{"id":18702,"date":"2023-05-12T13:24:51","date_gmt":"2023-05-12T08:24:51","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=18702"},"modified":"2023-05-13T08:40:43","modified_gmt":"2023-05-13T03:40:43","slug":"turkmenistan-tajigistan-hosniyetli-we-dostlukly-hyzmatdaslar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=18702","title":{"rendered":"T\u00dcRKMENISTAN \u2014 T\u00c4JIGISTAN: ho\u015fniyetli we dostlukly hyzmatda\u015flar"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistan bilen T\u00e4jigistan Merkezi Azi\u00fdada gapma-gar\u015fylykla\u00fdyn \u00fdagda\u00fdlary\u0148 d\u00f6remegine \u00fdol bermezlik, \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmegi, ho\u015fni\u00fdetli gatna\u015fyklary berkitmek, k\u00f6ptarapla\u00fdyn b\u00e4hbitleri berja\u00fd etmek we nazara almak babatda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4rler. T\u00e4jigistan BMG-ni\u0148 hem-de GDA, \u00ddHHG, YHG, \u015eHG \u00fdaly 51 sany iri halkara guramalary\u0148 i\u015fje\u0148 agzasydyr.<br \/>\nIki \u00fdurdu\u0148 hem umumy sy\u00fdasy gi\u0148i\u015flikde, halkara d\u00fcz\u00fcmlerde \u2014 Birle\u015fen Milletler Guramasynda, \u015fe\u00fdle hem iki d\u00f6wleti\u0148-de agza bolup dur\u00fdan be\u00fdleki sebitle\u00fdin guramalary\u0148 birn\u00e4\u00e7esinde \u00f6zara gatna\u015fyklara uly \u00e4hmi\u00fdet ber\u00fd\u00e4ndikleri bell\u00e4rliklidir.<br \/>\nH\u00e4zirki wagtda T\u00e4jigistan d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 180 \u00fdurdy bilen diplomatik gatna\u015fykary alyp bar\u00fdar. T\u00fcrkmenistan bilen T\u00e4jigistany\u0148 arasyndaky diplomatik gatna\u015fyklar 1993-nji \u00fdyly\u0148 27-nji \u00fdanwarynda \u00fdola go\u00fduldy. Iki \u00fdurdu\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanlaryny\u0148 alyp bar\u00fdan \u00f6\u0148deng\u00f6r\u00fcjilikli, pa\u00fdhasly sy\u00fdasatlary, d\u00f6wletara hyzmatda\u015flygy\u0148 meselelerini\u0148 \u00e7\u00f6zg\u00fcdine d\u00f6redijilikli \u00e7emele\u015fmekleri netijesinde, bizi\u0148 d\u00f6wletimiz we halklarymyz Gara\u015fsyzlyk \u00fdyllarynda umumy abadan\u00e7ylyga g\u00f6n\u00fckdirilen \u00f6r\u00e4n uly \u00f6s\u00fc\u015flere e\u00fde boldular.<br \/>\nT\u00fcrkmenistan T\u00e4jigistan bilen hemmetarapla\u00fdyn gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge uly \u00e4hmi\u00fdet ber\u00fd\u00e4r. \u015eol gatna\u015fyklar iki doganlyk halky\u0148 dostluk, ho\u015fni\u00fdetli hyzmatda\u015flyk d\u00e4plerine, umumy taryhy k\u00f6klerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslan\u00fdar. T\u00fcrkmenistan bilen T\u00e4jigistany\u0148 sebit we d\u00fcn\u00fd\u00e4 sy\u00fdasatyny\u0148 esasy meseleleri bo\u00fdun\u00e7a gara\u00fdy\u015flaryny\u0148 me\u0148ze\u015fdigi \u00e4hlumumy parahat\u00e7ylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy \u00fcpj\u00fcn etmek meselelerinde tagallalary birle\u015fdirm\u00e4ge o\u0148yn \u015fert d\u00f6red\u00fd\u00e4r.<br \/>\n1993-nji \u00fdyly\u0148 27-nji \u00fdanwarynda iki \u00fdurdu\u0148 arasynda diplomatik gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmak hakyndaky \u00c4htnama gol \u00e7ekilmegi bilen, iki gara\u015fsyz d\u00f6wlet \u2014 T\u00fcrkmenistan bilen T\u00e4jigistan Respublikasyny\u0148 arasyndaky sy\u00fdasy gatna\u015fyklarda t\u00e4ze taryhy d\u00f6w\u00fcr ba\u015flandy. 1995-nji \u00fdyly\u0148 fewral a\u00fdynda A\u015fgabatda T\u00e4jigistany\u0148 il\u00e7ihanasy a\u00e7yldy. \u015eol bir wagtda, Du\u015fenbe \u015f\u00e4herinde-de T\u00fcrkmenistany\u0148 il\u00e7ihanasy hereket ed\u00fd\u00e4r. 2023-nji \u00fdyly\u0148 1-nji martyna \u00e7enli iki d\u00f6wleti\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklary\u0148 hukuk bin\u00fdady 129 resminamany \u00f6z i\u00e7ine al\u00fdar.<br \/>\nSy\u00fdasy gatna\u015fyklar \u00fdurtlary\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanlaryny\u0148 we h\u00f6k\u00fcmet agzalaryny\u0148 yzygiderli \u00fdagda\u00fdda amala a\u015fyr\u00fdan saparlaryny\u0148 netijesinde has-da rowa\u00e7lan\u00fdar. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanlaryny\u0148 yzygiderli du\u015fu\u015fmagyny\u0148 netijesinde t\u00fcrkmen-t\u00e4jik gatna\u015fyklaryny\u0148 esasy ugurlary kesgitlenilip, d\u00f6wletara hyzmatda\u015flygy\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegi ugrunda uly i\u015fler alnyp baryl\u00fdar.<br \/>\nT\u00fcrkmen-t\u00e4jik gatna\u015fyklary 2007-nji \u00fdyldan so\u0148ra hil ta\u00fddan t\u00e4ze derej\u00e4 e\u00fde boldy. \u015eol \u00fdyly\u0148 okt\u00fdabr a\u00fdynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 T\u00e4jigistana, dekabr a\u00fdynda bolsa T\u00e4jigistany\u0148 Prezidentini\u0148 T\u00fcrkmenistana resmi sapary boldy. Amala a\u015fyrylan saparlary\u0148 netijesinde ikitarapla\u00fdyn gatna\u015fyklar mazmun ta\u00fddan has-da ba\u00fdla\u015fdy.<br \/>\n\u015ee\u00fdle hem 2007-nji \u00fdyly\u0148 dekabr a\u00fdynda T\u00e4jigistany\u0148 Prezidentini\u0148 T\u00fcrkmenistana saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 \u00d6\u0148\u00fcni aly\u015f diplomati\u00fdasyny\u0148 sebit merkezini\u0148 a\u00e7yly\u015f dabarasy boldy. 2009-njy \u00fdylda t\u00e4jik d\u00f6wlet ba\u015ftutanyny\u0148 T\u00fcrkmenistana, 2010-njy \u00fdyly\u0148 mart a\u00fdynda bolsa T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 Du\u015fenbe \u015f\u00e4herine bolan saparlary gatna\u015fyklary\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegine uly itergi berdi.<br \/>\nT\u00fcrkmenistan hem-de T\u00e4jigistany\u0148 ekologi\u00fda we tebigaty goramak meselesi bo\u00fdun\u00e7a gatna\u015fyklary ikitarapla\u00fdyn derejede bol\u015fy \u00fdaly, halkara derejede hem hyzmatda\u015flyk etmek babatda a\u00fdratyn m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedir. Howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegini\u0148 \u00fdaramaz t\u00e4sirlerine gar\u015fy hereket etmek, Merkezi Azi\u00fda sebitini\u0148 suw seri\u015fdelerini a\u00fdawly we o\u00fdlany\u015fykly pe\u00fddalanmak, Aral meselelerini \u00e7\u00f6zmek bo\u00fdun\u00e7a yzygiderli bilelikd\u00e4ki i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. \u015eu babatda iki \u00fdurdu\u0148 degi\u015fli d\u00fcz\u00fcmlerine 2018-nji \u00fdyly\u0148 24-nji awgustynda Awazada ge\u00e7irilen Araly halas etmegi\u0148 halkara gaznasyny esaslandyryjy d\u00f6wletleri\u0148 Ba\u015ftutanlaryny\u0148 sammitini\u0148 bar\u015fynda gazanylan ylala\u015fyklary i\u015f \u00fd\u00fcz\u00fcnde durmu\u015fa ge\u00e7irmek hem-de hyzmatda\u015flyk etmegi\u0148 maksatnamasyny i\u015fl\u00e4p d\u00fczmek bo\u00fdun\u00e7a i\u015fler dowam etdiril\u00fd\u00e4r.<br \/>\n2013-nji \u00fdyly\u0148 mart a\u00fdynda T\u00e4jigistany\u0148 Prezidenti T\u00fcrkmenistandaky Halkara Nowruz ba\u00fdramy mynasybetli ge\u00e7irilen dabaralara gatna\u015fmak \u00fc\u00e7in A\u015fgabada geldi. Sapary\u0148 dowamynda T\u00fcrkmenistany\u0148, T\u00e4jigistany\u0148 we Owganystany\u0148 Prezidentleri \u00abT\u00fcrkmenistan \u2014 Owganystan \u2014 T\u00e4jigistan\u00bb demir\u00fdol taslamasyny\u0148 gurlu\u015fygyna degi\u015fli \u00fc\u00e7tarapla\u00fdyn ylala\u015fyga gol \u00e7ekdiler. Bu \u00e4girt uly taslama Azi\u00fda sebitini\u0148 halkara ulag \u00fd\u00fck gatnawyny\u0148 esasy b\u00f6legine \u00f6wr\u00fcldi. \u015eol \u00fdyly\u0148 5-nji i\u00fdunynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Kerki \u015f\u00e4herinde 3 d\u00f6wleti\u0148 Prezidentlerini\u0148 gatna\u015fmagynda demir\u00fdol taslamasyny\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 d\u00fc\u00fdbi tutuldy.<br \/>\n2014-nji \u00fdyly\u0148 ma\u00fd a\u00fdyny\u0148 5-6-syna T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 T\u00e4jigistana amala a\u015fyran sapary iki \u00fdurdu\u0148 arasyndaky d\u00f6wletara gatna\u015fyklary\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegine uly badalga berdi. Sapary\u0148 dowamynda iki dostlukly \u00fdurdu\u0148 Ba\u015ftutanlaryny\u0148 Bilelikd\u00e4ki Be\u00fdannamasyna, \u015fe\u00fdle-de s\u00f6wda-ykdysady, oba hojalyk, saglygy gora\u00fdy\u015f we ylym-bilim ugurlarynda ylala\u015fyklara gol \u00e7ekildi.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>Ene\u015f ATAJANOWA, <\/em><\/strong><br \/>\n<strong><em>T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148<\/em><\/strong><br \/>\n<strong><em>Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 Halkara \u017eurnalistikasy fakultetini\u0148 talyby<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistan bilen T\u00e4jigistan Merkezi Azi\u00fdada gapma-gar\u015fylykla\u00fdyn \u00fdagda\u00fdlary\u0148 d\u00f6remegine \u00fdol bermezlik, \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmegi, ho\u015fni\u00fdetli gatna\u015fyklary berkitmek, k\u00f6ptarapla\u00fdyn b\u00e4hbitleri berja\u00fd etmek we nazara almak babatda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4rler. T\u00e4jigistan BMG-ni\u0148 hem-de GDA, \u00ddHHG, YHG, \u015eHG \u00fdaly 51 sany iri halkara guramalary\u0148 i\u015fje\u0148 agzasydyr. Iki \u00fdurdu\u0148 hem umumy sy\u00fdasy gi\u0148i\u015flikde, halkara d\u00fcz\u00fcmlerde \u2014 Birle\u015fen Milletler Guramasynda, \u015fe\u00fdle hem iki [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":18715,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[17,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/18702"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=18702"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/18702\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":18703,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/18702\/revisions\/18703"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/18715"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=18702"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=18702"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=18702"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}