{"id":12191,"date":"2024-05-07T07:57:02","date_gmt":"2024-05-07T02:57:02","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=12191"},"modified":"2024-05-07T07:57:58","modified_gmt":"2024-05-07T02:57:58","slug":"turkmenistan-tebigy-baylyklara-bay-mekan","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=12191","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistan &#8211; tebigy ba\u00fdlyklara ba\u00fd mekan"},"content":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcnde &#8220;Gara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan&#8221; ady bilen tanal\u00fdan d\u00f6wlet bolan eziz Watanymyzy\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty bu g\u00fcnki g\u00fcnde d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcne \u00fda\u0148 salyar. Munu\u0148 \u00f6zi Di\u00fdarymyzy\u0148 \u00e4hli babatda \u00fdokary \u00f6s\u00fc\u015fleri gazanyp, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy \u00fdurtlary bilen i\u015fje\u0148 hyzmatda\u015flyklary \u00fdola go\u00fd\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 netijesidir. H\u00e4zirki wagtda \u00fdurdumyzda \u00e4hli ulgamlar bilen birlikde nebit-gaz pudagynda hem uly \u00f6s\u00fc\u015fler gazanyl\u00fdar. T\u00e4ze nebitli-gazly \u00fdataklar a\u00e7ylyp, ulanmaga beril\u00fd\u00e4r, nebitgaz \u00f6n\u00fcmlerini ga\u00fdtadan i\u015fle\u00fd\u00e4n t\u00e4ze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalary durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>\u00ddurdumyzda \u201cmawy \u00fdangyjy\u0148\u201d \u00e7ykaryly\u015fyny\u0148 m\u00f6\u00e7berlerini artdyrmak, bar bolan gu\u00fdulary\u0148 \u00f6n\u00fcm beri\u015fini \u00fdokarlandyrmak hem-de \u00f6\u0148debaryjy tehnologi\u00fdalary ulanmak arkaly t\u00e4ze gu\u00fdulary \u00f6zle\u015fdirmek bo\u00fdun\u00e7a toplumla\u00fdyn i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Da\u015fary \u00fdurtly hyzmatda\u015flar bilen hem-de \u201cGalkyny\u015f\u201d gaz k\u00e4nini \u00f6zle\u015fdirmek bo\u00fdun\u00e7a birn\u00e4\u00e7e maksatnamala\u00fdyn i\u015fleri\u0148 \u00fdola go\u00fdulmagy bu ugurdan \u00fdokary netijeleri gazanyl\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 alamatydyr. Bu babatda tebigy gazy ga\u00fdtadan i\u015flemek, onu\u0148 da\u015fary \u00fdurtlara iberil\u00fd\u00e4n m\u00f6\u00e7berini artdyrmak bilen baglany\u015fykly meseleleri\u0148 o\u0148yn \u00e7\u00f6z\u00fclmegi milli ykdysady\u00fdetimizi\u0148 kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatda\u015flygyny\u0148 netijeli h\u00e4si\u00fdete e\u00fde bolmagyny \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4r. \u015eo\u0148a g\u00f6r\u00e4-de, hormatly Prezidentimiz \u00f6z\u00fcni\u0148 \u00e7yky\u015flarynda bu ugurda alnyp baryl\u00fdan i\u015fleri\u0148 h\u00e4zirki zamany\u0148 \u00f6sen tejribesine we ylmy\u0148 \u00fdokary gazananlaryna hem-de t\u00e4ze\u00e7il tehnologi\u00fdalara esaslanmalydygyny belle\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Nebitgaz \u00fdataklaryny\u0148 \u00f6nd\u00fcrijiligini \u00fdokarlandyrmak hem-de geljegi uly t\u00e4ze uglewodorod \u00fdataklaryny g\u00f6zl\u00e4p tapmak we \u00fd\u00fcze \u00e7ykarmak, \u015folary \u00f6zle\u015fdirmek hem-de gazylyp alyn\u00fdan \u00e7ig maly\u0148 mukdaryny artdyrmak ugrunda \u00e4hli zerur \u00e7\u00e4reler durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r. Bu i\u015fler pudagy\u0148 kuwwatyny artdyrmak, onu\u0148 d\u00fcz\u00fcmlerine innowasion sanly tehnologi\u00fdalary orna\u015fdyrmak hem-de da\u015fary \u00fdurt ma\u00fda go\u00fdumlaryny \u00e7ekmek bo\u00fdun\u00e7a \u00f6\u0148de go\u00fd\u00fdan wezipelerini\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli \u00fderine \u00fdetirilmegine g\u00f6n\u00fckdiril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda \u00fdurdumyzy\u0148 nebit senagaty \u00f6\u0148debaryjy, d\u00fc\u015few\u00fcntli pudaklary\u0148 birine \u00f6wr\u00fcl\u00fd\u00e4r. Bu T\u00fcrkmenistany\u0148 d\u00f6wlet sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 biridir. Bu pudagy\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde dur\u00fdan \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik wezipelerini\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli \u00fderine \u00fdetirilmegini\u0148 degi\u015fli d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 mali\u00fde-ykdysady g\u00f6rkezijilerini \u00fdokarlandyrmaga bol\u015fy \u00fdaly, milli ykdysady\u00fdetimizi\u0148 kuwwatlanmagyna o\u0148at t\u00e4sirini \u00fdetirer. \u00dcst\u00fcmizd\u00e4ki \u00fdyly\u0148 ba\u015fynda hormatly Prezidentimizi\u0148 hasabat d\u00f6wr\u00fcnde nebiti ga\u00fdtadan i\u015flemegi\u0148 me\u00fdilnamasy 101,7 g\u00f6terim berja\u00fd edildi. \u015eunda d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fd\u00e4ki benzini \u00f6nd\u00fcrmegi\u0148 me\u00fdilnamasy 104,5 g\u00f6terim, dizel \u00fdangyjyny \u00f6nd\u00fcrmegi\u0148 me\u00fdilnamasy 104,4 g\u00f6terim, polipropilen \u00f6nd\u00fcrmegi\u0148 me\u00fdilnamasy 102,2 g\u00f6terim berja\u00fd edildi. Suwuklandyrylan gaz \u00f6nd\u00fcrmekde \u00f6s\u00fc\u015f 117,3 g\u00f6terime de\u0148 boldy.<\/p>\n<p>\u00ddurdumyzda bu ulgam bo\u00fdun\u00e7a \u00fd\u00f6rite h\u00fcn\u00e4rmenleri ta\u00fd\u00fdarla\u00fdan \u00fdokary okuw mekdebi hem hereket ed\u00fd\u00e4r. Halkara nebit we gaz uniwersitetini\u0148 2020-2021-nji okuw \u00fdyly \u00fc\u00e7in tassyklanan me\u00fdilnamasyna la\u00fdyklykda, h\u00fcn\u00e4rmenler 23 ugur bo\u00fdun\u00e7a ta\u00fd\u00fdarlanyl\u00fdar hem-de b\u00e4\u015f ugur bo\u00fdun\u00e7a bakalawrlary ta\u00fd\u00fdarlamak okuwlary alnyp baryl\u00fdar. \u015ee\u00fdle hem nebithimi\u00fda we gazhimi\u00fda senagaty \u00fc\u00e7in in\u017eener-himi\u00fda, standartla\u015fdyrmak, sertifikasi\u00fdala\u015fdyrmak, in\u017eener-tehnologi\u00fda, in\u017eener-ekologi\u00fda ugurlary bo\u00fdun\u00e7a h\u00fcn\u00e4rmenleri\u0148 ta\u00fd\u00fdarlanyl\u00fdar.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda nebitgaz toplumyny \u00f6sd\u00fcrmek, \u00fdangy\u00e7-energetika toplumyna ylmy\u0148 so\u0148ky gazananlaryny, h\u00e4zirki zaman \u00f6\u0148debaryjy tehnologi\u00fdalary we halkara tejribesini orna\u015fdyrmak, da\u015fary \u00fdurt ma\u00fda go\u00fdumlaryny \u00e7ekmek, tebigy gazy\u0148, nebiti\u0148 gazylyp alny\u015fyny\u0148, olary\u0148 ga\u00fdtadan i\u015flenmegi netijesinde alyn\u00fdan \u00f6n\u00fcmleri\u0148 \u00f6nd\u00fcrili\u015fini\u0148 mukdaryny artdyrmak bo\u00fdun\u00e7a \u00f6r\u00e4n uly i\u015fler durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdle hem nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit \u00e7ykaryjy k\u00e4rhanalary\u0148, geologi\u00fda-g\u00f6zleg edaralary\u0148 maddy-enjamla\u00fdyn \u00fcpj\u00fcn\u00e7iligi gowulandyrylmak, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik desgalarynda ge\u00e7irilmegi zerur abatla\u00fdy\u015f we durkuny t\u00e4zelemek i\u015flerini\u0148 mali\u00fde \u00e7e\u015fmeleri barada hem-de t\u00e4ze taslamalara da\u015fary \u00fdurt ma\u00fda go\u00fdumlaryny \u00e7ekmek barada anyk teklipler ta\u00fd\u00fdarlanyl\u00fdar. 27-28-nji okt\u00fdabrda bolsa A\u015fgabatda \u201cT\u00fcrkmenistany\u0148 nebiti we gazy \u2014 2021\u201d atly XXVI halkara forum ge\u00e7irildi. Bu foruma 32 d\u00f6wleti\u0148 100-e gola\u00fd kompani\u00fdalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatna\u015fdy. Munu\u0148 \u00f6zi nebit-gaz ulgamy bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4de \u00f6\u0148debaryjy \u00fdurtlary\u0148 biri bolan eziz Watanymyzy\u0148 bu ugurda has-da \u00fdokary \u00f6s\u00fc\u015flere e\u00fde bol\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 alamatydyr.<\/p>\n<p>Gara\u015fsyz, baky Bitarap Di\u00fdarymyzy\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcnd\u00e4ki abra\u00fd-mertebesini \u00fdokary belentliklere g\u00f6ter\u00fd\u00e4n hormatly Prezidentimizi\u0148 jany sag, ba\u015fy dik bolsun! Berkarar Watanymyzy\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de g\u00fcll\u00e4p \u00f6smegini\u0148 b\u00e4hbidine alyp bar\u00fdan \u00e4hli i\u015flerinde uly rowa\u00e7lyklar \u00fdar bolsun!<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><b><i>D\u00f6wletm\u00e4mmet Azady adyndaky T\u00fcrkmen Milli d\u00fcn\u00fd\u00e4 dilleri institutyny\u00f1 talyby\u00a0<\/i><\/b><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><b><i>Hajymyradow Annanur<\/i><\/b><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcnde &#8220;Gara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan&#8221; ady bilen tanal\u00fdan d\u00f6wlet bolan eziz Watanymyzy\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty bu g\u00fcnki g\u00fcnde d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcne \u00fda\u0148 salyar. Munu\u0148 \u00f6zi Di\u00fdarymyzy\u0148 \u00e4hli babatda \u00fdokary \u00f6s\u00fc\u015fleri gazanyp, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy \u00fdurtlary bilen i\u015fje\u0148 hyzmatda\u015flyklary \u00fdola go\u00fd\u00fdandygyny\u0148 a\u00fddy\u0148 netijesidir. H\u00e4zirki wagtda \u00fdurdumyzda \u00e4hli ulgamlar bilen birlikde nebit-gaz pudagynda hem uly \u00f6s\u00fc\u015fler gazanyl\u00fdar. T\u00e4ze nebitli-gazly \u00fdataklar [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":12220,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[16,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12191"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=12191"}],"version-history":[{"count":5,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12191\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":22344,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12191\/revisions\/22344"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/12220"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=12191"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=12191"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=12191"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}