{"id":12897,"date":"2021-12-30T22:37:18","date_gmt":"2021-12-30T17:37:18","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=12897"},"modified":"2021-12-30T22:37:18","modified_gmt":"2021-12-30T17:37:18","slug":"sohraty-dunya-dolan-turkmen-soltany-jelaleddin","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=12897","title":{"rendered":"\u015e\u00f6hraty d\u00fcn\u00fd\u00e4 dolan t\u00fcrkmen soltany Jelaleddin"},"content":{"rendered":"<p>Milli taryhymyza k\u00f6k uran t\u00fcrkmen soltany Jelaleddini\u0148 ady, edermenligi, garadanga\u00fdtmaz maksadaokgunlylygy, watans\u00f6\u00fd\u00fcjiligi, ynsanperwerligi hem-de belent adamk\u00e4r\u00e7iligi mertebe m\u00fcnberinde uly sarpany\u0148 e\u00fdesidir. Bu hakykat Hormatly Prezidentimizi\u0148 birn\u00e4\u00e7e kitabynda anyk mazmunda a\u00fddy\u0148 \u015f\u00f6hlelen\u00fd\u00e4r. Esasan-da, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz \u201cMertler Watany be\u00fdgeld\u00fd\u00e4r\u201d atly kitabynda t\u00fcrkmeni\u0148 serkerde soltany Jelaleddini\u0148 adyny bu\u00fdsan\u00e7 bilen hatyrala\u00fdar. Munu\u0148 \u00f6zi \u00e7eper eseri\u0148 \u00f6z\u00fcne \u00e7ekiji ruhy g\u00fc\u00fdj\u00fcni\u0148 taryhy \u015fahsy\u00fdetleri\u0148 ke\u015fplerini\u0148 d\u00f6redili\u015f, a\u00e7yly\u015f derejesi we onda ulanyl\u00fdan \u00e7eper\u00e7ilik seri\u015fdelerini\u0148 milletimizi\u0148 d\u00fcrd\u00e4ne dilini\u0148, nakyllary\u0148 hem-de atalar s\u00f6zlerini\u0148, d\u00e4p-dessur, adat bilen bagly wakalary\u0148 ulanyly\u015f a\u00fdratynlygyna baglydygyny \u00e4\u015fg\u00e4r ed\u00fd\u00e4r. \u201cMertler Watany be\u00fdgeld\u00fd\u00e4r\u201d di\u00fden aja\u00fdyp eserinde Hormatly Prezidentimiz okyjyny\u0148 \u00fcns\u00fcni bir taryhy hakykaty\u0148 j\u00fcmm\u00fc\u015finde jemle\u00fd\u00e4r: \u201cGadymda bina edilen Horezm \u015falygyny\u0148 h\u00f6k\u00fcmdarlaryny\u0148 biri Jelaleddin soltany\u0148 \u00c7ingiz hany\u0148 ba\u015ftutanlygyndaky rehimsiz s\u00f6we\u015fijilere n\u00e4hili zarba urandygyny bil\u00fd\u00e4nsi\u0148iz. Bu halkymyzy\u0148 bu\u00fdsan\u00e7ly taryhydyr. Jelaleddin soltany\u0148 atly s\u00f6we\u015fijileri go\u015funy\u0148 i\u00e7ine b\u00f6ws\u00fcp girip, urdum- ga\u00e7dy o\u00fdnuny ed\u00fd\u00e4rler. G\u00fc\u00fd\u00e7li hem ta\u00fd\u00fdarlykly go\u015fun yza \u00e7ekilmeli bol\u00fdar. Halkymyzy\u0148 edermen ger\u00e7egi Jelaleddini\u0148 atlylary du\u015fmana esli wagt, \u00fdazylganlyk berme\u00fd\u00e4rler. Olary g\u00fc\u00fd\u00e7den ga\u00e7yr\u00fdar, elinden gelenini edip, gahryman\u00e7ylyk g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. Ahyrynda az sanly ur\u015fujysy bilen m\u00f6w\u00e7li der\u00fdany\u0148 kert\u00a0 kenarynda gal\u00fdar, du\u015fmanlar ol n\u00e4derk\u00e4 di\u00fdip, he\u015felle kakmaga ba\u015fla\u00fdarlar. Batyr soltan \u00f6z\u00fcni aty bilen der\u00fda okla\u00fdar. Mert bedew \u00fd\u00fcz\u00fcp, ony der\u00fdany\u0148 be\u00fdleki kenaryna alyp \u00e7yk\u00fdar. Ony synlap duran du\u015fmanlar ha\u00fdran gal\u00fdarlar. Onu\u0148 yzyndan kowmaga bolsa olary\u0148 hi\u00e7 birini\u0148- de ga\u00fdraty \u00e7atma\u00fdar. Jelaleddin gahar \u2013 gazap bilen, olary\u0148 parahat oturan ilata s\u00fctem ed\u00fd\u00e4ndikleri \u00fc\u00e7in, \u00fdene s\u00f6we\u015fm\u00e4ge hyjuwlanypdyr. Ol t\u00e4 ahyrky demine \u00e7enli parahat \u00fda\u015fa\u00fd\u015fy, adalaty gorapdyr. Batyr soltany\u0148 ady rowa\u00fdata \u00f6wr\u00fclipdir. Jelaleddini\u0148 ady \u00fdakyn-u-alysa \u00fda\u00fdrapdyr.\u201d \u00c7awy \u00fdedi yklyma \u00fda\u00fdran arslan \u00fd\u00fcrekli Jelaleddini \u00c7ingiz han tarapyndan gara bulut \u00fdaly abanyp gel\u00fd\u00e4n howp hi\u00e7 hili hopukdyrmandyr. Ejizlik, gorky \u00fdaly ruhu\u0148y gara\u0148kyrad\u00fdan n\u00e4rselerden \u00fd\u00fcreginde zerre \u00fdaly du\u00fdgy bolmadyk Jelaleddini\u0148 adyny rowa\u00fdatlara \u00f6wren edermenligi \u00c7ingiz hany\u0148 \u00fd\u00fcregini ahmyr bilen elendiripdir.<\/p>\n<p>Ady \u00e4leme me\u015fhur t\u00fcrkmen ger\u00e7egini\u0148 edermenligi hakynda orta asyr taryh\u00e7ylaryndan ba\u015flap, so\u0148ky d\u00f6wr\u00fc\u0148 \u00fdazarlaryna \u00e7enli \u00f6r\u00e4n k\u00f6p eserleri d\u00f6redipdirler. Jelaleddin Menguberdini\u0148 \u00f6\u0148deng\u00f6r\u00fcjiligi, mertligi, ugurtapyjylygy, s\u00f6we\u015f t\u00e4rleri, adalatlylygy, ge\u00e7irimliligi onu\u0148 k\u00e4tibi bolup, s\u00f6we\u015f hereketlerini, durmu\u015f wakalaryny edebi mirasymyzy\u0148 gatlarynda ebedile\u015fdiren Muhammet ibn Ahmet an-Nesewini\u0148 t\u00fcrkmen serkerdesine bagy\u015flap \u00fdazan kitabynda has a\u00fddy\u0148 \u015f\u00f6hlelen\u00fd\u00e4r. Onda bellenili\u015fine g\u00f6r\u00e4, Jelaleddin gara\u00fdagyz, ortadan uzyn bo\u00fdly, zybany t\u00fcrkmen, emma pars dilini hem suwara bil\u00fd\u00e4n, ga\u00fdduwsyz, garadanga\u00fdtmaz, dana, salyhatly, adalatly serkerde. Soltan ruhubelent \u015fahsy\u00fdet. Onu\u0148 ruhubelentligi, kyn pursatlarda hem \u00f6z\u00fcni \u00fditirm\u00e4n, esgerlerini\u0148 hem ruhuny g\u00f6terip bil\u00fd\u00e4ndigi Nusa\u00fda baranyndaky \u00fdowuz g\u00fcnlerde, \u015fe\u00fdle hem Grigol Aba\u015fidz\u00e4ni\u0148 \u201cUzaga \u00e7eken t\u00fcml\u00fck\u201d atly kitabynda be\u00fdan edil\u00fd\u00e4n G\u00fcrj\u00fcstany\u0148 serhedind\u00e4ki \u00e7ykmasy \u00f6r\u00e4n kyn hem howply, di\u0148e dik ga\u00fdalardan hem-de u\u00e7utlardan ybarat Garnis dagyna \u00e7ykmaly bolandaky wakalarda has anyk \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>D\u00f6wletmyrat Tejenow, <\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>T\u00fcrkmen d\u00f6wlet ykdysady\u00fdet we dolandyry\u015f <\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>institutyny\u0148 Mali\u00fde fakultetini\u0148 2-nji \u00fdyl talyby. <\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Milli taryhymyza k\u00f6k uran t\u00fcrkmen soltany Jelaleddini\u0148 ady, edermenligi, garadanga\u00fdtmaz maksadaokgunlylygy, watans\u00f6\u00fd\u00fcjiligi, ynsanperwerligi hem-de belent adamk\u00e4r\u00e7iligi mertebe m\u00fcnberinde uly sarpany\u0148 e\u00fdesidir. Bu hakykat Hormatly Prezidentimizi\u0148 birn\u00e4\u00e7e kitabynda anyk mazmunda a\u00fddy\u0148 \u015f\u00f6hlelen\u00fd\u00e4r. Esasan-da, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz \u201cMertler Watany be\u00fdgeld\u00fd\u00e4r\u201d atly kitabynda t\u00fcrkmeni\u0148 serkerde soltany Jelaleddini\u0148 adyny bu\u00fdsan\u00e7 bilen hatyrala\u00fdar. Munu\u0148 \u00f6zi \u00e7eper eseri\u0148 \u00f6z\u00fcne \u00e7ekiji ruhy g\u00fc\u00fdj\u00fcni\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":12898,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[16,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12897"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=12897"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12897\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":12899,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12897\/revisions\/12899"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/12898"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=12897"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=12897"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=12897"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}