{"id":12156,"date":"2021-12-05T13:39:14","date_gmt":"2021-12-05T08:39:14","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=12156"},"modified":"2021-12-05T13:39:14","modified_gmt":"2021-12-05T08:39:14","slug":"garassyzlyk-we-baky-bitaraplyk-turkmen-dowletliliginin-gosa-ganatydyr","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=12156","title":{"rendered":"Gara\u015fsyzlyk we baky Bitaraplyk &#8211; t\u00fcrkmen d\u00f6wletliligini\u0148 go\u015fa ganatydyr"},"content":{"rendered":"<p>Gara\u015fsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp be\u00fdgelen ata Watanymyz T\u00fcrkmenistan her bir g\u00fcn\u00fcni to\u00fd-ba\u00fdramlara besl\u00e4p, 2021-nji &#8220;T\u00fcrkmenistan parahat\u00e7ylygy\u0148 we ynany\u015fmagy\u0148 Watany&#8221; \u00fdylynda uly dabara bilen belleniljek d\u00f6wlet \u00f6zygty\u00fdarlygymyzy\u0148 \u015fanly 30 \u00fdyllyk ba\u00fdram\u00e7ylygyna g\u00fcnsa\u00fdyn gola\u00fdla\u015flar. T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow \u015fe\u00fdle di\u00fd\u00fd\u00e4r: &#8220;T\u00fcrkmen d\u00f6wletliligini\u0148 go\u015fa ganaty bolan Gara\u015fsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 t\u00e4ze belentliklerine alyp bar\u00fdan uly g\u00fc\u00fd\u00e7d\u00fcr&#8221;. Milli Liderimizi\u0148 belle\u00fd\u015fi \u00fdaly Gara\u015fsyzlyk we baky Bitaraplyk di\u00fden iki mukaddes d\u00fc\u015f\u00fcnje birle\u015fip, \u00fdurdumyzy \u00f6s\u00fc\u015flere, \u00fde\u0148i\u015fli menzillere alyp bar\u00fdan go\u015fa ganata \u00f6wr\u00fcldi di\u00fdsek hakykatdan da\u015f d\u00fc\u015fmeris.<\/p>\n<p>Gara\u015fsyzlyk, hemi\u015felik Bitaraplyk bu t\u00fcrkmen halkyny\u0148 d\u00f6wletliligini\u0148 go\u015fa ganatydyr. \u015eol go\u015fa ganaty birle\u015fdirip, halkymyzy bagty\u00fdar, bolelin durmu\u015fda \u00fda\u015fad\u00fdan Gahryman Arkadagymyz \u015fe\u00fdle di\u00fd\u00fd\u00e4r: &#8220;Bizi\u0148 \u00fdolumyz d\u00f6retmek \u00fdoludyr. Biz \u015fu \u00fdol bilen Gara\u015fsyz, hemi\u015felik Bitarap d\u00f6wletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp bar\u00fdarys&#8221;. Bil\u015fimiz \u00fdaly, 1991-nji \u00fdyly\u0148 27-nji okt\u00fdabrda d\u00f6wlet Gara\u015fsyzlygyna e\u00fde bolan T\u00fcrkmenistan 1995-nji \u00fdylda bolsa BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 50-nji mejlisinde d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 185 d\u00f6wleti T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji \u00fdyly\u0148 3-nji i\u00fdunynda ge\u00e7en 69-njy mejlisinde bolsa 193 d\u00f6wlet tarapyndan \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygy\u00bb atly Rezol\u00fdusi\u00fdasy ga\u00fdtadan kabul edildi.<\/p>\n<p>Gara\u015fsyz, hemi\u015felik Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00f6s\u00fc\u015fini\u0148 Berkarar d\u00f6wletimizi\u0148 bagty\u00fdarlyk d\u00f6wr\u00fcnd\u00e4ki bedew batly gadamlary Hormatly Prezidentimizi\u0148 durmu\u015fa orna\u015fdyr\u00fdan parasatly d\u00f6wlet sy\u00fdasatyny\u0148, \u015fe\u00fdle-de hem sebiti\u0148 we d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6s\u00fc\u015fine uly \u00fdardam ed\u00fd\u00e4n be\u00fdik ba\u015flangy\u00e7lary\u0148 o\u0148yn netijelerini \u00e4leme \u00e4\u015fg\u00e4r etdi. Berkarar Watanymyz ge\u00e7en sanlyja \u00fdyly\u0148 i\u00e7inde sy\u00fdasatda, ykdysady\u00fdetde, medeniyetde, \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f ulgamlarynda a\u00fdratyn hem da\u015fary sy\u00fdasatda uly \u00f6s\u00fc\u015flere beslenip, d\u00fcn\u00fd\u00e4 derejesind\u00e4ki abra\u00fdyny has hem belende galdyrdy. \u00c4hli d\u00f6wletleri\u0148 durnukly, durmu\u015f-ykdysady \u00f6s\u00fc\u015fini we rowa\u00e7lygyny hem-de d\u00fcn\u00fd\u00e4 halklaryny\u0148 abadan\u00e7ylygyny, parahat\u00e7ylygyny hem-de \u00e4hlumumy howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmegi\u0148 b\u00e4hbidine gi\u0148 halkara hyzmatda\u015flygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimizi\u0148 \u00abA\u00e7yk gapylar\u00bb sy\u00fdasatyny\u0148 esasy ugurlarydyr.<\/p>\n<p>Gara\u015fsyzlygy\u0148 we Bitaraplygy\u0148 sa\u00fdasynda erkana dem al\u00fdan T\u00fcrkmenistan halkara gatna\u015fyklary ulgamynda uly abra\u00fda e\u00fde boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-ni\u0148 sessi\u00fdalarynda di\u0148e t\u00fcrkmen halkyny\u0148 d\u00e4l, e\u00fdsem, d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iligini\u0148 b\u00e4hbitlerini ara\u00fdan, d\u00fc\u00fdb\u00fcnden t\u00e4ze\u00e7illige \u00fdugrulan \u00e7u\u0148 manyly taryhy we d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e4hmi\u00fdetli teklipleri \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fd\u00e4r. Bu teklipler halkara hukugyny\u0148 k\u00e4mille\u015fmegine, parahat\u00e7ylygy\u0148 barha berkemegine, dost-doganlyk gatna\u015fyklaryny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcne \u00fda\u00fdramagyna \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r.Halkymyz taryhy\u0148 d\u00fcrli d\u00f6w\u00fcrlerinde-de asuda \u00fda\u015famagy, go\u0148\u015fy d\u00f6wletler bilen parahat\u00e7ylykly gatna\u015fyklary alyp barmagy\u0148 tarapdary bolupdyr. B\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de uly gyzyklanma we seslenme d\u00f6reden, Demirgazyk \u2014 G\u00fcnorta T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fcsti bilen E\u00fdrana, ondan hem Pars a\u00fdlagyna \u00e7ykalga boljak ulag ge\u00e7elgesini gurmak, T\u00fcrkmenistan \u2014 \u00d6zbegistan \u2014 Gazagystan \u2014 Hyta\u00fd gaz ge\u00e7irijisini\u0148, T\u00fcrkmenistan \u2014 E\u00fdran gaz ge\u00e7irijisini\u0148 i\u015fe girizilmegi, T\u00fcrkmenistan \u2014 Owganystan \u2014 Pakistan \u2014 Hindistan gaz ge\u00e7irijisini\u0148 taslamasyny\u0148 \u00fcst\u00fcnde i\u015flenilmegi, \u015fe\u00fdle hem Azi\u00fda halklaryny\u0148 gatna\u015fyklaryny has-da pugtalandyrjak T\u00fcrkmenistan \u2014 Owganystan \u2014 T\u00e4jigistan demir \u00fdoluny\u0148, Kerki \u2014 Ymamnazar \u2014 Akina polat \u00fdoluny\u0148 birinji tapgyryny\u0148 ulanylmaga berilmegi munu\u0148 a\u00fddy\u0148 subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 &#8220;T\u00fcrkmenistan \u2014 Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoluny\u0148 \u00fd\u00fcregi&#8221; atly kitabynda hem parahat\u00e7ylyks\u00f6\u00fd\u00fcji halkara gatna\u015fyklary kemala getirm\u00e4ge bolan t\u00fcrkmen halkyny\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri dogrusynda s\u00f6z a\u00e7ylyp, ikitarapla\u00fdyn k\u00f6pugurly hyzmatda\u015flyga go\u00fdul\u00fdan sarpa \u015f\u00f6hlelendiril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Milli Liderimizi\u0148 hut \u00f6z\u00fcni\u0148 ba\u015ftutanlygynda Gara\u015fsyz, hemi\u015felik Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 k\u00f6p d\u00f6wletleri bilen diplomatik gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmagy hem-de d\u00f6wletimizi\u0148 halkara guramalaryny\u0148 40-dan gowragyny\u0148 agzasy bolmagy guwandyryjy \u00fdagda\u00fddyr. Hormatly Prezidentimizi\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda alynyp baryl\u00fdan T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasaty bu g\u00fcn \u00f6s\u00fc\u015f depgini, h\u00e4zirki zamany\u0148 hemmetarapla\u00fdyn meselelerini \u00e7\u00f6zm\u00e4ge jogapk\u00e4rli we t\u00e4ze\u00e7il \u00e7emele\u015fmeleri, \u00f6zara b\u00e4hbitli halkara hyzmatda\u015flygy\u0148 t\u00e4ze ugur-\u00fdollaryny g\u00f6zle\u00fd\u00e4ndigi bilen tapawutlan\u00fdar. D\u00fc\u00fdpli halkara ba\u015flangy\u00e7lar we \u00e7u\u0148 \u00f6zgertmeler T\u00fcrkmenistany d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy \u00fdurtlaryny\u0148 hataryna \u00e7ykarmaga, halkara gatna\u015fyklary ulgamynda onu\u0148 mynasyp ornuny \u00fcpj\u00fcn etm\u00e4ge m\u00fcmkin\u00e7ilik ber\u00fd\u00e4r. Bitaraplyk \u00fd\u00f6relgesi bilen t\u00fcrkmen halkymyzy\u0148 milli durmu\u015f kadalaryny\u0148 a\u0148yrsynda bizi\u0148 taryhymyz, d\u00e4plerimiz, ata-babalarymyzy\u0148 parahats\u00f6\u00fd\u00fcjilikli arzuwlary bar. Pederlerimizi\u0148 d\u00f6wlet gurmak we diplomati\u00fda babatdaky d\u00e4pleri d\u00f6wletimizi\u0148 Bitaraplyk derejesini\u0148 hukuk esaslaryny emele getir\u00fd\u00e4r. Bu d\u00e4pler h\u00e4zirki d\u00f6wr\u00fc\u0148 sy\u00fdasy arenasynda \u00f6z t\u00e4sin \u00f6zbolu\u015fly milli sy\u00fdasatyny \u00fd\u00f6red\u00fd\u00e4n d\u00f6wleti \u2014 Gara\u015fsyz, hemi\u015felik Bitarap T\u00fcrkmenistany d\u00f6retmek \u00fc\u00e7in sarsmaz bin\u00fdat boldy. \u015ee\u00fdle bin\u00fdada esaslanyp gurlan d\u00f6wletimiz Berkarar d\u00f6wletimizi\u0148 bagty\u00fdarlyk d\u00f6wr\u00fcnde barha g\u00fcll\u00e4p \u00f6s\u00fd\u00e4r, halkara abra\u00fdy art\u00fdar, halkymyz bolsa erkana durmu\u015fy\u0148 h\u00f6zirini g\u00f6r\u00fcp \u00fda\u015fa\u00fdar. Watanymyzy\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmegi\u0148, parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilikli ba\u015flangy\u00e7lary durmu\u015fa ge\u00e7irmegi\u0148, halkara m\u00f6\u00e7berinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatla\u015fmagy\u0148 we olary \u00e7\u00f6zmegi\u0148 m\u00f6h\u00fcm seri\u015fdesi h\u00f6km\u00fcnde garal\u00fdar. Ak mermerli g\u00f6zel A\u015fgabadymyz ylala\u015fdyryjy merkez, d\u00fcrli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a en\u00e7eme halkara du\u015fu\u015fyklary\u0148 ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00fderi h\u00f6km\u00fcnde gi\u0148den tanal\u00fdar.<\/p>\n<p>Hormatly Prezidentimizi\u0148 ta\u00fdsyz tagallalary bilen, \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary sy\u00fdasat doktrinasy hemi\u015felik Bitaraplyk \u00fd\u00f6relgelerine esaslan\u00fdar. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Merkezi Azi\u00fda \u00fc\u00e7in \u00f6\u0148\u00fcni aly\u015f diplomati\u00fdasy bo\u00fdun\u00e7a sebit merkezini\u0148 pa\u00fdtagtymyz A\u015fgabatda a\u00e7ylmagy m\u00f6h\u00fcm sy\u00fdasy wakadyr. \u00c7\u00fcnki bu merkezi\u0148 a\u00e7ylmagy bilen T\u00fcrkmenistan \u00fdurdumyz sebitde sy\u00fdasy durnuklylygy saklamak, ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylygy, dostlugy we hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek i\u015finde BMG-ny\u0148 ygtybarly we netijeli hyzmatda\u015fyna \u00f6wr\u00fcldi. T\u00fcrkmenleri\u0148 parahat\u00e7ylyk \u00fdollaryny ulanyp, i\u0148 kyn meseleleri hem \u00e7\u00f6zendikleri taryhymyzy\u0148 d\u00fcrli d\u00f6w\u00fcrlerinde \u00f6z be\u00fdanyny tapandyr. Hormatly Prezidentimiz &#8220;Parahat\u00e7ylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy&#8221; atly eserini\u0148 31-nji sahypasynda t\u00fcrkmen diplomati\u00fdasyny\u0148 taryhyndan bir mysal getir\u00fd\u00e4r: &#8220;Bizi\u0148 e\u00fd\u00fdamymyzdan \u00f6\u0148ki 49-njy \u00fdylda t\u00fcrkmenleri\u0148 i\u0148 \u00fdakyn e\u017edatlary \u2014 gunlar Han h\u00f6k\u00fcmdary bilen (Hyta\u00fdy\u0148 taryhynda \u00f6r\u00e4n g\u00fc\u00fd\u00e7li bolan imperi\u00fdalary\u0148 biri) birek-biregi\u0148 \u00fcst\u00fcne \u00e7ozmazlygy bor\u00e7 edinen iki halky\u0148 \u00f6zara gatna\u015fyklaryny kadala\u015fdyran &#8220;Ahdi-pe\u00fdman \u015fertnamasy&#8221; di\u00fdip atlandyrylan \u015fertnamany baglany\u015f\u00fdarlar. \u015eol \u015fertnamada geljek nesillere arkama-arka \u00e4hdi-pe\u00fdmana wepaly bolmak teswirlenipdir.&#8221; Alym Arkadagymyzy\u0148 eserinde belle\u00fd\u015fi \u00fdaly: &#8220;Bu mysal t\u00fcrkmenleri\u0148 \u00f6z taryhyny\u0148 irki d\u00f6w\u00fcrlerinde-de d\u00f6wleti\u0148 we halky\u0148 b\u00e4hbitlerini goramak maksady bilen \u00f6\u0148\u00fcni aly\u015f diplomati\u00fdasyny ulanandygyna \u015fa\u00fdatlyk ed\u00fd\u00e4r&#8221;.<\/p>\n<p>Gara\u015fsyzlyk we baky Bitaraplyk bizi\u0148 milli bu\u00fdsanjymyz, \u00f6s\u00fc\u015flerimizi\u0148 ak \u00fdoly, bagtymyzy\u0148 g\u00f6zba\u015fydyr. Gara\u015fsyzlyk to\u00fdumyz bolsa bizi\u0148 ruhubelentligimizi\u0148 ba\u00fdramydyr.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Jennet HABYBOWA,<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 Halkara ykdysady gatna\u015fyklary fakultetini\u0148 3-nji \u00fdyl talyby.\u00a0<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Gara\u015fsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp be\u00fdgelen ata Watanymyz T\u00fcrkmenistan her bir g\u00fcn\u00fcni to\u00fd-ba\u00fdramlara besl\u00e4p, 2021-nji &#8220;T\u00fcrkmenistan parahat\u00e7ylygy\u0148 we ynany\u015fmagy\u0148 Watany&#8221; \u00fdylynda uly dabara bilen belleniljek d\u00f6wlet \u00f6zygty\u00fdarlygymyzy\u0148 \u015fanly 30 \u00fdyllyk ba\u00fdram\u00e7ylygyna g\u00fcnsa\u00fdyn gola\u00fdla\u015flar. T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow \u015fe\u00fdle di\u00fd\u00fd\u00e4r: &#8220;T\u00fcrkmen d\u00f6wletliligini\u0148 go\u015fa ganaty bolan Gara\u015fsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 t\u00e4ze belentliklerine alyp bar\u00fdan uly [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":12157,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12156"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=12156"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12156\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":12158,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12156\/revisions\/12158"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/12157"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=12156"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=12156"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=12156"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}