{"id":19312,"date":"2025-05-26T05:03:35","date_gmt":"2025-05-26T00:03:35","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=19312"},"modified":"2025-05-26T05:03:20","modified_gmt":"2025-05-26T00:03:20","slug":"inlis-dilinde-nadip-suwara-geplemeli","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=19312","title":{"rendered":"I\u0148lis dilinde n\u00e4dip suwara geplemeli?"},"content":{"rendered":"<p>I\u0148lis dilini \u00f6wren\u00fd\u00e4nler \u00fc\u00e7in i\u0148lis dilinde suwara we erkin geplemek \u00f6r\u00e4n kyn \u00fdaly bolup g\u00f6r\u00fcn\u00fd\u00e4r. Emma ol be\u00fdle d\u00e4l \u00e4hli zat hem islege we \u00f6wrenmek m\u00fcmkin\u00e7iligi\u0148ize baglydyr.<br \/>\nI\u0148lis dilinde n\u00e4dip suwara geplemeli?<br \/>\nEsasylar bilen ba\u015flamak.<br \/>\nI\u0148lis dilini \u00f6wren\u00fd\u00e4nleri\u0148 suwara geplemek hakynda d\u00fc\u015f\u00fcnme\u00fd\u00e4n zady pikirlerini a\u00fddy\u0148 we ynamly be\u00fdan etmek \u00fc\u00e7in hemme zady birkemsiz bilmegi\u0148 zerurlygy \u00fdok.<br \/>\nS\u00f6zleri d\u00e4l-de frazalary (j\u00fcmleleri) \u00f6wrenmek.<br \/>\nMundan \u00f6\u0148ki \u00e4dimde i\u0148 k\u00f6p ulanyl\u00fdan i\u0148lis s\u00f6zlerini \u00f6wrenmek maslahat berildi. \u00dd\u00f6ne muny biraz t\u00e4sirli etmek \u00fc\u00e7in di\u0148e a\u00fdratyn s\u00f6zleri d\u00e4l-de, frazalary (j\u00fcmleleri) \u00f6wrenmeli.<br \/>\nI\u0148lis dilinde di\u0148lemek endiklerini \u00fdatdan \u00e7ykarmazlyk.<br \/>\nBu \u00e4dim i\u0148lis dilini di\u0148e \u00fda\u0148y \u00f6wrenip ba\u015flanlar \u00fc\u00e7in d\u00e4l-de e\u00fdsem i\u0148lis dilinde s\u00f6zle\u00fd\u015fini \u00f6sd\u00fcrmek isle\u00fd\u00e4nlere hem \u00e4hmi\u00fdeti uludyr. \u00c7\u00fcnki di\u0148lemeklik i\u0148 k\u00f6p ulanyl\u00fdan aragatna\u015fyk ussatlygymyzdyr. Ge\u00e7iren g\u00f6zlegler, aragatna\u015fyk barada a\u00fddylanda wagtymyzy\u0148 takmynan 9 %-ni \u00fdazmak, 16%-ni okamak, 30%-ni geplemek we 45%-ni di\u0148lemek bilen ge\u00e7ir\u00fd\u00e4ndigimizi g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in erkin we suwara geplemeklik \u00fc\u00e7in t\u00e4sirli di\u0148le\u00fdji bolmaly.<br \/>\nDi\u0148lemek endiklerini \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 birn\u00e4\u00e7e \u00fdollary bar. Olary\u0148 esasylaryna:<br \/>\nI\u0148lis dilinde tele\u00fda\u00fdlymlara toma\u015fa etmek.<br \/>\nI\u0148lis dilinde islendik filmi d\u00fcrli tizlik bilen g\u00f6rmek.<br \/>\nI\u0148lis dilinde filmleri tekstleri bilen toma\u015fa etmek; i\u0148lis dilinde a\u00fddym di\u0148lemek we \u015f.m. degi\u015flidir.<br \/>\nM\u00fcmkin boldugy\u00e7a i\u0148lis dilinde k\u00f6p materiallar okamak.<br \/>\nEger-de i\u0148lis dilinde suwara geplemek islese\u0148iz, \u00f6wrenm\u00e4ge de\u0148agramly \u00e7emele\u015fmeli. Okamaklyk islendik dilde erkin we suwara geplemek \u00fc\u00e7in aja\u00fd\u00fdyp katalizator. I\u0148lis dilinde \u00fdazylan \u00e7eper eserleri, kitaplary \u00fda-da gazetdir-\u017eurnallary okamaklyk arkaly s\u00f6z ba\u00fdlygy\u0148yzy artdyryp bilersi\u0148iz we s\u00f6zleri\u0148 d\u00fcrs \u00fdazyly\u015fyny hem k\u00f6p okamaklyk arkaly \u00fdatda saklap bolar.<br \/>\n\u00d6z-\u00f6z\u00fc\u0148 bilen g\u00fcrle\u015fmek arkaly tejribe ge\u00e7irmek.<br \/>\nIlkibada bu \u00e4dim ge\u0148 bolup e\u015fidilse-de, \u00f6z-\u00f6z\u00fc\u0148 bilen g\u00fcrle\u015fmeklik i\u0148lis dilinde s\u00f6zle\u00fd\u015fi \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 i\u0148 aja\u00fdyp usullaryny\u0148 biridir. \u00c7\u00fcnki, \u00f6z-\u00f6z\u00fc\u0148 bilen g\u00fcrle\u015feni\u0148de \u00fdal\u0148y\u015flyk go\u00fdbermeklik gorkusy bolma\u00fdar.<br \/>\nEger-de \u00f6z-\u00f6z\u00fc\u0148 bilen n\u00e4me g\u00fcrle\u015filmelidigi barada pikirlen\u00fd\u00e4n bolsa\u0148yz, ilki bilen edil \u015fol wagtdaky pikirleri\u0148izi be\u00fdan etmekden ba\u015flap bilersi\u0148iz. Edil \u015fol wagtdaky pikirleri\u0148iz m\u00f6h\u00fcm d\u00e4l di\u00fdlende, di\u0148e i\u0148lis dilinde g\u00fcrlemegi dowam etdirmek \u00fc\u00e7in m\u00f6h\u00fcmdir. Seb\u00e4bi islendik dilde s\u00f6zle\u00fdi\u015fi \u00f6sd\u00fcrmek \u00fda-da \u015fol dilde geplemegi \u00f6wrenmek \u00fc\u00e7in \u015fol dili k\u00f6p ulanmalydyr, geplemelidir. Munu\u0148 ba\u015fga bir \u00fdoly bolsa, kimdir birini\u0148 size sorag ber\u00fd\u00e4n \u00fdaly g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcne getirip jogap bermekdir. Bu i\u0148lis dilinde pikirlenmek \u00fc\u00e7in aja\u00fdyp usul.<br \/>\nImitasi\u00fda usullaryny synap g\u00f6rmeli<br \/>\nI\u0148lis dili s\u00f6zle\u00fdi\u015fi \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 ba\u015fga bir usuly di\u0148lemeklik we ga\u00fdtalamakdyr. Muny i\u0148lis dilind\u00e4ki ses \u00fdazgylary \u00fda-da wideo \u00fdazgylary bilen \u00fderine \u00fdetirip bolar.<\/p>\n<p>Ilki bilen g\u00fcrle\u00fdjini di\u0148l\u00e4\u0148 we her s\u00f6zlemden so\u0148 pauza d\u00fcwmesine basy\u0148. So\u0148ra g\u00fcrle\u00fdjiden di\u0148e bir s\u00f6zleri d\u00e4l, e\u00fdsem tizligini, \u00e4he\u0148ini we intonasi\u00fdasyny hem ga\u00fdtala\u0148. Bu g\u00f6rn\u00fc\u015fli g\u00f6n\u00fckmeler size edil i\u0148lisler \u00fdaly g\u00fcrlemeklige k\u00f6mek eder.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>\u00d6wezowa Ogul\u015fat,<\/strong><\/em><\/p>\n<div dir=\"auto\" style=\"text-align: right;\"><em><strong>Beki Se\u00fdt\u00e4kow adyndaky mugallym\u00e7ylyk mekdebini\u0148 talyby.<\/strong><\/em><\/div>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>I\u0148lis dilini \u00f6wren\u00fd\u00e4nler \u00fc\u00e7in i\u0148lis dilinde suwara we erkin geplemek \u00f6r\u00e4n kyn \u00fdaly bolup g\u00f6r\u00fcn\u00fd\u00e4r. Emma ol be\u00fdle d\u00e4l \u00e4hli zat hem islege we \u00f6wrenmek m\u00fcmkin\u00e7iligi\u0148ize baglydyr. I\u0148lis dilinde n\u00e4dip suwara geplemeli? Esasylar bilen ba\u015flamak. I\u0148lis dilini \u00f6wren\u00fd\u00e4nleri\u0148 suwara geplemek hakynda d\u00fc\u015f\u00fcnme\u00fd\u00e4n zady pikirlerini a\u00fddy\u0148 we ynamly be\u00fdan etmek \u00fc\u00e7in hemme zady birkemsiz bilmegi\u0148 zerurlygy [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":19317,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/19312"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=19312"}],"version-history":[{"count":3,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/19312\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":24250,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/19312\/revisions\/24250"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/19317"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=19312"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=19312"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=19312"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}