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":23769,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12039\/revisions\/23769"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/12040"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=12039"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=12039"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=12039"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}