{"id":16834,"date":"2022-11-04T09:59:01","date_gmt":"2022-11-04T04:59:01","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=16834"},"modified":"2022-11-06T17:46:01","modified_gmt":"2022-11-06T12:46:01","slug":"turkmen-diplomatiyasynyn-milli-mekdebi-yas-diplomatlaryn-gozleginde","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=16834","title":{"rendered":"T\u00fcrkmen diplomati\u00fdasyny\u0148 milli mekdebi \u00fda\u015f diplomatlary\u0148 g\u00f6zleginde"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen diplomati\u00fdasyny\u0148 milli mekdebi bolan T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutynda \u00dda\u015f diplomatlary\u0148 milli mekdebi tarapyndan d\u00fcrli b\u00e4sle\u015fikleri\u0148 guralmagy dowam ed\u00fd\u00e4r. Gi\u0148i\u015fle\u00fdin a\u00fdtsak, \u00fda\u0148y-\u00fdakynda \u00fdokary okuw mekdebimizde \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f \u00e7aparlary\u00bb akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figini\u0148 II m\u00f6ws\u00fcmine badalga berildi. Has takygy, 24-nji okt\u00fdabrda T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutynda \u00dda\u015f diplomatlar mekdebi tarapyndan gural\u00fdan \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f \u00e7aparlary\u00bb atly akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figine gatna\u015fmaga isleg bildiren mekdep okuw\u00e7ylaryny\u0148 g\u00f6ni we telek\u00f6pri arkaly gatna\u015fmaklarynda sa\u00fdlap aly\u015f test synagy ge\u00e7irildi. \u00ddurdumyz bo\u00fdun\u00e7a 300-den gowrak mekdep okuw\u00e7ysyny \u00f6z\u00fcnde jeml\u00e4n test synaglary A\u015fgabat \u015f\u00e4heri we Ahal wela\u00fdaty bo\u00fdun\u00e7a T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutynda, Balkan wela\u00fdaty bo\u00fdun\u00e7a \u00ddag\u015fygeldi Kaka\u00fdew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini\u0148 Balkanabat b\u00f6l\u00fcminde, Lebap wela\u00fdaty bo\u00fdun\u00e7a S.Se\u00fddi adyndaky T\u00fcrkmen d\u00f6wlet mugallym\u00e7ylyk institutynda, Da\u015foguz wela\u00fdaty bo\u00fdun\u00e7a T\u00fcrkmen oba hojalyk institutynda, Mary wela\u00fdaty bo\u00fdun\u00e7a T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet energetika institutynda ge\u00e7irildi.<\/p>\n<p>Test synaglary d\u00fcn\u00fd\u00e4 taryhy we i\u0148lis dili derslerinde ta\u00fd\u00fdarlanan 50 sowaldan ybarat bolup, gatna\u015fyjylara olary \u00e7\u00f6zmek \u00fc\u00e7in 60 minut wagt berildi. Sa\u00fdlap aly\u015f test synaglaryny\u0148 netijeleri bo\u00fdun\u00e7a \u00f6\u0148e sa\u00fdlanan 64 sany mekdep okuw\u00e7ysy b\u00e4sle\u015figi\u0148 esasy tapgyrlaryna gatna\u015fmaga hukuk gazandy. Esasy tapgyrlara gatna\u015fmaga hukuk gazanan talyplary\u0148 sanawy bilen T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 resmi internet sahypasy bolan iirmfa.edu.tm web-sa\u00fdty arkaly tany\u015fmak m\u00fcmkin.<\/p>\n<p>\u00dderi gelende bellesek, \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f \u00e7aparlary\u00bb akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figini\u0148 II m\u00f6ws\u00fcmini\u0148 umumy \u015fygary \u00abDialog \u2014 parahat\u00e7ylygy\u0148 kepili: gadymy e\u00fd\u00fdamy\u0148 diplomatik mirasynda parahat\u00e7ylyk medeni\u00fdeti\u00bb di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar. \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f \u00e7aparlary\u00bb akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figini\u0148 II m\u00f6ws\u00fcmi sa\u00fdlama o\u00fdunlaryny\u0148 4-sinden, \u015fe\u00fdle-de final o\u00fdnundan ybarat bolar. \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f \u00e7aparlary\u00bb atly akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figini\u0148 2022-2023-nji okuw \u00fdylyndaky II m\u00f6ws\u00fcmini\u0148 I o\u00fdny 2022-nji \u00fdyly\u0148 22-nji no\u00fdabrynda ge\u00e7iriler.<\/p>\n<p>Maglumat \u00fc\u00e7in, akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figini\u0148 sa\u00fdlama o\u00fdunlaryny\u0148 her biri a\u00fdratyn tema bagy\u015flanylyp, olar \u015fu a\u015fakdakylardyr:<\/p>\n<p>I tapgyr: \u00abGadymy Margu\u015fdan Parfi\u00fda \u00e7enli: parahat\u00e7ylyk sungatyny\u0148 siwilizasion \u00fd\u00f6relgeleri\u00bb;<\/p>\n<p>II tapgyr: \u00abGadymy Hyta\u00fd we Uzak G\u00fcndogar siwilizasi\u00fdalary: k\u00f6pd\u00fcrli medeni\u00fdeti\u0148 birle\u015fdiriji kuwwaty\u00bb;<\/p>\n<p>III tapgyr: \u00abGadymy M\u00fcs\u00fcri\u0148 we Mesopotami\u00fdany\u0148 medeni-diplomatiki mirasy: \u00ddakyn we Orta G\u00fcndogar \u00fc\u00e7in parahat\u00e7ylyk sapaklary\u00bb;<\/p>\n<p>IV tapgyr: \u00abGadymy Ari\u00fd we Hindistan siwilizasi\u00fdalary: diplomati\u00fdany\u0148 ruhy-ahlak bin\u00fdatlary\u00bb.<\/p>\n<p>B\u00e4sle\u015figi\u0148 II m\u00f6ws\u00fcmini\u0148 \u00fde\u0148ijilerini kesgitlejek final o\u00fdnuny\u0148 temasy jemle\u00fdji h\u00e4si\u00fdetli bolar we a\u00fdratyn kesgitlener.<\/p>\n<p>\u00ddokary okuw mekdebimizde halkara\u00e7y h\u00fcn\u00e4rmen bolmaga h\u00f6wes ed\u00fd\u00e4nleri\u0148 arasynda d\u00f6redijilik b\u00e4sle\u015figi hem yglan edildi. Bu b\u00e4sle\u015fik T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutynda hereket ed\u00fd\u00e4n \u00dda\u015f diplomatlary\u0148 mekdebi tarapyndan \u00fdurdumyzy\u0148 alyp bar\u00fdan ho\u015fni\u00fdetli da\u015fary sy\u00fdasatyny wagyz etmek we Halkara Bitaraplyk g\u00fcni mynasybetli \u00abT\u00fcrkmen Bitaraplygyny\u0148 milli nusgasy: parahat\u00e7ylygy d\u00f6retmegi\u0148 ykrar edilen \u00fd\u00f6relgesi\u00bb temasy bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Institutymyzy\u0148 web-sa\u00fdtynda bellenili\u015fi \u00fdaly, b\u00e4sle\u015fige gatna\u015fmaga isleg bildir\u00fd\u00e4n \u00dda\u015f diplomatlary\u0148 mekdebini\u0148 agzalary 2022-nji \u00fdyly\u0148 15-nji no\u00fdabryna \u00e7enli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna d\u00fczmelerini \u00fdollap bilerler. B\u00e4sle\u015fige h\u00f6d\u00fcrlen\u00fd\u00e4n d\u00fczmelere a\u00fdratyn talaplar bildirilme\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>D\u00fczme b\u00e4sle\u015figini\u0148 netijeleri 2022-nji \u00fdyly\u0148 30-njy no\u00fdabrynda eminler topary tarapyndan kesgitlener.<\/p>\n<p>B\u00e4sle\u015figi\u0148 \u00fde\u0148ijileri T\u00fcrkmenistany\u0148 Magtymguly adyndaky \u00dda\u015flar guramasyny\u0148 gymmat bahaly sowgatlary hem-de T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>To\u00fdly MYRATGELDI\u00ddEW, <\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>TDIM-ni\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 halkara <\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>\u017eurnalistikasy fakultetini\u0148 talyby. <\/strong><\/em><\/p>\n<p>&nbsp;<\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen diplomati\u00fdasyny\u0148 milli mekdebi bolan T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutynda \u00dda\u015f diplomatlary\u0148 milli mekdebi tarapyndan d\u00fcrli b\u00e4sle\u015fikleri\u0148 guralmagy dowam ed\u00fd\u00e4r. Gi\u0148i\u015fle\u00fdin a\u00fdtsak, \u00fda\u0148y-\u00fdakynda \u00fdokary okuw mekdebimizde \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f \u00e7aparlary\u00bb akyl-pa\u00fdhas b\u00e4sle\u015figini\u0148 II m\u00f6ws\u00fcmine badalga berildi. Has takygy, 24-nji okt\u00fdabrda T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutynda \u00dda\u015f diplomatlar mekdebi tarapyndan gural\u00fdan \u00abParahat\u00e7ylygy\u0148 \u00fda\u015f [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":16488,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/16834"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=16834"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/16834\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":16855,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/16834\/revisions\/16855"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/16488"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=16834"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=16834"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=16834"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}