{"id":12980,"date":"2022-01-03T22:03:50","date_gmt":"2022-01-03T17:03:50","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=12980"},"modified":"2022-01-05T23:15:36","modified_gmt":"2022-01-05T18:15:36","slug":"akylly-it-inlis-hekayasy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=12980","title":{"rendered":"Akylly it (I\u0148lis heka\u00fdasy)"},"content":{"rendered":"<p>Bir wagtlar \u00f6z i\u015fleri bilen g\u00fcmra bolup \u00fd\u00f6ren gassap d\u00fckany\u0148 i\u00e7inde bir iti\u0148 girip gel\u00fd\u00e4ndigini g\u00f6r\u00fcpdir. Ol mu\u0148a gaty gaharlanyp, iti d\u00fckandan kowmak bilen bol\u00fdar. Emma it biraz salymdan \u00fdene dolanyp gel\u00fd\u00e4r. Gassap iti n\u00e4ler kowjak bolup synany\u015fsa-da bary \u015fowsuz bol\u00fdar. It hemi\u015feki \u00fdaly \u00fdene d\u00fckana dolanyp yzyna gel\u00fd\u00e4r. Gassap birden iti\u0148 \u00fdanyna gola\u00fd baryp duranda, onu\u0148 agzynda kagyza \u00fdazylgy n\u00e4medir bir zatlary\u0148 bardygyny g\u00f6r\u00fd\u00e4r. Onda: \u201c12 sany kolbasa we bir sany guzy etini alyp bilerinmi? Iti\u0148 agzynda pul bar.\u201d di\u00fden \u00fdazgyny oka\u00fdar. Gassap \u00fdazgyny okap bolanso\u0148 \u00fda\u0148ky it agzyndaky puly o\u0148a uzat\u00fdar. Gassap bu t\u00e4sin hadysa ha\u00fdranlar gal\u00fdar. Ol puly alyp, \u00fdazgydaky harytlary gapgaryp, iti\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde go\u00fd\u00fdar. It bolsa \u00fda\u0148ky harytly horjuny agzyna alyp \u00f6z \u00fdoluna gidiber\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Bolup ge\u00e7en zatlar gassapda uly t\u00e4sir galdyr\u00fdar. D\u00fckany\u0148 \u00fdapyljak wagty gola\u00fdlanso\u0148, ol d\u00fckany \u00fdapyp, iti\u0148 yzyna d\u00fc\u015fmek kararyna gel\u00fd\u00e4r. Ol iti\u0148 yzy bilen birn\u00e4\u00e7e k\u00f6\u00e7elerden ge\u00e7\u00fd\u00e4r. So\u0148ra it \u00fdolu\u0148 ugrundaky awtobus duralgasynda saklan\u00fdar we yzygider gel\u00fd\u00e4n awtobuslary\u0148 tertibine seredip ugra\u00fdar. Gassap mu\u0148a ge\u0148 galyjylyk bilen sered\u00fd\u00e4r. It awtobusy\u0148 gel\u00fd\u00e4n wagt tertibini barla\u00fdar, so\u0148 bolsa duralgadaky oturgy\u00e7lary\u0148 birinde otur\u00fdar. Birn\u00e4\u00e7e wagtdan so\u0148 \u00fdene awtobus gel\u00fd\u00e4r. It derrew \u00fderinden turup, awtobusy\u0148 \u00f6\u0148\u00fcne a\u00fdlan\u00fdar, onu\u0148 san belgisine sered\u00fd\u00e4r we \u00fdene \u00fderine ge\u00e7ip otur\u00fdar. Duralga \u00fdene-de ba\u015fga bir awtobus gel\u00fd\u00e4r. It \u00fdene \u00fda\u0148ky hereketlerini ga\u00fdtala\u00fdar. Ol dogry awtobusdygyny g\u00f6ren badyna o\u0148a b\u00f6k\u00fcp m\u00fcn\u00fdar. Gassap hem ony yzarlamagyny dowam ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Esli salymdan so\u0148 it agzyndaky azyk \u00f6n\u00fcmleri bilen awtobusdan d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. It gi\u0148 \u00fdolu\u0148 ugry bo\u00fdun\u00e7a \u00fd\u00f6r\u00e4p bir \u00f6\u00fd\u00fc\u0148 de\u0148inde saklan\u00fdar. Gassap hem onu\u0148 yzyndan galman gel\u00fd\u00e4r. It alan harytlaryny gapy\u0148 agzynda go\u00fd\u00fdar. So\u0148ra \u00fdoldan yza tarap ga\u00fdd\u00fdar we batly ylgap gapydan \u00f6z\u00fcni zy\u0148\u00fdar. Ol bu t\u00e4sin hereketini birn\u00e4\u00e7e gezek ga\u00fdtala\u00fdar. Emma \u00f6\u00fdde jogap \u00fdok. It bolsa tamasy \u00fcz\u00fclen \u00e7aga de\u00fd \u00fduwa\u015fjadan \u00fd\u00f6r\u00e4p, howlu\u0148 gola\u00fdyna bar\u00fdar. Ol ondan b\u00f6k\u00fcp howludaky uly \u015fahaly agajy\u0148 \u00fcst\u00fcnden b\u00f6k\u00fcp, penjir\u00e4 kellesini birn\u00e4\u00e7e gezek ur\u00fdar. Ol yzyna ga\u00fddyp, gapyda gara\u015f\u00fdar. Gassap bir da\u00fdaw \u00fdigidi\u0148 gapyny a\u00e7andygyny g\u00f6r\u00fd\u00e4r. Ol gapyny a\u00e7an dessine iti kemsidip, ony dep\u00fd\u00e4r we ur\u00fdar. Gassap muny g\u00f6r\u00fcp, \u201cHuda\u00fdy\u0148 haky \u00fc\u00e7in sen saklan, \u00fdigit! It zehinlidir.\u201d di\u00fdip \u00fdigidi sakla\u00fdar. \u00ddigit bolsa: \u201cSen mu\u0148a akylly di\u00fd\u00fd\u00e4rsi\u0148mi? Bu samsyk ha\u00fdwan \u015fu hepde ikinji gezek a\u00e7aryny \u00fdadyndan \u00e7ykarypdyr.\u201d di\u00fdip, iti depip go\u00fdber\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Durmu\u015fda adamlar \u00f6zlerinde bar zatlar bilen hi\u00e7 wagt kanagatlanma\u00fdarlar. Mu\u0148a \u00fd\u00f6neke\u00fdje i\u015f\u00e7i we hoja\u00fdyn mysalynda seretmek m\u00fcmkin. Hoja\u00fdyn birn\u00e4\u00e7e \u00fdyllar z\u00e4hmet \u00e7ek\u00fd\u00e4n i\u015f\u00e7isine gowy baha we minnetdarlyk berip bilme\u00fd\u00e4ndigi seb\u00e4pli \u00f6z i\u015flerind\u00e4ki gowy adamlary \u00fditir\u00fd\u00e4ndiklerini g\u00f6rmek bol\u00fdar. K\u00e4wagt \u015fe\u00fdle adamlary\u0148 hondanb\u00e4rsi we be\u00fdlekilerden \u00f6z\u00fcni \u00fdokary tut\u00fdan h\u00e4si\u00fdetleri olary uly \u00fdal\u0148y\u015flyklara hem eltip bil\u00fd\u00e4r. Hat-da olar be\u00fdleki adamlary\u0148 pikirlerini asla di\u0148leme\u00fd\u00e4rler. Be\u00fdle h\u00e4si\u00fdet ynsany hi\u00e7 wagt bagta we be\u00fdik maksatlara \u00fdetirmez. Bagtly we \u00f6nd\u00fcrijilikli adamlar \u201c\u00f6z\u00fcm \u00fc\u00e7in\u201d d\u00e4l-de, e\u00fdsem \u201cba\u015fgalar \u00fc\u00e7in, Watanym \u00fc\u00e7in\u201d pe\u00fddaly bolsun pikirinde bol\u00fdarlar. Gadymy grek kitaplarynda hem bellenili\u015fi \u00fdaly, \u201c\u00ddolba\u015f\u00e7y bolmak isle\u00fd\u00e4n adam, ilki bilen halka hyzmat etmeli. Olara \u00fdardam bermek, olary bagtly etmek seni \u00fcst\u00fcnlige we \u00fdagty geljege atarar.\u201d<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>I\u0148lis dilinden terjime eden,<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Jennet ATA<\/strong><strong>\u00dd<\/strong><strong>EWA,<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>T<\/strong><strong>\u00fc<\/strong><strong>rkmen D<\/strong><strong>\u00f6<\/strong><strong>wlet Ykdysady<\/strong><strong>\u00fd<\/strong><strong>et we Dolandyry<\/strong><strong>\u015f<\/strong><strong> Institutyny<\/strong><strong>\u0148<\/strong><strong> Menejment fakultetyny<\/strong><strong>\u0148<\/strong><strong> Da<\/strong><strong>\u015f<\/strong><strong>ary <\/strong><strong>\u00fd<\/strong><strong>urt dilleri kafedrasyny<\/strong><strong>\u0148<\/strong><strong>\u00a0nemes dili mugallymy.<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Bir wagtlar \u00f6z i\u015fleri bilen g\u00fcmra bolup \u00fd\u00f6ren gassap d\u00fckany\u0148 i\u00e7inde bir iti\u0148 girip gel\u00fd\u00e4ndigini g\u00f6r\u00fcpdir. Ol mu\u0148a gaty gaharlanyp, iti d\u00fckandan kowmak bilen bol\u00fdar. Emma it biraz salymdan \u00fdene dolanyp gel\u00fd\u00e4r. Gassap iti n\u00e4ler kowjak bolup synany\u015fsa-da bary \u015fowsuz bol\u00fdar. It hemi\u015feki \u00fdaly \u00fdene d\u00fckana dolanyp yzyna gel\u00fd\u00e4r. Gassap birden iti\u0148 \u00fdanyna gola\u00fd baryp [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":12998,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[16,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12980"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=12980"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12980\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":13043,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/12980\/revisions\/13043"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/12998"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=12980"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=12980"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=12980"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}