{"id":15513,"date":"2025-09-18T23:27:14","date_gmt":"2025-09-18T18:27:14","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=15513"},"modified":"2025-09-18T23:27:24","modified_gmt":"2025-09-18T18:27:24","slug":"sport-oyunlarynyn-taryhy-barada","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=15513","title":{"rendered":"SPORT O\u00ddUNLARYNY\u0147 TARYHY BARADA"},"content":{"rendered":"<p>Sport bilen me\u015fgullanmak sagdynlygy\u0148 girewi hasaplan\u00fdar. Bil\u015fimiz \u00fdaly sport o\u00fdunlaryny\u0148 k\u00e4n g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bolup, olary\u0148 her birini\u0148 gelip \u00e7yky\u015f taryhy bar. Geli\u0148, olary\u0148 k\u00e4birileri bilen tany\u015f bolaly\u0148.<\/p>\n<p>Bil\u00fdard. Bil\u00fdard o\u00fdnuny\u0148 ha\u00e7an we nirede d\u00f6r\u00e4nligi barada anyk maglumatlar \u00fdok. \u00dd\u00f6ne k\u00e4bir \u00e7aklamalara g\u00f6r\u00e4 Hindi-Hyta\u00fd bil\u00fdardy\u0148 watany hasaplan\u00fdar. Genuez t\u00e4jirleri XV asyrda bu o\u00fdny \u00ddewropa getiripdirler we Lionda fransuz Et\u00fden Liazon ilkinji gezek bu o\u00fdnu\u0148 d\u00fczg\u00fcnlerini kesgitl\u00e4pdir. Russi\u00fda bolsa bu o\u00fdny P\u00fdotr I getir\u00fd\u00e4r di\u00fden maglumatlar bar.<\/p>\n<p>Bouling. Boulingi\u0148 \u00f6z taryhyny has gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden alyp ga\u00fdd\u00fdar. Onu\u0148 taryhyna degi\u015fli maglumatlar bizi\u0148 e\u00fd\u00fdamymyzdan \u00f6\u0148ki 5200-nji \u00fdyllara degi\u015fli bolupdyr we ol tapyndylar Gadymy M\u00fcs\u00fcr gazyndylarynda \u00fd\u00fcze \u00e7ykarylypdyr. 1875-nji \u00fdylda ilkinji bouling Milli Assosasi\u00fdasy esaslandyryl\u00fdar.<\/p>\n<p>Futzal. Ilkinji gezek futzala me\u0148ze\u015f o\u00fdun 1920-nji \u00fdylda Brazili\u00fdaly futbol\u00e7ylar tarapyndan o\u00fdnalyp ba\u015flanypdyr. Futzal 1970-nji \u00fdyldan ba\u015flap sport g\u00f6rn\u00fc\u015fi h\u00f6km\u00fcnde gi\u0148den \u00fda\u00fdrap ba\u015fla\u00fdar. Itali\u00fdany\u0148 we Liwi\u00fdany\u0148 milli \u00fdygyndy toparlaryny\u0148 arasynda 1974-nji \u00fdyly\u0148 19-njy i\u00fdununda ilkinji gezek halkara o\u00fdun ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>K\u00fc\u015ft. Taryhy maglumatlara salgylansak k\u00fc\u015ft o\u00fdny mundan 2000 \u00fdyl \u00f6\u0148 Hindistanda d\u00f6r\u00e4pdir. K\u00fc\u015fti ilki \u015falar o\u00fdnapdyr we so\u0148ra ony kem-kemden be\u00fdlekilerem o\u00fdnap bilipdir. Onu\u0148 gelip \u00e7yky\u015f taryhy barada gi\u0148i\u015fle\u00fdin maglumatlar Al-Birunyny\u0148 \u201cHindistan\u201d di\u00fdlip atlandyryl\u00fdan kitabynda birn\u00e4\u00e7e rowa\u00fdatlary\u0148 \u00fcsti bilen getiril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Gimnastika. \u201cGimnastika\u201d grek s\u00f6z\u00fcnden gelip \u00e7ykyp, ol b.e. \u00f6\u0148 VIII asyrda d\u00f6r\u00e4pdir. Gadymy ellinler beden ma\u015fklaryny \u00f6zlerini\u0148 \u00fd\u00f6rite \u201cgimnasi\u00fda\u2019 di\u00fdlip atlandyryl\u00fdan ja\u00fdlarynda ge\u00e7ipdirler. Olar \u00fdary\u015fa ta\u00fd\u00fdarlyk ma\u015fklaryny \u201cgimnastika\u201d di\u00fdip atlandyrypdyrlar. Gimnastikany\u0148 \u00f6s\u00fc\u015f ugry XIX asyrda \u00fc\u00e7 ugra b\u00f6l\u00fcnipdir. Olar gigi\u00fdeniki gimnastika, atletiki gimnastika, amaly gimnastika.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>K\u00e4milow J\u00f6wza<\/strong><\/em><br \/>\n<em><strong>Halkara senagat\u00e7ylar we teleke\u00e7iler uniwersitetini\u0148 Dil \u00f6wreni\u015f b\u00f6l\u00fcmini\u0148 117-nji toparyny\u0148 talyby<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Sport bilen me\u015fgullanmak sagdynlygy\u0148 girewi hasaplan\u00fdar. Bil\u015fimiz \u00fdaly sport o\u00fdunlaryny\u0148 k\u00e4n g\u00f6rn\u00fc\u015fleri bolup, olary\u0148 her birini\u0148 gelip \u00e7yky\u015f taryhy bar. Geli\u0148, olary\u0148 k\u00e4birileri bilen tany\u015f bolaly\u0148. Bil\u00fdard. Bil\u00fdard o\u00fdnuny\u0148 ha\u00e7an we nirede d\u00f6r\u00e4nligi barada anyk maglumatlar \u00fdok. \u00dd\u00f6ne k\u00e4bir \u00e7aklamalara g\u00f6r\u00e4 Hindi-Hyta\u00fd bil\u00fdardy\u0148 watany hasaplan\u00fdar. Genuez t\u00e4jirleri XV asyrda bu o\u00fdny \u00ddewropa getiripdirler we Lionda [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/15513"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=15513"}],"version-history":[{"count":4,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/15513\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":25104,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/15513\/revisions\/25104"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=15513"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=15513"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=15513"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}