{"id":21742,"date":"2024-03-17T11:11:38","date_gmt":"2024-03-17T06:11:38","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=21742"},"modified":"2024-03-17T11:11:38","modified_gmt":"2024-03-17T06:11:38","slug":"magtymguly-pyragy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=21742","title":{"rendered":"Magtymguly Pyragy"},"content":{"rendered":"<p>Magtymguly Pyragy t\u00fcrkmen halkyny\u0148 milli \u015fahyry bolmak bilen bir wagtda, b\u00fctin adamzady\u0148 akyldar \u015fahyrydyr. Magtymgulyny okan her bir adam onu\u0148 \u015fygyrlarynda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ynsanperwer \u00fd\u00f6relgelerini we tutu\u015f ynsany\u00fdete degi\u015fli taglymatlary g\u00f6r\u00fcp bil\u00fd\u00e4r. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in-de halkymyzy\u0148 we b\u00fctin adamzady\u0148 Magtymguly Pyraga bolan s\u00f6\u00fdg\u00fcsi \u00e7\u00e4ksizdir.<\/p>\n<p>Akyldar \u015fahyry\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty Gara\u015fsyz Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze taryhy e\u00fd\u00fdamynda has belende g\u00f6terildi. \u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb \u00fdylynda be\u00fdik akyldary\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygyny\u0148 di\u0148e bizi\u0148 \u00fdurdumyzda d\u00e4l, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 en\u00e7eme d\u00f6wletlerinde uly dabara bilen belleniljekdigi bizi di\u00fdse\u0148 begendir\u00fd\u00e4r. Halkymyz \u00f6z akyldar \u015fahyryny\u0148 sarpasyny hemi\u015fe belent saklap gel\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Eziz Di\u00fdarymyzda \u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb \u00fdylynda akyldar \u015fahyry\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli dabaralara uly \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen halky d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u015fygyr sungatyny ba\u00fdla\u015fdyrmakda we \u00f6sd\u00fcrmekde uly hyzmatlary bitiren s\u00f6z ussady Magtymguly Pyragyny\u0148 d\u00f6redijiligine belent sarpa bilen gara\u00fdar. Asyrlary\u0148 dowamynda pederlerimiz akyldar \u015fahyry\u0148 go\u015fgularyny \u00fdatdan a\u00fddypdyrlar, to\u00fdlarda a\u00fddym-saz bilen aja\u00fdyp go\u015fgulary belent he\u0148de \u00fderine \u00fdetiripdirler.<\/p>\n<p>\u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb \u00fdylynda milli edebi\u00fdatymyzy ylmy esasda \u00f6wrenm\u00e4ge we d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fda\u00fdmaga gi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikler d\u00f6redil\u00fd\u00e4r. Bu g\u00fcnki g\u00fcnde nusgawy edebi\u00fdatymyz, milli medeni\u00fdetimiz d\u00fcn\u00fd\u00e4de dabaralandyryl\u00fdar, gi\u0148den wagyz edil\u00fd\u00e4r. Magtymguly Pyragyny\u0148 eserleri edebi\u00fdat\u00e7ylar we d\u00f6redijilik i\u015fg\u00e4rleri, \u015fe\u00fdle hem ylmy i\u015fg\u00e4rler, alymlar tarapyndan \u00f6wrenilip gelnipdir, h\u00e4zirki wagtda hem \u00f6wrenil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Magtymguly ynsan mertebesini \u00fdokarda go\u00fdup, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 her bir tire-ta\u00fdpasyny\u0148 biri-biri bilen, go\u0148\u015fy halklar bilen agzybir \u00fda\u015famak pikirlerini \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fcp, \u00f6z\u00fcni\u0148 edebi mirasyny ynsanperwer \u00fcndewler bilen ba\u00fdla\u015fdyrdy.<\/p>\n<p><em>Asla adamzada ajy s\u00f6z urma\u0148,<br \/>\nPakyra-misgine delalat \u00fdag\u015fy.<br \/>\nBahyla ugrama\u0148, g\u00fcler \u00fd\u00fcz berm\u00e4\u0148,<br \/>\nM\u00f6h\u00fcm bitirm\u00e4ge kipa\u00fdat \u00fdag\u015fy \u2014<\/em><\/p>\n<p>di\u00fdip, ynsan \u00e4hline hormat go\u00fdmak, olary\u0148 mertebesini belende g\u00f6termek pikirini \u00e7eper be\u00fdan ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>\u00ddurdumyzy\u0148 \u00fdokary okuw mekdeplerini\u0148 talyp \u00fda\u015flarydyr professor-mugallymlary d\u00f6wletimizde we halkara derejesinde Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n forumlara, ylmy-amaly maslahatlara, onla\u00fdn du\u015fu\u015fyklara i\u015fje\u0148 gatna\u015f\u00fdarlar. 2023-2024-nji okuw \u00fdylyny\u0148 ikinji \u00fdarymyny\u0148 ilkinji okuw sapagyny\u0148 \u00fdyly\u0148 \u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb atly \u015fygary bilen ge\u00e7irilmegi hem a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdete e\u00fde boldy. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 \u00fditi zehininden d\u00f6r\u00e4n go\u015fgusyndan ugur alyp hem-de halkymyzy\u0148 erk-islegi esasynda 2024-nji \u00fdyly\u0148 Magtymguly Pyragyny\u0148 ady bilen baglany\u015fykly atlandyrylmagy bolsa \u00e4hlimizi t\u00e4ze \u00fcst\u00fcnliklere ruhlandyr\u00fdar.<\/p>\n<p>Magtymguly Pyragyny\u0148 d\u00f6redijiligi ruhy gymmatlyk h\u00f6km\u00fcnde ynsanlary\u0148 kalbyna \u00e7u\u0148\u0148ur orna\u015f\u00fdar. \u015eahyry\u0148 edebi mirasy \u00fda\u015f nesillerimiz \u00fc\u00e7in hem ylham \u00e7e\u015fmesidir, k\u00e4mil watan\u00e7ylyk kelamydyr. T\u00fcrkmen edebi\u00fdatyny\u0148 ruhy s\u00fct\u00fcni Magtymguly Pyragyny\u0148 edebi mirasyny \u00f6wrenm\u00e4ge gi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri d\u00f6red\u00fd\u00e4n, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, s\u00f6z sungatyny\u0148 \u00e4girtlerini\u0148 sarpasyny belent tut\u00fdan t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy\u0148 janlary sag, \u00f6m\u00fcrleri uzak, belent ba\u015flary aman bolsun, tutumly i\u015fleri hemi\u015fe rowa\u00e7lyklara beslensin!<\/p>\n<p>Hormatly Prezidentimizi\u0148 \u00abG\u00fcndogary\u0148 be\u00fdik akyldary we nusgawy \u015fahyry Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygyny bellemek hakynda\u00bb Kararyna la\u00fdyklykda, 2024-nji \u00fdyly\u0148 ilkinji g\u00fcnlerinden ba\u015flap, Watanymyzda we da\u015fary \u00fdurtlarda be\u00fdik s\u00f6z ussadyny\u0148 adamzady\u0148 ruhy medeni\u00fdetini\u0148 hazynasyna giren hem-de \u00fda\u015flarda \u00fdokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watan\u00e7ylyk du\u00fdgularyny terbi\u00fdelemegi\u0148 milli mekdebini\u0148 bin\u00fdadyny emele getir\u00fd\u00e4n ba\u00fd edebi mirasyny \u00f6wrenmek, b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de wagyz etmek bo\u00fdun\u00e7a gi\u0148 gerimli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar.<\/p>\n<p>M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Magtymguly Pyragyny\u0148 gol\u00fdazmalar toplumy BMG-ni\u0148 Bilim, ylym we medeni\u00fdet meseleleri bo\u00fdun\u00e7a guramasyny\u0148 (\u00ddUNESKO) \u00abD\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 hakydasy\u00bb maksatnamasyny\u0148 halkara sanawyna girizildi. Mundan ba\u015fga-da, \u015fahyry\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy 2024-2025-nji \u00fdyllarda \u00ddUNESKO bilen bilelikde bellenilip ge\u00e7iljek \u015fanly seneleri\u0148 sanawyna go\u015fuldy. T\u00fcrki medeni\u00fdeti\u0148 halkara guramasy (T\u00dcRKSO\u00dd) tarapyndan 2024-nji \u00fdyl \u00abT\u00fcrki d\u00fcn\u00fd\u00e4sini\u0148 be\u00fdik \u015fahyry we akyldary Magtymguly Pyragy \u00fdyly\u00bb di\u00fdlip yglan edildi.<\/p>\n<p>Be\u00fdik akyldary\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli guraljak dabaralary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Magtymguly Pyragy medeni-se\u00fdilg\u00e4h toplumyny\u0148 a\u00e7yly\u015f dabarasy bolar. A\u015fgabady\u0148 g\u00fcnorta b\u00f6leginde gurlan belent \u00fdadyg\u00e4rlik t\u00fcrkmen halkyny\u0148 akyldar \u015fahyry\u0148 we filosofy\u0148 \u00f6mr\u00fcne hem-de d\u00f6redijilik mirasyna go\u00fd\u00fdan \u00e7u\u0148\u0148ur hormatyny\u0148 ny\u015fanydyr. Milli Liderimizi\u0148 teklibi esasynda bu toplumy\u0148 \u00e7\u00e4ginde da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 me\u015fhur \u015fahsy\u00fdetlerini\u0148, g\u00f6rn\u00fckli \u00fdazyjy-\u015fahyrlaryny\u0148 we s\u00f6z ussatlaryny\u0148 he\u00fdkelleri oturdylar. Munu\u0148 \u00f6zi Magtymguly Pyragyny\u0148 eserlerinde be\u00fdan edilen halklary\u0148 dost-doganlygyny\u0148 we ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylygy\u0148 dabaralan\u00fdandygyny\u0148 g\u00fcw\u00e4si bolar.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda Magtymguly Pyragyny\u0148 \u015fygyrlary t\u00e4ze\u00e7e \u00f6w\u00fc\u015fginde \u00fda\u0148lanyp, halkara ynsanperwer hyzmatda\u015flygy pugtalandyrmakda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ho\u015fme\u00fdilli erkini\u0148 ny\u015fanyna \u00f6wr\u00fcldi. Be\u00fdik akyldar \u015fahyry\u0148 d\u00f6redijilik mirasy bahasyna \u00fdetip bolmajak milli ba\u00fdlykdyr we d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetini\u0148 hazynasyny\u0148 a\u00fdrylmaz b\u00f6legidir. Onu\u0148 \u015fygyrlary adamlary\u0148 kalbyny\u0148 t\u00f6r\u00fcnden orun al\u00fdar.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 be\u00fdik s\u00f6z ussadyny\u0148 dabarasy dag a\u015fdy. \u015eahyry\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli, \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary \u00fdurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan, e\u00fd\u00fd\u00e4m ge\u00e7en \u00fdyldan ba\u015flap, T\u00fcrki\u00fdede, Azerba\u00fdjanda, Gruzi\u00fdada, Ukrainada, \u00d6zbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyni\u00fdada, Russi\u00fdada, Kore\u00fda Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikany\u0148 Birle\u015fen \u015etatlarynda, \u00ddaponi\u00fdada, E\u00fdranda, Pakistanda, Hindistanda, Germani\u00fdada, Ispani\u00fdada, Be\u00fdik Britani\u00fdada ylmy maslahatlar, d\u00f6redijilik hepdelikleri, du\u015fu\u015fyklar, filmleri\u0148 we wideo\u015fekilleri\u0148 g\u00f6rkezili\u015fleri, edebi\u00fdat ag\u015famlary, b\u00e4sle\u015fikler guraldy.<\/p>\n<p>\u015ee\u00fdlelikde, akyldar \u015fahyra bagy\u015flanyp ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00e7\u00e4reler we me\u00fdille\u015fdirilen ba\u00fdram\u00e7ylyk dabaralary be\u00fdik s\u00f6z ussadyny\u0148 \u015f\u00f6hratyny artdyrmaga, d\u00f6redijiligini d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iligine has gi\u0148i\u015fle\u00fdin tanatmaga m\u00fcmkin\u00e7ilik ber\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Oguzhan adyndaky \u201cT\u00fcrkmenfilm\u201d birle\u015figi Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 d\u00fcrli \u00fdurtlarynda dokumental filmleri surata d\u00fc\u015f\u00fcrmek i\u015fini dowam ed\u00fd\u00e4r. \u00dda\u0148y-\u00fdakynda t\u00fcrkmen kinematograflaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolup, dokumental filmi \u00fdazgy etdiler. Umuman, Oguzhan adyndaky \u201cT\u00fcrkmenfilm\u201d birle\u015figi Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli \u00d6zbegistanda, Azerba\u00fdjandam E\u00fdranda, T\u00fcrki\u00fdede we Russi\u00fda Federasi\u00fdasyny\u0148 Astrahan oblastynda dokumental filmleri surata d\u00fc\u015f\u00fcrdiler.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Dursunjemal DURDY\u00ddEWA,<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>D\u00f6wletm\u00e4mmet Azady adyndaky T\u00fcrkmen Milli d\u00fcn\u00fd\u00e4 dilleri institutyny\u00f1 talyby<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Magtymguly Pyragy t\u00fcrkmen halkyny\u0148 milli \u015fahyry bolmak bilen bir wagtda, b\u00fctin adamzady\u0148 akyldar \u015fahyrydyr. Magtymgulyny okan her bir adam onu\u0148 \u015fygyrlarynda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ynsanperwer \u00fd\u00f6relgelerini we tutu\u015f ynsany\u00fdete degi\u015fli taglymatlary g\u00f6r\u00fcp bil\u00fd\u00e4r. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in-de halkymyzy\u0148 we b\u00fctin adamzady\u0148 Magtymguly Pyraga bolan s\u00f6\u00fdg\u00fcsi \u00e7\u00e4ksizdir. Akyldar \u015fahyry\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty Gara\u015fsyz Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze taryhy e\u00fd\u00fdamynda has belende g\u00f6terildi. \u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":21153,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/21742"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=21742"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/21742\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":21743,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/21742\/revisions\/21743"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/21153"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=21742"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=21742"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=21742"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}