{"id":17177,"date":"2022-12-05T07:45:24","date_gmt":"2022-12-05T02:45:24","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=17177"},"modified":"2022-12-07T19:45:18","modified_gmt":"2022-12-07T14:45:18","slug":"bitaraplyk-parahatcylygyn-kepili","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=17177","title":{"rendered":"Bitaraplyk \u2013 parahat\u00e7ylygy\u0148 kepili"},"content":{"rendered":"<p>Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy e\u00fd\u00fdamyny\u0148 e\u015fretli g\u00fcnlerinde bedew bady bilen \u00f6\u0148e bar\u00fdan T\u00fcrkmenistan d\u00f6wletimizi\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyna bu g\u00fcn 27 \u00fdyl dol\u00fdar. Bu d\u00f6wr\u00fc\u0148 i\u00e7inde parahat\u00e7ylygy s\u00f6\u00fd\u00fcjilik sy\u00fdasatyny amala a\u015fyryp, T\u00fcrkmenistan ikitarapla\u00fdyn hem-de k\u00f6ptarapla\u00fdyn sy\u00fdasy ge\u0148e\u015fmeleri\u0148, geple\u015fikleri\u0148 ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n, \u00fcsta\u015fyr ulag ge\u00e7elgelerini\u0148 ygtybarly hereket ed\u00fd\u00e4n \u00fderine \u00f6wr\u00fcldi. Bu babatda T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplyk sy\u00fdasatyny\u0148 we t\u00fcrkmen go\u0148\u015fu\u00e7ylyk hem-de ynsanperwerlik \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti uludyr. \u00abHalky\u0148 Arkadagly zamanasy\u00bb \u00fdylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda t\u00fcrkmen Bitaraplygy sebitle\u00fdin durnuklylygy\u0148, parahat\u00e7ylygy\u0148 we \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 m\u00f6h\u00fcm faktory bolup \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4ndigini\u0148 hem-de \u00e4hli \u00fdurtlary\u0148 hem-de halklary\u0148 b\u00e4hbitlerine la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4ndigini\u0148 a\u00fddy\u0148 subutnamasyna \u00f6wr\u00fcldi.<\/p>\n<p>Bitaraplyk &#8211; munu\u0148 \u00f6zi milleti\u0148 \u00e4hli i\u00e7erki ruhy durmu\u015fyny\u0148, \u00fda\u015f d\u00f6wleti\u0148 da\u015fary sy\u00fdasat ugruny\u0148 tebigy we kanuny \u00f6s\u00fc\u015fidir, \u015fol ugur bolsa halkara sy\u00fdasy gatna\u015fyklarynda \u00f6z ornuna d\u00fc\u015f\u00fcnmegi t\u00fcrkmen halkyny\u0148 da\u015farky d\u00fcn\u00fd\u00e4 bilen gatna\u015fyklar baradaky taryhy d\u00e4plerini birle\u015fdirdi. T\u00fcrkmenler owalda-ahyrda belent adamk\u00e4r\u00e7ilik sypatlaryny tug edinip, go\u0148\u015fy d\u00f6wletler bilen dostlukly gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdup gelipdir. D\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletlerini\u0148 en\u00e7emesi bilen diplomatik gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmak, abra\u00fdly halkara guramalaryna agza bolmak bilen T\u00fcrkmenistan d\u00f6wletini\u0148 parahat\u00e7ylykly mizemez, ebedi da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 kemala gelendigini ykrar ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdyny\u0148 BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 Kararnamasy bilen berkidilmegi h\u00e4zirki zaman taryhyny\u0148 m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetli wakasydyr. 1995-nji \u00fdyly\u0148 12-nji dekabry Gara\u015fsyz d\u00f6wletimizi\u0148 \u015fanly senelerini\u0148 biri bolup, asuda \u00fdurdumyzy\u0148 taryhy senenamasyna altyn harplar bilen \u00fdazyldy. \u015eol g\u00fcn Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 50-nji mejlisinde 185 d\u00f6wleti\u0148 biragyzdan goldamagy netijesinde \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygy hakynda\u00bb \u00fd\u00f6rite Rezol\u00fdusi\u00fda kabul edildi. T\u00fcrkmen Bitaraplygy halkymyzy\u0148 gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri e\u00fder\u00fd\u00e4n, onu\u0148 ruhy ba\u00fdlygyna, taryhy we milli d\u00e4p-dessurlaryna la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4n parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilik, ynsanperwerlik \u00fd\u00f6relgelerine esaslan\u00fdandygyny nygtamak bolar.<\/p>\n<p>Arassa asmanymyzy\u0148 asudalygy, \u00dder \u00fd\u00fcz\u00fcni\u0148 parahat\u00e7ylygy, ra\u00fdatlarymyzy\u0148 bagty\u00fdar \u00fda\u015fa\u00fd\u015fy ugrunda ta\u00fdsyz tagallalary ed\u00fd\u00e4n Gahryman Arkadagymyzy\u0148 we bu babatda nusgalyk \u00fdol-\u00fd\u00f6relgeleri durmu\u015fa ge\u00e7ir\u00fd\u00e4n hormatly Prezidentimizi\u0148 janlary sag, \u00f6m\u00fcrleri uzak bolsun, umumadamzat \u00e4hmi\u00fdetli be\u00fdik i\u015fleri rowa\u00e7lyklara beslensin.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Eziz AGAJANOW, <\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148 mugallymy.<\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy e\u00fd\u00fdamyny\u0148 e\u015fretli g\u00fcnlerinde bedew bady bilen \u00f6\u0148e bar\u00fdan T\u00fcrkmenistan d\u00f6wletimizi\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyna bu g\u00fcn 27 \u00fdyl dol\u00fdar. Bu d\u00f6wr\u00fc\u0148 i\u00e7inde parahat\u00e7ylygy s\u00f6\u00fd\u00fcjilik sy\u00fdasatyny amala a\u015fyryp, T\u00fcrkmenistan ikitarapla\u00fdyn hem-de k\u00f6ptarapla\u00fdyn sy\u00fdasy ge\u0148e\u015fmeleri\u0148, geple\u015fikleri\u0148 ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n, \u00fcsta\u015fyr ulag ge\u00e7elgelerini\u0148 ygtybarly hereket ed\u00fd\u00e4n \u00fderine \u00f6wr\u00fcldi. Bu babatda T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplyk sy\u00fdasatyny\u0148 we t\u00fcrkmen go\u0148\u015fu\u00e7ylyk hem-de [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":17184,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[17],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/17177"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=17177"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/17177\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":17178,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/17177\/revisions\/17178"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/17184"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=17177"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=17177"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=17177"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}