{"id":20129,"date":"2023-12-14T20:56:08","date_gmt":"2023-12-14T15:56:08","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=20129"},"modified":"2023-12-14T20:56:08","modified_gmt":"2023-12-14T15:56:08","slug":"yurdumyzdaky-tasinliklerden-2","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=20129","title":{"rendered":"\u00ddurdumyzdaky t\u00e4sinliklerden"},"content":{"rendered":"<p>\u00dderasty k\u00f6lli bu gowak A\u015fgabatdan 90 km g\u00fcnbatarda, Ahal wela\u00fdatyny\u0148 B\u00e4herden etrabynda \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4r. Ol tebigaty\u0148 se\u00fdrek du\u015f gel\u00fd\u00e4n geologik \u00fdadyg\u00e4rliklerine degi\u015flidir. Gowagy\u0148 umumy uzynlygy 230 m, ini 57 m, be\u00fdikligi bolsa 20 m barabardyr.<\/p>\n<p>Gowagy\u0148 d\u00fc\u00fdbi iri hek da\u015flary bilen \u00f6rt\u00fclendir. Gowagy\u0148 t\u00f6r\u00fcnde, esasy girelgeden 60 m a\u015fakda, uzynlygy 72 m, gi\u0148ligi 30 m, me\u00fddany 108 ined\u00f6rd\u00fcl m we orta\u00e7a \u00e7u\u0148lugy 10 m bolan gow\u015fak mineralla\u015fan k\u00fck\u00fcrt wodorodly k\u00f6l \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4r. K\u00f6l\u00fc\u0148 suwuny\u0148 \u00fdylylygy orta\u00e7a + 37\u00b0C de\u0148dir. Onu\u0148 \u00f6z\u00fcne \u00e7ekijiligi mawy re\u0148kli suwuny\u0148 ynsan saglygyny berkidi\u015f g\u00fc\u00fdj\u00fcni\u0148 bolmagy bilen d\u00fc\u015f\u00fcndiril\u00fd\u00e4r. K\u00f6l\u00fc\u0148 suwy irki d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri derman hasap edil\u00fd\u00e4r. Onu\u0148 d\u00fcz\u00fcmini\u0148 der\u0148ewi ilkinji gezek 1887-nji \u00f6wrenilipdir.<\/p>\n<p>So\u0148ky ge\u00e7irilen ylmy barlaglar suwu\u0148 d\u00fcz\u00fcminde himiki elementleri\u0148 \u00e7yl\u015fyrymly utga\u015fmalaryny\u0148 bardygyny g\u00f6rkezdi. Suwu\u0148 d\u00fcz\u00fcminde tapylan 27 sany himiki elementleri\u0148 arasynda bejeri\u015f h\u00e4si\u00fdetli maddalar hem k\u00f6pd\u00fcr.<\/p>\n<p>Bu gowak h\u00e4zirki wagtda sagaldy\u015f maksady bilen gel\u00fd\u00e4n sy\u00fdahat\u00e7ylary\u0148 uly toparlaryny yzygiderli kabul ed\u00fd\u00e4r. K\u00f6wata gowagyny\u0148 d\u00fc\u00fdbi g\u00fcmmezinden ga\u00e7\u00fdan hek da\u015flar bilen \u00f6rt\u00fclen, hek da\u015flaryna k\u00fck\u00fcrtli suwlary\u0148 ed\u00fd\u00e4n t\u00e4sirleri netijesinde himiki t\u00e4sirle\u015fmeler \u015fu wagt hem ge\u00e7ip dur. Ylmy barlaglary\u0148 tassyklamagyna g\u00f6r\u00e4, \u00fderasty k\u00f6l\u00fcni\u0148 suwy ynsan saglygyny berkitmekde \u00f6r\u00e4n t\u00e4sirlidir.<\/p>\n<p>&#8220;K\u00f6wata&#8221;gowagy baradaky rowa\u00fdatlary\u0148 birinde \u015fe\u00fdle g\u00fcrr\u00fc\u0148beril\u00fd\u00e4r: \u201cEn\u00e7eme \u00fdyl ozal bir oglan bilen bir gyz biri-birini \u00e7akdana\u015fa s\u00f6\u00fd\u00fcpdir. Ene-atalaryny\u0148 gazabyndan gorkup, olar \u00f6\u00fdlerini ta\u015flap ga\u00e7yp gidipdirler. Olary\u0148 ene-atalary olary tapyp, berk temmi bermeli di\u00fden karara gelipdirler. Bu a\u015fyk-mag\u015fuklar ele d\u00fc\u015f\u00e4\u00fdjek bolanlarynda, bir ullakan ga\u00fdany\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde dyzlaryna \u00e7\u00f6k\u00fcp doga-dileg etm\u00e4ge ba\u015flapdyrlar. Olary\u0148 \u00e7\u00e4ksiz s\u00f6\u00fdg\u00fcsini\u0148 hem ynamyny\u0148 g\u00fc\u00fdj\u00fcne \u00fda\u0148ky ga\u00fda \u00fdarylypdyr we a\u015fyk-mag\u015fuklar \u015fol \u00fderde gizlenipdir. Gowagy\u0148 da\u015fynda u\u00e7\u00fdan e\u00fdmen\u00e7 n\u00e4gehanlar pe\u00fdda bolup, olary\u0148 yzyny kow\u00fdanlary\u0148 \u00fd\u00fcregine gorky salypdyr\u201d.<\/p>\n<p>Bu gowak \u00e4girtligi bilen g\u00f6renleri ha\u00fdran galdyryp, onu\u0148 i\u00e7inde 266 sany basgan\u00e7ak bar. Sy\u00fdahat\u00e7ylar gowakdan a\u015faklygyna d\u00fc\u015f\u00fcp gel\u00fd\u00e4rk\u00e4, t\u00e4sin stalaktitleri, \u00fdagny gowagy\u0148 \u00fdokarsyndan sallanyp duran hek \u00f6s\u00fcntgilerini hem-de k\u00f6rsy\u00e7anlary\u0148 s\u00fcr\u00fcsini synlap bil\u00fd\u00e4r. Gowagy\u0148 da\u015f-t\u00f6wereginde sy\u00fdahat\u00e7ylar \u00fc\u00e7in ni\u00fdetlenen restoran hem kafeler bar. Gowakdaky suwu\u0148 hem-de howany\u0148 temperaturasy \u00fc\u00fdtgeme\u00fd\u00e4ndigi \u00fc\u00e7in k\u00f6le islendik wagt baryp bol\u00fdar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\">\n<strong><em>\u00d6wezgeldi T\u00c4\u00c7MEDOW,<\/em><\/strong><br \/>\n<strong><em>Ezizmyrat GARATA\u00ddEW,<\/em><\/strong><br \/>\n<strong><em>T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148,<\/em><\/strong><br \/>\n<strong><em>Oba hojalyk ekinlerini\u0148 se\u00e7gisi we tohum\u00e7ylygy h\u00fcn\u00e4rini\u0148 5-nji \u00fdyl talyplary.<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>\u00dderasty k\u00f6lli bu gowak A\u015fgabatdan 90 km g\u00fcnbatarda, Ahal wela\u00fdatyny\u0148 B\u00e4herden etrabynda \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4r. Ol tebigaty\u0148 se\u00fdrek du\u015f gel\u00fd\u00e4n geologik \u00fdadyg\u00e4rliklerine degi\u015flidir. Gowagy\u0148 umumy uzynlygy 230 m, ini 57 m, be\u00fdikligi bolsa 20 m barabardyr. Gowagy\u0148 d\u00fc\u00fdbi iri hek da\u015flary bilen \u00f6rt\u00fclendir. Gowagy\u0148 t\u00f6r\u00fcnde, esasy girelgeden 60 m a\u015fakda, uzynlygy 72 m, gi\u0148ligi 30 m, me\u00fddany [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/20129"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=20129"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/20129\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":20130,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/20129\/revisions\/20130"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=20129"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=20129"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=20129"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}