{"id":19987,"date":"2023-12-07T00:19:10","date_gmt":"2023-12-06T19:19:10","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=19987"},"modified":"2023-12-07T00:39:00","modified_gmt":"2023-12-06T19:39:00","slug":"tigirin-taryhy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=19987","title":{"rendered":"Tigiri\u0148 taryhy."},"content":{"rendered":"<p>Pedally hem-de saply ilkinji tigri Ukrainany\u0148 Werhotur\u00fda obasyndan ussa \u00ddefim Artamonow Ors\u00fdetde \u00fdasapdyr. 1801-nji \u00fdyly\u0148 15-nji sent\u00fdabrynda Moskwany\u0148 Hodynski\u00fd me\u00fddanynda m\u00fc\u0148ler\u00e7e adam iki tekerli tigri t\u00e4sin galmak bilen synlapdyrlar. Bu tigir rus paty\u015fasyny\u0148 t\u00e4sin enjamlar \u00fdygyndysynda saklanypdyr, wagty\u0148 ge\u00e7megi bilen, ol halky\u0148 hakydasyndan \u00e7ykypdyr.<\/p>\n<p>1808-nji \u00fdylda Pari\u017ede \u00f6zi iteklen\u00fd\u00e4n, sapsyz g\u00f6rn\u00fc\u015find\u00e4ki tigri \u00fdasapdyrlar. Tigri s\u00fcr\u00fcji gezekli-gezegine a\u00fdagy bilen idip s\u00fcrmeli bolupdyr. Tigir \u00f6zgerdilmedik g\u00f6rn\u00fc\u015finde bolsa-da, uly tizlik bilen bat alyp bilipdir. \u015eu \u00fderden hem &#8220;veloc-\u00e7alasyn, pedes-a\u00fdaklar&#8221; s\u00f6zi gelip \u00e7ykypdyr. 1815-nji \u00fdylda nemes adamy K. Drez \u00fdoly ugrukdyryjy saply tigri d\u00f6redipdir. XlX asyry\u0148 50-nji \u00fdyllarynda onu\u0148 watanda\u015fy F. Fi\u015fer tigri\u0148 \u00f6\u0148ki tekerine \u015fatunly pedallary birikdir\u00fd\u00e4r. Tigri has uly tizlikli edip \u00fdasamak \u00fc\u00e7in onu\u0148 \u00f6\u0148ki tekerine (180 santimetre \u00e7enli) \u00f6l\u00e7eg bilen \u00fdasalypdyr. Yzky tekeri bolsa ki\u00e7iligine (30 santimetre barabar) galyberipdir. \u015ee\u00fdlelikde, ol tigre &#8220;m\u00f6\u00fd&#8221; di\u00fdip at dakypdyrlar.<\/p>\n<p>XlX asyry\u0148 ahyrynda \u00dder \u00fd\u00fcz\u00fcnde tigri\u0148 mu\u015fdagy k\u00f6pelip ugrapdyr. Fransi\u00fdada, Angli\u00fdada hem-de AB\u015e-da t\u00e4ze tigirleri\u0148 \u00fdasalmagy \u00fc\u00e7in m\u00fc\u0148ler\u00e7e teklipler gelipdir. \u015eol wagta \u00e7enli tigiri\u0148 durky has-da \u00f6zgeripdir. Tigri\u0148 tekerleri di\u015fli rezinli g\u00f6rn\u00fc\u015fe gelipdir. Onu\u0148 i\u00e7i welin, pokry\u015fkaly kamera bilen \u00f6rt\u00fclipdir.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki g\u00fcnlerimizde d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fli hem-de d\u00fcrli ugurlar \u00fc\u00e7in tigirler bar. \u00dd\u00fck tigirleri \u00fd\u00f6rite \u00fd\u00fck da\u015fa\u00fdan arabaly bolup, olar bir wagty\u0148 \u00f6z\u00fcnde onlar\u00e7a kilogramlyk \u00fd\u00fcki da\u015fap bil\u00fd\u00e4rler. Po\u00e7ta degi\u015fli bolan tigirleri bolsa , \u00fdokary tizlikli bolar \u00fdaly, \u00fc\u00fdtge\u015fik \u00fdasa\u00fdarlar. \u00c7\u00fcnki olar gel\u00fd\u00e4n, gid\u00fd\u00e4n hatlar wagtynda e\u00fdelerine gow\u015far \u00fdaly hyzmat ed\u00fd\u00e4rler.<\/p>\n<p>\u00c7agalar \u00fc\u00e7in tigirlerde \u00fda\u0148y \u00fd\u00f6rem\u00e4ni \u00f6wrenen k\u00f6rpeleri a\u00fdla\u00fdarlar. Onu\u0148 da\u015fyndan bolsa yetginjek \u00e7agalar \u00fc\u00e7in hem tigirler bar.<\/p>\n<p>Sport \u00fdary\u015flaryna ni\u00fdetlenip \u00fdasal\u00fdan tigirler uly tizlikli hem-de \u00fde\u0148ilden berk bol\u00fdar. \u015ee\u00fdle tigirlerde \u00fdary\u015fyjylar 60 km\/s \u00e7enli tizlik bilen \u00fd\u00f6re\u00fd\u00e4rler. \u00ddary\u015f \u00fc\u00e7in \u00fdasal\u00fdan tigirleri\u0148 2 e\u00fderli g\u00f6rn\u00fc\u015fleri hem bar. Olar has-da uly tizlik bilen \u00fd\u00f6remegine \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r. Bulardan ba\u015fga-da, has \u00fc\u00fdtge\u015fik bolan suw tigirleri hem \u00fdasalypdyr.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>To\u00fdlymyrat GARRY\u00ddEW,<\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148 2-nji \u00fdyl talyby<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Pedally hem-de saply ilkinji tigri Ukrainany\u0148 Werhotur\u00fda obasyndan ussa \u00ddefim Artamonow Ors\u00fdetde \u00fdasapdyr. 1801-nji \u00fdyly\u0148 15-nji sent\u00fdabrynda Moskwany\u0148 Hodynski\u00fd me\u00fddanynda m\u00fc\u0148ler\u00e7e adam iki tekerli tigri t\u00e4sin galmak bilen synlapdyrlar. Bu tigir rus paty\u015fasyny\u0148 t\u00e4sin enjamlar \u00fdygyndysynda saklanypdyr, wagty\u0148 ge\u00e7megi bilen, ol halky\u0148 hakydasyndan \u00e7ykypdyr. 1808-nji \u00fdylda Pari\u017ede \u00f6zi iteklen\u00fd\u00e4n, sapsyz g\u00f6rn\u00fc\u015find\u00e4ki tigri \u00fdasapdyrlar. Tigri s\u00fcr\u00fcji [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":19992,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/19987"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=19987"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/19987\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":19988,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/19987\/revisions\/19988"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/19992"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=19987"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=19987"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=19987"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}