{"id":22255,"date":"2025-04-22T19:27:33","date_gmt":"2025-04-22T14:27:33","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=22255"},"modified":"2025-04-22T19:27:53","modified_gmt":"2025-04-22T14:27:53","slug":"gozelligin-waspy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22255","title":{"rendered":"G\u00f6zelligi\u0148 waspy"},"content":{"rendered":"<p>K\u00f6psanly \u00fdurtlardan myhmanlar T\u00fcrkmen bedewini\u0148 ba\u00fdramy mynasybetli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n dabaralara gatna\u015fmak \u00fc\u00e7in \u00fdurdumyza geldiler. Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy, g\u00f6zel topragymyzy, \u00fdyndam t\u00fcrkmen atlaryny g\u00f6z\u00f6\u0148\u00fcne getirip, \u00f6z bu\u00fdsanjyny, bedewlere bolan hormatyny wasp ed\u00fd\u00e4r.<br \/>\nBedew \u2013 bu ba\u00fdlyk h\u00f6km\u00fcnde we tohum atlaryny\u0148 \u015fu g\u00fcne \u00e7enli \u00fdetirilmegi bilen gymmaty has \u00fdokary hasaplanyl\u00fdar. Her bir t\u00fcrkmen bu aja\u00fdyplygy sungaty\u0148 d\u00fcrli ugurlary bo\u00fdun\u00e7a waspyny \u00fdetir\u00fd\u00e4rler. \u015eonu\u0148 bilen birlikde T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet \u00e7eper\u00e7ilik akademi\u00fdasynda nakga\u015flyk, he\u00fdkeltara\u015flyk, binag\u00e4rlik, amaly-ha\u015fam sungaty we be\u00fdleki milli sungat ugurlary bo\u00fdun\u00e7a bilim al\u00fdan talyplaryny\u0148 we halypa mugallymlaryny\u0148, T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet \u00fd\u00f6rite \u00e7eper\u00e7ilik mekdebini\u0148 mugallym we talyplaryny\u0148 gatna\u015fmagynda \u201cT\u00fcrkmen bedewi\u201d atly sergisinde ahalteke bedewlerini bu\u00fdsan\u00e7 bilen, h\u00f6wes bilen d\u00f6redijilik eserlerinde wasp etm\u00e4ge \u00e7aly\u015fdylar. Bu ugurlary\u0148 i\u00e7inde \u201cAmaly-ha\u015fam sungaty\u201d kafedrasynda zerg\u00e4r\u00e7ilik b\u00f6l\u00fcmi bolup, \u00fdeke bir milli zerg\u00e4r\u00e7ilik sungatyny\u0148 t\u00e4rlerini \u00f6wrenmek bilen \u00e7\u00e4klenm\u00e4n, e\u00fdsem, haly\u00e7ylyk we keramika sungaty hakykaty suratlandyr\u00fdan (realistik) \u015fekillendiri\u015f sungatyny\u0148 hem \u00e7yl\u015fyrymly t\u00e4rlerini \u00f6zle\u015fdir\u00fd\u00e4rler. Her \u00fdyly\u0148 aprel a\u00fdyny\u0148 so\u0148ky \u00fdek\u015fenbesinde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 \u201cMilli bedew\u201d ba\u00fdramyny dabaraly ge\u00e7irmekleri bilen, T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet \u00e7eper\u00e7ilik akademi\u00fdasyny\u0148 sergiler ja\u00fdynda \u201cT\u00fcrkmen bedewi\u201d atly b\u00e4sle\u015fik sergisi ge\u00e7irildi. Ahalteke atlaryny\u0148 g\u00f6zelligini \u015fekillendiri\u015f we amaly-ha\u015fam sungatyny\u0148 eserlerinde, ne\u015fir \u00f6n\u00fcmlerinde, fotosuratlarda, tele\u00fda\u00fdlymlarda \u00e7eper be\u00fdan edildi. Sanlyja g\u00fcnden suratke\u015fleri\u0148, he\u00fdkeltara\u015flary\u0148, haly\u00e7ylary\u0148, zerg\u00e4rleri\u0148, fotosurat\u00e7ylary\u0148, ne\u015fir\u00fdat i\u015fg\u00e4rlerini\u0148, diza\u00fdnerleri\u0148, teleoperatorlary\u0148 arasynda yglan edilen d\u00f6redijilik b\u00e4sle\u015figini\u0148 \u00fde\u0148ijilerini sylaglamak dabarasy boldy.<br \/>\nBu d\u00f6redijilik sergisine Amaly-ha\u015fam sungatyny\u0148 zerg\u00e4r\u00e7ilik eserleri bo\u00fdun\u00e7a gujurly \u00fda\u015f zerg\u00e4r Abra\u00fd Anna\u00fdew \u201cMilli mirasym\u201d atly at \u015fa\u00fd-sepi\u0148 toplumy bilen gatna\u015fdy. Onu\u0148 \u00fderine \u00fdetiren eserinde XIX \u2013 XX asyrlary\u0148 ba\u015fynda t\u00fcrkmen zerg\u00e4r\u00e7ilik sungatyny\u0148 \u00f6s\u00fc\u015fini\u0148 esasy ugruny, hakyky durmu\u015fy\u0148 mazmunyny \u015fertli \u015fahyranadan umumyla\u015fdyrylan g\u00f6rn\u00fc\u015finde \u015f\u00f6hlelendirilipdir. Ha\u015fam gurlu\u015fy\u0148 \u00e7eper\u00e7ilik labyzlylygy eseri\u0148 ke\u015fp gurlu\u015fynda \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar. At \u015fa\u00fd-sepi\u0148 esasy s\u00fc\u0148\u0148i k\u00fcm\u00fc\u015fden bolup, altyn \u00e7a\u00fdma usulyny ulan\u00fdar. Hakyk we \u201cp\u00f6wrize\u201d ga\u015flaryny ga\u015f \u00f6\u00fdlerine berkidip, \u00f6r\u00e4n nepislik bilen \u201cnerrek\u201d, \u201c\u00fdylanyzy\u201d we be\u00fdleki go\u015fma\u00e7a geometrik \u015fekilli nagy\u015flary ulan\u00fdar. Aty\u0148 \u015fa\u00fd-seplerine ilki bilen g\u00f6w\u00fcsbent degi\u015fli bolup, bezeg \u00fc\u00e7in aty\u0148 g\u00f6ws\u00fcne atanakla\u00fdyn dakyl\u00fdan \u00fd\u00fczi k\u00fcm\u00fc\u015f \u201cgu\u015fg\u00f6zi\u201d, \u201csytaraly\u201d \u015fa\u00fdly \u00fdasy ga\u00fdy\u015f bilen bezel\u00fd\u00e4r.<br \/>\nBu \u015fa\u00fd-seplerini\u0148 ulanyly\u015f d\u00e4pleri\u0148 taryhy k\u00f6klerini kesgitlemek kyn d\u00e4l. T\u00fcrkmen \u00fdigidini\u0148 wepaly dosty bolan bedewi ha\u00fd-ha\u00fdly tutly\u015fyklar wagtynda \u00fda\u00fdy\u0148 oklaryndan we na\u00fdzalardan goramaly bolupdyr. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in adamlar \u00f6zlerini\u0148 wepaly syrda\u015flaryny ba\u015fardyklary\u00e7a gorapdyrlar. \u015ee\u00fdlelikde \u00fda\u015f d\u00f6redijilik ynsanlary\u0148 d\u00fcrli mowzuklarda, islendik sungaty\u0148 \u00fcsti bilen bedewleri\u0148 waspyny\u0148 edilmegini\u0148 \u00f6zi hem hormat go\u00fdmagymyzdadyr.<br \/>\nBerkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde \u00fdurdumyzy\u0148 zerg\u00e4r\u00e7ilik sungaty uly \u00f6zgeri\u015fleri, \u00f6s\u00fc\u015fleri ba\u015fdan ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r. Bu sungat t\u00e4zeden jan ber\u00fd\u00e4n zerg\u00e4rleri\u0148 i\u015fleri di\u0148e bir halkymyzy\u0148 d\u00e4l, e\u00fdsem d\u00fcn\u00fd\u00e4 halklaryny\u0148 gyzyklanmasyna, s\u00f6\u00fdg\u00fcsine mynasyp bol\u00fdar. Zerg\u00e4r\u00e7ilik sungaty bu g\u00fcnki g\u00fcnde \u00f6z\u00fcni \u00fdene bir \u00fdola ykrar etm\u00e4ge we geljekki neslimize uly mirasyny\u0148 aglaba b\u00f6legini b\u00fctewi \u00fdagda\u00fdda \u00fdadyg\u00e4rlik go\u00fdmaga m\u00fcmkin\u00e7ilikler bardyr. Bizi\u0148 ussat zerg\u00e4rlerimiz ata-babalarymyzdan galan medeni mirasymyz bolan zerg\u00e4r\u00e7ilik sungatyny halypa \u015f\u00e4girtlik \u00fdoluny\u0148 dowam ed\u00fd\u00e4ndigini g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<div dir=\"auto\" style=\"text-align: right;\"><strong><em>G\u00fclendam MUSA\u00ddEWA,<\/em><\/strong><\/div>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>S.A.Ny\u00fdazow adyndaky T\u00fcrkmen oba hojalyk uniwersitetini\u0148 Dokma \u00f6n\u00fcm\u00e7iligi fakultetini\u0148 Tikin\u00e7ilik \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini\u0148 tehnologi\u00fdasy h\u00fcn\u00e4rini\u0148 3-nji \u00fdyl talyby<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>K\u00f6psanly \u00fdurtlardan myhmanlar T\u00fcrkmen bedewini\u0148 ba\u00fdramy mynasybetli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n dabaralara gatna\u015fmak \u00fc\u00e7in \u00fdurdumyza geldiler. Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy, g\u00f6zel topragymyzy, \u00fdyndam t\u00fcrkmen atlaryny g\u00f6z\u00f6\u0148\u00fcne getirip, \u00f6z bu\u00fdsanjyny, bedewlere bolan hormatyny wasp ed\u00fd\u00e4r. Bedew \u2013 bu ba\u00fdlyk h\u00f6km\u00fcnde we tohum atlaryny\u0148 \u015fu g\u00fcne \u00e7enli \u00fdetirilmegi bilen gymmaty has \u00fdokary hasaplanyl\u00fdar. Her bir t\u00fcrkmen bu aja\u00fdyplygy sungaty\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":22256,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22255"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=22255"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22255\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":22258,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22255\/revisions\/22258"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/22256"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=22255"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=22255"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=22255"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}