{"id":14964,"date":"2025-09-17T15:09:57","date_gmt":"2025-09-17T10:09:57","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=14964"},"modified":"2025-09-18T18:43:49","modified_gmt":"2025-09-18T13:43:49","slug":"at-yigidin-ganaty","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=14964","title":{"rendered":"At \u00fdigidi\u0148 ganaty"},"content":{"rendered":"<p>G\u00fcndogary\u0148 sopu\u00e7ylyk ylmyny\u0148 \u00fdazgylarynda bedewler barada \u00abHa\u00fdwanlary\u0148 arasynda adama i\u0148 \u00fdakyn janawar atdyr. \u00c7\u00fcnki aty\u0148 edil adamy\u0148ky \u00fdaly ruhy \u00fda\u015fa\u00fd\u015fy bar. Olar d\u00fc\u00fd\u015f hem g\u00f6r\u00fcp bil\u00fd\u00e4rler\u00bb di\u00fdip bellen\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Bedew atlar tebigy hadysalary hem \u00f6\u0148\u00fcnden du\u00fdup bil\u00fd\u00e4rler. Ata-babalarymyz \u00abAty\u0148dan a\u00fdrylsa\u0148 hem gazygy\u0148y bozma\u00bb di\u00fden nakyly d\u00f6redipdirler. Seb\u00e4bi, at \u00f6\u00fd e\u00fdesine ryzk dil\u00e4p \u00fda\u015farmy\u015f. \u00d6\u00fd e\u00fdeleri t\u00e4ze ja\u00fda g\u00f6\u00e7enlerinde \u00abGeljekde edinjek atymyz bize ryzk dil\u00e4p dursun\u00bb di\u00fdip, yrym edip, gazyk kakypdyrlar. \u00abAt almanka\u0148 e\u00fder al\u00bb di\u00fden nakyl hem \u015fu manyda d\u00f6redilipdir.<\/p>\n<p>Taryhy\u0148 d\u00fcrli d\u00f6w\u00fcrlerinde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 durmu\u015fynda bedewleri\u0148 uly \u00e4hmi\u00fdeti bolupdyr. G\u00fcndelik hojalyk durmu\u015fynda, harby hereketlerde, s\u00f6we\u015flerde olary\u0148 \u00fd\u00fcrekde\u015fligine, wepalylygyna, agyr je\u0148lerde bitir\u00fd\u00e4n hyzmatlaryna \u00fdokary baha berlipdir. Ata-babalarymyz nesil terbi\u00fdesinde aty\u0148 uly \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedigine dogry d\u00fc\u015f\u00fcnipdirler. Olar at \u00fcst\u00fcnde oturan ki\u015fini\u0148 ruhuny\u0148 hem, bedenini\u0148 hem sagdyn bol\u00fdandygyna g\u00f6z \u00fdetiripdirler.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmen bedewlerini\u0148 g\u00f6zelligi, \u00fdyndamlygy, wepalylygy has gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden da\u015fary \u00fdurtly sy\u00fdahat\u00e7ylary\u0148, taryh\u00e7ylary\u0148, alymlary\u0148 hem dillerinden d\u00fc\u015fm\u00e4ndir. Milli halymyz, alaba\u00fd itimiz bilen birlikde t\u00fcrkmen bedewi hem ga\u00fdtalanmajak, d\u00fcn\u00fd\u00e4 nusgalyk milli gymmatlyklarymyzdyr. Gadymy grek taryh\u00e7ysy hem geografy Strabon \u00abNusa\u00fd bedewleri i\u0148 iri hem owadan atlardyr, olary \u015falar m\u00fcn\u00fd\u00e4rler\u00bb di\u00fdip \u00fdazan bolsa, Ksenofont \u00ab\u00dd\u00fcwr\u00fcklikde hi\u00e7 zat olar bilen b\u00e4sle\u015fip bilmez. Kepderiler we durnalar olary\u0148 yzyndan zordan e\u00fder\u00fd\u00e4rler\u00bb di\u00fdip belle\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda behi\u015fdi bedewlerimizi\u0148 \u015f\u00f6hratyny \u00dder \u00fd\u00fcz\u00fcnde dabaralandyrmakda Halkara ahalteke at\u00e7ylyk assosiasi\u00fdasyny\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fleri \u00f6r\u00e4n uludyr. Forumda hormatly Prezidentimizi\u0148 nygta\u00fd\u015fy \u00fdaly, indi on iki \u00fdyl b\u00e4ri hereket ed\u00fd\u00e4n assosiasi\u00fdany\u0148 bu g\u00fcn \u00fdurdumyzdan we d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 30-dan gowrak d\u00f6wletinden 188 agzasy bar. \u015eu j\u00e4hetden, mejlisde d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz tarapyndan me\u015fhur ahalteke bedewlerimizi mundan be\u00fdl\u00e4k-de d\u00fcn\u00fd\u00e4 tanatmak bilen bagly assosiasi\u00fdany\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde dur\u00fdan esasy wezipeler kesgitlendi.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>MEREDOWA \u015eIRIN<\/strong><\/em><br \/>\n<em><strong>Halkara senagat\u00e7ylar we teleke\u00e7iler uniwersitetini\u0148 Dil \u00f6wreni\u015f b\u00f6l\u00fcmini\u0148 mugallymy<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>G\u00fcndogary\u0148 sopu\u00e7ylyk ylmyny\u0148 \u00fdazgylarynda bedewler barada \u00abHa\u00fdwanlary\u0148 arasynda adama i\u0148 \u00fdakyn janawar atdyr. \u00c7\u00fcnki aty\u0148 edil adamy\u0148ky \u00fdaly ruhy \u00fda\u015fa\u00fd\u015fy bar. Olar d\u00fc\u00fd\u015f hem g\u00f6r\u00fcp bil\u00fd\u00e4rler\u00bb di\u00fdip bellen\u00fd\u00e4r. Bedew atlar tebigy hadysalary hem \u00f6\u0148\u00fcnden du\u00fdup bil\u00fd\u00e4rler. Ata-babalarymyz \u00abAty\u0148dan a\u00fdrylsa\u0148 hem gazygy\u0148y bozma\u00bb di\u00fden nakyly d\u00f6redipdirler. Seb\u00e4bi, at \u00f6\u00fd e\u00fdesine ryzk dil\u00e4p \u00fda\u015farmy\u015f. \u00d6\u00fd e\u00fdeleri t\u00e4ze [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":23709,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/14964"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=14964"}],"version-history":[{"count":7,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/14964\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":25010,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/14964\/revisions\/25010"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/23709"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=14964"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=14964"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=14964"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}