{"id":21445,"date":"2025-09-22T16:59:18","date_gmt":"2025-09-22T11:59:18","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=21445"},"modified":"2025-09-23T10:58:38","modified_gmt":"2025-09-23T05:58:38","slug":"maglumatlary-bellap-almagyn-peydalary","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=21445","title":{"rendered":"Maglumatlary bell\u00e4p almagy\u0148 pe\u00fddalary."},"content":{"rendered":"<p>Tehnologi\u00fdany\u0148 \u00f6smegi bilen XXI asyrda adamlar k\u00f6p adaty zatlardan \u00fd\u00fcz \u00f6wr\u00fcp, tehnologi\u00fdany\u0148 i\u0148 so\u0148ky gazananlaryna \u00f6rklen\u00e4\u00fdjek \u00fdaly g\u00f6r\u00fcnse-de, adatylyk babatynda m\u00fc\u0148\u00fdyllyklardan ybarat \u00f6mri bolan kitap, galam, depder&#8230; \u00fdaly d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ykbalyny \u00f6zgerden gymmatlyklar \u00f6z ornuny elektron nesile be\u00fdle bir berip baranok. Hern\u00e4\u00e7e t\u00e4ze tehnologi\u00fdalar ulanmaga \u00fd\u00f6neke\u00fd bolsa-da, amatly bolsa-da galam we \u00fdandepder\u00e7\u00e4mizi gapdalymyzdan go\u00fdmak isleme\u00fd\u00e4ndigimiz k\u00f6p\u00fcmize m\u00e4limdir.<\/p>\n<p>Hawa, k\u00e4teler gazet-\u017eurnal sahypalarynda \u201c\u00ddandepder\u00e7\u00e4 bell\u00e4\u00fdmeli pikirler\u201d s\u00f6zba\u015fysyna du\u015f gel\u00fd\u00e4ris. Bu s\u00f6zba\u015fyny\u0148 astyndaky \u00fdazgy \u00f6z\u00fcni\u0148 azlygy hem-de uzlygy bilen tapawutlan\u00fdar. \u00c7\u00fcnki \u00fdandepder\u00e7\u00e4 bellenil\u00fd\u00e4n pikirler akyl elegini\u0148 i\u0148 ownuk g\u00f6zlerinden ge\u00e7irilip, bu s\u00f6zba\u015fyny\u0148 astynda jemlen\u00fd\u00e4r. Biz olary \u00fdandepder\u00e7\u00e4mize bellik edenimizde has-da gysgaltmaga \u00e7aly\u015f\u00fdarys. \u00c7\u00fcnki bellikler gysga, emma olary\u0148 bize \u00fdatlad\u00fdan pikirleri umman \u00fdaly gi\u0148 bolmalydyr. Munu\u0148 \u015fe\u00fdle bolmalydygyny Tomas Edison aradan \u00e7ykandan so\u0148ra onu\u0148 yzynda galan 2900 sany \u00fdandepder\u00e7e subut ed\u00fd\u00e4r. Albert E\u00fdn\u015fte\u00fdni\u0148 bolsa bir ki\u00e7ijik \u00fdandepder\u00e7esinde onu\u0148 1910-njy \u00fdyldan 1940-njy \u00fdyla \u00e7enli \u00fcst\u00fcnde i\u015fl\u00e4n d\u00fcrli subutnamalaryny\u0148 i\u0148 ownuk b\u00f6lejikleri \u00f6\u0148\u00fcnden bellik edilipdir.<\/p>\n<p>Bellik tutmak zerurlygy ha\u00e7an \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar?<\/p>\n<p>G\u00fcn\u00fc\u0148 dowamynda etjek i\u015flerimizi me\u00fdilnamala\u015fdyrmakda, n\u00e4medir bir zatlary okanymyzda onu\u0148 \u00fd\u00fcregimize j\u00fc\u0148k bolan \u00fderini bell\u00e4p almakda, ders wagtynda \u00fda-da m\u00f6h\u00fcm kimdir biri bilen s\u00f6hbetde\u015f bolup, onu\u0148 her bir a\u00fdd\u00fdan s\u00f6z\u00fcni \u00fdatda saklamaga \u00e7aly\u015fmakda, \u015fe\u00fdle-de durmu\u015fda \u00fcst\u00fcnlik gazanmakda bellik tutmak zerurlygy \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar. Eger-de \u00fdandepder\u00e7\u00e4\u0148iz bar bolsa we siz mu\u0148a her g\u00fcn \u00f6z\u00fc\u0148iz \u00fc\u00e7in zerur bellikleri ed\u00fd\u00e4n bolsa\u0148yz, onda bu sizi\u0148 \u00fcst\u00fcnlige bar\u00fdan \u00fdoldadygy\u0148yzy a\u0148lad\u00fdar.<\/p>\n<p>Bellik tutmak \u2013 munu\u0148 \u00f6zi pikirleri rejelemek, wagtymyzy tyg\u015fytlamak we \u00fcns\u00fcmizi g\u00fc\u00fd\u00e7lendirmekdir. Eger-de okalan maglumaty\u0148 20%-i, okalan hem-de di\u0148lenilen maglumaty\u0148 40%-i, di\u0148lenilenden so\u0148ra \u00fdazylyp alnan maglumaty\u0148 60%-i \u00fdatda gal\u00fdan bolsa, onda bellik tutmak endigini ele almaga edil \u015fu makalany okap oturan pursaty\u0148yzdan ba\u015fla\u0148! Derhal gola\u00fddaky \u00e7ekmeden belki-de k\u00f6pden b\u00e4ri ulanmagy \u00fdatdan \u00e7ykaran \u00fdandepder\u00e7\u00e4\u0148izi\u0148 \u00f6z\u00fc\u0148iz \u00fc\u00e7in amatly bolan sahypasyna galam d\u00fcrt\u00fc\u0148! \u015ee\u00fdlelikde \u015fu \u00fderde nygtal\u00fdan pikirlere siz \u00fdene-de n\u00e4\u00e7e wagt ge\u00e7se-de gazeti g\u00f6zl\u00e4p \u00fd\u00f6rmezden \u00fdandepder\u00e7\u00e4\u0148izden g\u00f6z a\u00fdlap bilersi\u0148iz.<\/p>\n<p>Mekdep okuw\u00e7ylary we \u00fdokary okuw mekdebi\u0148 talyplary \u00fc\u00e7in bellik tutmak olary\u0148 derslerd\u00e4ki ba\u015farnyklaryny artdyr\u00fdar. Bellik tutmak okuw\u00e7yny\u0148 derse i\u015fje\u0148 gatna\u015fmagyny we bar \u00fcns\u00fcni mugallymy\u0148 g\u00fcrr\u00fc\u0148 ber\u00fd\u00e4n temasyna g\u00f6n\u00fckdirmegine \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r. \u00ddogsam, k\u00e4te okuw\u00e7y fiziki ta\u00fddan synpda, emma pikirleri synpy\u0148 da\u015fynda se\u00fdran ed\u00fd\u00e4r. Emma bellik tutup ders di\u0148l\u00e4nimizde elimizi\u0148 hereketi bilen be\u00fdnimizi derse dolulygyna g\u00f6n\u00fckdirip bil\u00fd\u00e4ris.<\/p>\n<p>Bellik tutmagy\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fleri ha\u00fdsylar?<\/p>\n<p>Bellik tutmak 4 g\u00f6rn\u00fc\u015fde amala a\u015fyrylyp bilin\u00fd\u00e4r:<\/p>\n<p>Okalan maglumatlary bellik tutmak;<\/p>\n<p>Di\u0148lenilen maglumatlary bellik tutmak;<\/p>\n<p>Seljerilen maglumatlary bellik tutmak;<\/p>\n<p>Pikirleri bellik tutmak.<\/p>\n<p>Okalan, di\u0148lenilen we seljerilen maglumatlary bellik tutmak bize islendik mesel\u00e4ni umumylykda ele almak ba\u015farnygyny we netij\u00e4 has \u00e7alt \u00fdetmek ba\u015farnygyny gazandyr\u00fdar. Pikirleri bellik tutmak bolsa bir pikiri\u0148 has-da aja\u00fdyp pikirlere \u00fdol a\u00e7magyna we pikirleri\u0148 a\u0148ymyzda zerurlygyna g\u00f6r\u00e4 tertiplenmegine \u015fert d\u00f6red\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Bellik tutmakda esasy bolmaly a\u00fdratynlyklary\u0148 biri a\u00fddyl\u00fdan zatlary bell\u00e4p almak h\u00f6kmandyr. Emma her bir a\u00fddyl\u00fdan zady bellejek bolup, so\u0148undan \u00fdandepder\u00e7\u00e4\u0148ize \u00f6z\u00fc\u0148iz d\u00fc\u015f\u00fcnm\u00e4n durma\u0148! \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in hem bellik tutulanda di\u0148e m\u00f6h\u00fcm \u00fderler we gysga setirler bilen bellenilmeli. 1 minutda 20-25 s\u00f6z \u00fdazmak ba\u015farnygy bolan \u00fda\u015flar bellik tutmakda kyn\u00e7ylyk \u00e7ekmezler.<\/p>\n<p>Eger-de dersde mugallymy\u0148 g\u00fcrr\u00fc\u0148 ber\u00fd\u00e4n maglumaty kitapda bar bolsa, onda siz mugallymy\u0148 a\u00fdd\u00fdan t\u00e4ze be\u00fdleki maglumatlaryny depderi\u0148ize bellik etmegi \u00f6wreni\u0148. So\u0148ra kitapdan \u00f6wrenenleri\u0148izi\u0148 \u00fcst\u00fcni depderi\u0148ize bellik eden maglumatlary\u0148yz bilen ba\u00fdla\u015fdyryp bilersi\u0148iz.<\/p>\n<p>Dersi\u0148 \u00fda-da islendik bir \u00e7yky\u015fy\u0148 dowamynda \u00e7ykyp geple\u00fd\u00e4n adamy\u0148 a\u00fdtjak pikirini\u0148 m\u00f6h\u00fcmligini onu\u0148 \u015fol pikiri a\u00fdtmanka gysgajyk s\u00e4gin\u00fd\u00e4ndigini \u00fda-da sesini\u0148 he\u0148ini \u00fc\u00fdted\u00fd\u00e4ndigini du\u00fdmak bol\u00fdar. \u015ee\u00fdle esasda biz mugallymy\u0148 her bir a\u00fddan s\u00f6z\u00fcni bell\u00e4p almak kyn\u00e7ylygyny \u00fde\u0148ip ge\u00e7\u00fd\u00e4ris.<\/p>\n<p>Bellik tutmagy\u0148 i\u0148 esasy a\u00fdratynlyklaryny biri hem tutan belliklerimizi k\u00e4te ga\u00fdtalamak we olary mekdepden \u00f6\u00fd\u00fcmize baranymyzdan so\u0148 has-da arassalap, ba\u015fga bir depdere g\u00f6\u00e7\u00fcrmekdir.<\/p>\n<p>Bellik tutmagy\u0148 pe\u00fddalary.<\/p>\n<p>Wagty tyg\u015fytla\u00fdar;<\/p>\n<p>M\u00f6h\u00fcm meseleler babatynda d\u00fc\u00fdpli pikirlenip, netije \u00e7ykarmaga \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r;<\/p>\n<p>A\u0148ymyzy we o\u00fdlap tapyjylygymyzy g\u00fc\u00fd\u00e7lendir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>\u00ddatke\u015fligi artdyr\u00fdar.<\/p>\n<p>Her bir g\u00fcne me\u00fdilnamaly ba\u015flamaga \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Zehinimizi g\u00fc\u00e7\u00fdlendir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Elimizde k\u00f6plen\u00e7 delili\u0148 bolmagyna \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Di\u0148e \u00f6wrenmekde d\u00e4l, e\u00fdsem, bir zady \u00f6wretmekde-de pe\u00fddalydyr.<\/p>\n<p>\u00ddazmak ukybymyzy artdyr\u00fdar.<\/p>\n<p>Maglumatlary dilden g\u00fcrr\u00fc\u0148 berenimizde yzygiderligi saklamagy \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Bellik tutmak bilen baglany\u015fykly bir be\u00fdleki a\u00fddyljak pikir bolsa, bellik tut\u00fdan kagyzy\u0148yza sen\u00e4ni go\u00fdmagy \u00fdatdan \u00e7ykarma\u0148!<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Ata\u00fdew A\u015fyrmuhammet<\/strong><\/em><br \/>\n<em><strong>Halkara senagat\u00e7ylar we teleke\u00e7iler uniwersitetini\u0148 Dil \u00f6wreni\u015f b\u00f6l\u00fcmini\u0148 112-nji toparyny\u0148 talyby<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Tehnologi\u00fdany\u0148 \u00f6smegi bilen XXI asyrda adamlar k\u00f6p adaty zatlardan \u00fd\u00fcz \u00f6wr\u00fcp, tehnologi\u00fdany\u0148 i\u0148 so\u0148ky gazananlaryna \u00f6rklen\u00e4\u00fdjek \u00fdaly g\u00f6r\u00fcnse-de, adatylyk babatynda m\u00fc\u0148\u00fdyllyklardan ybarat \u00f6mri bolan kitap, galam, depder&#8230; \u00fdaly d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ykbalyny \u00f6zgerden gymmatlyklar \u00f6z ornuny elektron nesile be\u00fdle bir berip baranok. Hern\u00e4\u00e7e t\u00e4ze tehnologi\u00fdalar ulanmaga \u00fd\u00f6neke\u00fd bolsa-da, amatly bolsa-da galam we \u00fdandepder\u00e7\u00e4mizi gapdalymyzdan go\u00fdmak isleme\u00fd\u00e4ndigimiz k\u00f6p\u00fcmize [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":25308,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/21445"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=21445"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/21445\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":25292,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/21445\/revisions\/25292"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/25308"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=21445"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=21445"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=21445"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}