{"id":12187,"date":"2023-12-04T11:30:33","date_gmt":"2023-12-04T06:30:33","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=12187"},"modified":"2023-12-05T22:29:26","modified_gmt":"2023-12-05T17:29:26","slug":"baky-bitarap-turkmenistan-3","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=12187","title":{"rendered":"Bitarap T\u00fcrkmenistan"},"content":{"rendered":"<p>Gahryman Arkadagymyz \u00f6z\u00fcni\u0148 aja\u00fdyp kitaplaryny\u0148 biri bolan &#8220;Bitarap T\u00fcrkmenistan&#8221; atly kitabynda &#8220;Bitaraplyk bize ynamly \u00e4dimler bilen \u00f6\u0148e gitm\u00e4ge \u00fdardam ed\u00fd\u00e4n, halkymyzy\u0148 ynsanperwerlik, parahat\u00e7ylyk \u00fd\u00f6relgelerini dabaralandyr\u00fdan, kuwwatly d\u00f6wletimizi\u0148, agzybir milletimizi\u0148, adyny, \u015fan-\u015f\u00f6hratyny d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fda\u00fd\u00fdan gymmatlykdyr&#8221; di\u00fdip ja\u00fddar belle\u00fd\u00e4r. Hakykatdan hem, h\u00e4zirki wagtda \u00f6z\u00fcni\u0148 o\u0148yn Bitaraplyk sy\u00fdasaty esasynda d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletleri bilen dost-doganlyk gatna\u015fyklaryny has-da berkid\u00fd\u00e4n eziz Watanymyzy\u0148 abra\u00fd-mertebesi g\u00fcnsa\u00fdyn belentliklere g\u00f6teril\u00fd\u00e4r. Munu\u0148 \u00f6zi d\u00f6wletimizi\u0148 i\u00e7erki we da\u015farky sy\u00fdasatyny\u0148 utga\u015fykly alnyp baryl\u00fdandygyny\u0148 we onu\u0148 \u00fdokary netijelere e\u00fde bol\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 subutnamasydyr.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmen halkyny\u0148 akyldar \u015fahyry, &#8220;D\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 Elbrusy&#8221; di\u00fdlip atlandyrylan Magtymguly Pyragyny\u0148 &#8220;Bir suprada ta\u00fd\u00fdar kylynsa a\u015flar, G\u00f6teriler ol ykbaly t\u00fcrkmeni\u0148&#8221; di\u00fdip belle\u00fd\u015fi \u00fdaly, 1995-nji \u00fdyly\u0148 12-nji dekabrynda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ykbaly g\u00f6terilip, ba\u015fyna D\u00f6wlet gu\u015fy gondy. \u015eol g\u00fcn eziz Watanymyz Gara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan di\u00fden be\u00fdik adyny b\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4de ykrar etdi. Elbetde, \u00f6z\u00fcni\u0148 b\u00e4\u015f m\u00fc\u0148 \u00fdyllyk taryhyny\u0148 dowamynda Oguz han, Gorkut ata, G\u00f6rogly beg, Togrul beg&#8230; \u00fdaly hanlary\u0148, \u015falary\u0148 mesgeni bolan bu eziz topragymyzda en\u00e7eme d\u00f6wletleri\u0148 we imperi\u00fdalary\u0148 d\u00f6redilmegi, olary\u0148 b\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4de h\u00f6km\u00fcrowanlyk etmegi t\u00fcrkmeni\u0148 adyny\u0148 asyrlary\u0148 dowamynda jahana \u00fda\u0148 salandygyny a\u00fddy\u0148 alamatlandyr\u00fdar. Bu g\u00fcnki g\u00fcnde hem m\u00e4hriban Watanymyzy\u0148 abra\u00fd-mertebesini\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcnde dabaralanmagy bolsa, halkymyzy\u0148 \u00f6z\u00fcni\u0148 gadymy ata-babalaryny\u0148 \u00e4girtlik, d\u00f6wlet gurujylyk we agzybirlik \u00fdaly asylly h\u00e4si\u00fdetlerini dowam etdirip gel\u00fd\u00e4ndigini g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Hormatly Prezidentimiz hem aja\u00fdyp kitaplaryny\u0148 biri bolan \u201c Parahat\u00e7ylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy\u201d atly kitabynda bizi\u0148 d\u00f6wletimizi\u0148 o\u0148yn Bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdynda onu\u0148 m\u00fc\u0148\u00fdyllyklary\u0148 dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologi\u00fdasy, milli a\u0148-d\u00fc\u015f\u00fcnjesi \u00f6z be\u00fdanyny tapandygyny bell\u00e4p ge\u00e7\u00fd\u00e4r. A\u00e7yklyk we ho\u015fni\u00fdetlilik, myhmans\u00f6\u00fderlik we be\u00fdleki milletlere hormat go\u00fdmak di\u0148e bir go\u0148\u015fy halklary\u0148 medeni\u00fdetine, d\u00e4p-dessurlaryna hormat go\u00fdmakda d\u00e4l-de, e\u00fdsem olary\u0148 ylymda we sungat \u00e4leminde gazan\u00fdan \u00fcst\u00fcnliklerine guwan\u00fdandygynda hem \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdandygyny we bu h\u00e4si\u00fdetler bolsa, bizi\u0148 milli a\u00fdratynlygymyza hemi\u015fe mahsusdygyny nygta\u00fdar.<\/p>\n<p>\u015ee\u00fdle-de, \u015fol kitabynda Gahryman Arkadagymyz \u00f6\u0148\u00fcmizde go\u00fd\u00fdan \u00f6r\u00e4n \u00e7yl\u015fyrymly meselelere hem-de wehimlere jogap tapjak bolsa\u0148, taryha we jemgy\u00fdetini\u0148 durmu\u015fyny\u0148 ruhy tarapyna nazar a\u00fdlamasa\u0148 bolma\u00fdandygyny we halkymyzy\u0148 taryhda sungaty\u0148 g\u00fc\u00fdji bilen parahat\u00e7ylygy durmu\u015fymyza orna\u015fdyrandygyny, kyn\u00e7ylykly meseleleri asuda \u00fdol bilen \u00e7\u00f6z\u00fcp bilendigini ja\u00fddar belle\u00fd\u00e4r. \u015eonu\u0148 esasynda \u015e\u00fck\u00fcr bag\u015fyny\u0148 ke\u015fbine \u00fd\u00fczlenmek bilen ondaky edebi gahrymany\u0148 durmu\u015fa has \u00fdakyndygyny, onu\u0148 parlamenti\u0148 wekilini\u0148, geple\u015fikleri ge\u00e7irijini\u0148 we diplomaty\u0148 ke\u015fbidigini a\u00fddyp ge\u00e7\u00fd\u00e4r. Bu \u00fderde g\u00fcrr\u00fc\u0148 meseleleri g\u00fc\u00fd\u00e7 ulanyp \u00e7\u00f6zmegi\u0148 gar\u015fysyna \u00fdaraga da\u00fdanyp d\u00e4l-de, e\u00fdsem, parahat\u00e7ylykly seri\u015fdeleri ulanyp, \u00fde\u0148i\u015f gazanmak we maksada \u00fdetmegi\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigi a\u00e7ylyp g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4r. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda bizi\u0148 ata-babalarymyz bolan gunlary\u0148-da, be\u00fdik Oguz t\u00fcrkmen d\u00f6wletini\u0148-de \u015fe\u00fdle parahat\u00e7ylykly \u00fdollar esasynda diplomatik usullary ulanandygyny ja\u00fddar belle\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, 1995-nji \u00fdyly\u0148 dekabr a\u00fdynda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ykbalynda bu\u00fdsan\u00e7ly wakalary\u0148 biri bolup ge\u00e7di. \u00ddagny Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 kararyna la\u00fdyklykda d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 185 d\u00f6wleti tarapyndan T\u00fcrkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyga e\u00fde bolan g\u00fcni b\u00fctin t\u00fcrkmen halkyny\u0148 taryhyna altyn harplar bilen \u00fdazylan waka boldy. \u015eondan sanlyja \u00fdyl ge\u00e7enden so\u0148ra, 2015-nji \u00fdyly\u0148 3-nji i\u00fdunynda BMG-ni\u0148 193 d\u00f6wleti tarapyndan \u00fdurdumyza ikinji gezek hemi\u015felik Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyk derejesine e\u00fde bolmagy bilen eziz \u00fdurdumyz \u00f6s\u00fc\u015fleri\u0148 bedew bady bilen \u00f6\u0148e ilerledi. Da\u015fary sy\u00fdasatda go\u0148\u015fy d\u00f6wletler bilen dostlukly gatna\u015fyklarda o\u0148yn netijeler gazanyldy.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistan d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iligini\u0148 nazarynda dost \u2013 doganlygy\u0148 mekany hasaplan\u00fdar. Go\u0148\u015fy d\u00f6wletler bilen \u00fdola go\u00fdul\u00fdan dostlukly gatna\u015fyklar \u00fdyl-\u00fdyldan has-da berke\u00fd\u00e4ndigi hem mu\u0148a a\u00fddy\u0148 mysal bolup dur\u00fdar. Bitaraplyk \u00fdyllary i\u00e7inde \u00fdurdumyz tanalmaz derejede \u00f6zgerdi we birn\u00e4\u00e7e maksatmanala\u00fdyn i\u015fler durmu\u015fa ge\u00e7irildi. \u00c4hli pudaklarda \u015fol sanda ylym-bilim, saglyk, ykdysady\u00fdet, medeni, oba hojalyk pudaklarynda bu\u00fdsandyryjy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 \u201cD\u00f6wlet adam \u00fc\u00e7indir\u201d di\u00fden \u015fygary d\u00f6wletimizi\u0148 ba\u015f \u00fd\u00f6relgesine \u00f6wr\u00fcldi.<\/p>\n<p>2015-nji \u00fdyly\u0148 12-nji dekabrynda d\u00f6wletimiz hemi\u015felik Bitaraplyk derejesini\u0148 20 \u00fdyllygyny dabaraly \u00fdagda\u00fdda belledi. 2017-nji \u00fdyly\u0148 2-nji fewralynda BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimizi\u0148 ba\u015flangyjy esasynda 12-nji dekabry \u00abHalkara Bitaraplyk g\u00fcni\u00bb di\u00fdip yglan etmek baradaky Rezol\u00fdusi\u00fdasyny\u0148 kabul edilmegi, T\u00fcrkmenistany\u0148 milli Liderini\u0148 we d\u00f6wletimizi\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesini\u0148 halkara abra\u00fdyny tassykla\u00fdan bu\u00fdsan\u00e7ly wakadyr.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 her bir ra\u00fdaty \u00fc\u00e7in Bitaraplyk t\u00fcrkmen d\u00f6wletini\u0148 taryhynda i\u0148 bir \u015fanly wakalary\u0148 birine \u00f6wr\u00fcldi. Bitaraplyk derejesi halkymyza \u00fde\u0148i\u015flere beslenen \u015f\u00f6hratly we a\u00fddy\u0148 \u00fdoly a\u00e7yp berdi. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 parasatly ba\u015flangy\u00e7lary esasynda d\u00f6wletimizi\u0148 Bitaraplyk derejesini\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti barha art\u00fdar hem-de halkara gatna\u015fyklarynda hyzmatda\u015flyklary\u0148 gerimi gi\u0148e\u00fd\u00e4r. Munu\u0148 \u015fe\u00fdledigine \u00fdurdumyzy\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletlerini\u0148 140-dan gowragy bien diplomatik gatna\u015fyklary alyp bar\u00fdandygy \u015fe\u00fdle hem abra\u00fdly halkara guramalaryny\u0148, konwensi\u00fdalary\u0148 50-\u00e4 gola\u00fdyny\u0148 agzasydygy a\u00fddy\u0148 \u015fa\u00fdatlyk ed\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdle-de BMG-ni\u0148 Merkezi Azi\u00fda \u00fc\u00e7in \u00f6\u0148\u00fcni aly\u015f diplomati\u00fdasy bo\u00fdun\u00e7a sebit merkezi a\u00e7yldy.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em> Bahar Ha\u00fdtanowa,<\/em><\/strong><br \/>\n<em><strong>T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148 \u00fder gurlu\u015fygy we kadastry h\u00fcn\u00e4rini\u0148 4-nji \u00fdyl talyby\u00a0<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Gahryman Arkadagymyz \u00f6z\u00fcni\u0148 aja\u00fdyp kitaplaryny\u0148 biri bolan &#8220;Bitarap T\u00fcrkmenistan&#8221; atly kitabynda &#8220;Bitaraplyk bize ynamly \u00e4dimler bilen \u00f6\u0148e gitm\u00e4ge \u00fdardam ed\u00fd\u00e4n, halkymyzy\u0148 ynsanperwerlik, parahat\u00e7ylyk \u00fd\u00f6relgelerini dabaralandyr\u00fdan, kuwwatly d\u00f6wletimizi\u0148, agzybir milletimizi\u0148, adyny, \u015fan-\u015f\u00f6hratyny d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fda\u00fd\u00fdan gymmatlykdyr&#8221; di\u00fdip ja\u00fddar belle\u00fd\u00e4r. Hakykatdan hem, h\u00e4zirki wagtda \u00f6z\u00fcni\u0148 o\u0148yn Bitaraplyk sy\u00fdasaty esasynda d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletleri bilen dost-doganlyk gatna\u015fyklaryny has-da berkid\u00fd\u00e4n eziz Watanymyzy\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":11855,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12187"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=12187"}],"version-history":[{"count":3,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12187\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":19957,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12187\/revisions\/19957"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/11855"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=12187"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=12187"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=12187"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}