{"id":22442,"date":"2024-05-20T06:06:40","date_gmt":"2024-05-20T01:06:40","guid":{"rendered":"https:\/\/newashgabat.com\/?p=22442"},"modified":"2024-05-20T06:06:40","modified_gmt":"2024-05-20T01:06:40","slug":"turkmen-halysy-nepisligin-nysany","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22442","title":{"rendered":"T\u00fcrkmen halysy-nepisligi\u0148 ny\u015fany"},"content":{"rendered":"<p>T\u00e4ze taryhy d\u00f6w\u00fcrde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ruhy-medeni mirasyny d\u00fc\u00fdpli \u00f6wrenmek, onu\u0148 gadymy d\u00e4plerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylaryny a\u00fdawly saklamak hem-de ba\u00fdla\u015fdyrmak \u00fdurdumyzy\u0148 d\u00f6wlet sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 biridir.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmen halylaryny\u0148 gadymy g\u00f6llerini\u0148 gelip \u00e7yky\u015fyny\u0148 taryhy a\u00fdratynlyklary bar. \u00c7eper elli zenanlar haly g\u00f6llerinde hemi\u015fe da\u015fymyzy gur\u015fap alan hakykaty \u015f\u00f6hlelendiripdirler, \u015folarda bolsa gadymy taryh we h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcr utga\u015f\u00fdar. Bu g\u00f6ller milli \u00f6w\u00fc\u015fgine e\u00fde bolup, gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri gymmatlygyny saklap gel\u00fd\u00e4r. Halk p\u00e4himinde bellenili\u015fi \u00fdaly, suw \u2014 t\u00fcrkmeni\u0148 durmu\u015fy, at \u2014 t\u00fcrkmeni\u0148 ganaty, haly \u2014 t\u00fcrkmeni\u0148 kalby.<\/p>\n<p>Bu g\u00fcn haly\u00e7ylygy\u0148 t\u00e4sin senedini gi\u0148den \u00fda\u00fdmak, g\u00f6zelligi bo\u00fdun\u00e7a de\u0148i-ta\u00fdy bolmadyk gadymy halylary a\u00fdawly saklamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowy\u0148 parasatly sy\u00fdasatyny\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7irilmegi netijesinde, \u00fdurdumyzy\u0148 haly\u00e7ylyk pudagyny\u0148 \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik d\u00fcz\u00fcmi d\u00f6wrebapla\u015fdyryl\u00fdar, t\u00e4ze fabrikler gurul\u00fdar we hereket ed\u00fd\u00e4n \u00f6n\u00fcm\u00e7ilikleri\u0148 durky t\u00e4zelen\u00fd\u00e4r. \u015eolarda \u00e7eper elli haly\u00e7ylary\u0148 netijeli z\u00e4hmet \u00e7ekmegi hem-de d\u00f6redijilik pikirlerini amala a\u015fyrmak \u00fc\u00e7in amatly \u015fertler d\u00f6redil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Haly dokal\u00fdan d\u00f6wrebap k\u00e4rhanalar \u00fdurdumyzy\u0148 \u00e4hli k\u00fcnjeklerinde hereket ed\u00fd\u00e4r. \u015eolarda \u00f6l\u00e7egleri hem-de dokaly\u015fy bo\u00fdun\u00e7a k\u00e4mil halylar \u00f6nd\u00fcrilip, olar h\u00f6k\u00fcmet toplumlaryny\u0148, medeni merkezleri\u0148 we muze\u00fdleri\u0148 aja\u00fdyp zallaryny beze\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Haly\u00e7ylygy\u0148 taryhy<\/p>\n<p>Haly\u00e7ylyk-t\u00fcrkmen halkyny\u0148 amaly-ha\u015fam sungatyny\u0148 has gadymy g\u00f6rn\u00fc\u015flerini\u0148 biri hasaplan\u00fdar. Haly\u00e7ylyk sungaty \u00f6z g\u00f6zba\u015fyny gadymy ge\u00e7mi\u015fi\u0148 j\u00fcmm\u00fc\u015finden alyp ga\u00fdd\u00fdar hem-de baryp 5 m\u00fc\u0148 \u00fdyl mundan ozal t\u00fcrkmen halylaryny\u0148 dokalandygy \u00e4\u015fg\u00e4r edildi.<\/p>\n<p>Sumbar j\u00fclgesind\u00e4ki Parha\u00fd (T\u00fcrkmenistan) di\u00fden \u00fderde gi\u00e7ki b\u00fcr\u00fcn\u00e7 e\u00fd\u00fdamyna degi\u015fli mazarystanlykda arheologik gazuw-agtary\u015f i\u015fleri ge\u00e7irilen mahalynda, alymlar ba\u00fd we d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015fd\u00e4ki haly \u00f6n\u00fcm\u00e7iliginde ulanylan materiallary toplapdyrlar, munu\u0148 \u00f6zi \u015fol \u00fderlerde \u00fda\u015fan gadymy ilaty\u0148 durmu\u015fyna degi\u015fli k\u00f6p zatlary anyklamaga m\u00fcmkin\u00e7ilik d\u00f6retdi.<\/p>\n<p>Sumbar j\u00fclgesind\u00e4ki we Parha\u00fddaky mazarystanlyklarda di\u0148e zenanlary\u0148 ja\u00fdlanan guburlaryndan egirmek \u00fc\u00e7in ni\u00fdetlenip, da\u015fdan edilen bikoniki zatlary\u0148 40-sy tapyldy. \u015eol zatlary\u0148 biri b\u00fcr\u00fcn\u00e7den edilen oka \/ster\u017eene\/ ge\u00fddirilipdir, munu\u0148 \u00f6zi onu\u0148 n\u00e4me \u00fc\u00e7in ulanylandygyny g\u00f6rkezip, bu baradaky \u015f\u00fcbhelenmeleri asla aradan a\u00fdyrdy.<\/p>\n<p>9 sany zenany\u0148 guburynda egirmek \u00fc\u00e7in ni\u00fdetlenen zatlar, k\u00e4birinde bolsa hatda \u00e7i\u015fler we temenler bilen birlikde, \u00f6zbolu\u015fly zatlary\u0148 16-sy \u00fd\u00fcze \u00e7ykaryldy. Uzynlygy 6-9 santimetre barabar bolan b\u00fcr\u00fcn\u00e7 plastinalar ema\u00fdlyk bilen egreldilipdir, olary\u0148 bir ujunda de\u015fik bar, bulary\u0148 \u00f6zbolu\u015fly haly dokalanda, \u00fd\u00fcpi kesmek \u00fc\u00e7in pe\u00fddalanylan \u00f6zbolu\u015fly i\u015f gurallarydygyna g\u00f6z \u00fdetirmek kyn d\u00fc\u015fme\u00fd\u00e4r. Guburdan tapylan zatlar h\u00e4zirki wagtda haly \u00e7itilende ulanyl\u00fdan py\u00e7aklara-keserlere dolulygyna la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4r we bular di\u0148e ha\u00fdsy materialdan ta\u00fd\u00fdarlanyly\u015fy bo\u00fdun\u00e7a biri-birinden tapawutlan\u00fdarlar.<\/p>\n<p>1947-nji \u00fdylda Alta\u00fddaky Pazyryk di\u00fden depede \u00fderle\u015fen gadymy mazarlykda gazuw-agtary\u015f i\u015fleri ge\u00e7irilende, t\u00fcrkmen halysyny\u0148 ha\u00fdran galdyryjy nusgasy \u00fd\u00fcze \u00e7ykaryldy. Radiouglerodly usuly ulanmak arkaly, onu\u0148 2400 \u00fdyl mundan ozal dokalandygy kesgitlenildi. Bu t\u00fc\u00fdj\u00fcmek halyny\u0148 \u015fun\u00e7a wagtlap \u00fdatsa-da, k\u00e4n bir za\u00fdalanmandygy di\u00fdse\u0148 ha\u00fdran galdyr\u00fdar. Haly o\u0148at \u00fdagda\u00fdda saklanypdyr, onu\u0148 \u00fderligi gyzyl re\u0148kde bolup, re\u0148klerini\u0148 gammasy we nag\u015fy\u0148 geometriki ta\u00fddan \u00f6r\u00e4n takyk \u00e7itili\u015fi bo\u00fdun\u00e7a edil h\u00e4zirki t\u00fcrkmen halylaryna me\u0148ze\u015f. Onu\u0148 m\u00f6\u00e7beri 183\u0445200 santimetr, 1 ined\u00f6rd\u00fcl dm. syklygy 3600 \u00e7itimden ybaratdyr. H\u00e4zirki wagtda bu haly Sankt-Peterburgdaky Ermita\u017ey\u0148 gaznalarynda saklan\u00fdar.<\/p>\n<p>Halyny\u0148 nag\u015fynda ykjam jemlenen g\u00f6rn\u00fc\u015fde hakyky \u00fdagda\u00fda degi\u015fli ke\u015fpleri \u015fekillendirmegi ba\u015faran haly\u00e7ylary\u0148 nepisligi du\u00fd\u015fy we \u00e7eper\u00e7ilik bilen bagly zehini ha\u00fdran galdyr\u00fdar we kalby\u0148da bu\u00fdsan\u00e7 d\u00f6red\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Halylar barada \u0425III asyrda \u00fda\u015fan wenesi\u00fdaly Marko Polony\u0148 \u00fdazgylarynda \u00fdatlanyl\u00fdar. D\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 birentek \u00fderlerine baryp, ge\u0148-ena\u00fdy zatlary g\u00f6ren bu sy\u00fdahat\u00e7y t\u00fcrkmen halylary barada \u00fdazyp, \u201cbu \u00fderde d\u00fcn\u00fd\u00e4d\u00e4ki i\u0148 neps we aja\u00fdyp halylary\u0148 dokal\u00fdandygyny\u201d a\u00fdd\u00fdar.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda-da Angli\u00fdany\u0148, Germani\u00fdany\u0148, Fransi\u00fdany\u0148, Itali\u00fdany\u0148, Ispani\u00fdany\u0148, Awstri\u00fdany\u0148, \u015ewe\u00fdsari\u00fdany\u0148, Amerikany\u0148, E\u00fdrany\u0148, T\u00fcrki\u00fd\u00e4ni\u0148, M\u00fcs\u00fcri\u0148 muze\u00fdlerinde, sergi zallarynda we galere\u00fdalarynda t\u00fcrkmen halylaryny\u0148 gadymy nusgalary saklan\u00fdar. Ba\u015fga-da birgiden \u00fdurtlary\u0148 \u00e7eper\u00e7ilik galere\u00fdalarynda t\u00fcrkmen haly\u00e7ylygyna degi\u015fli aja\u00fdyp nusgalar bar.<\/p>\n<p>1914-nji \u00fdylda sungaty \u00f6wreniji A. Felkerzam \u015fe\u00fdle s\u00f6zleri \u00fdazypdyr: \u201cT\u00fcrkmen halylaryny i\u0148 bolmanda, bir gezek synlan adam dokaly\u015fyny\u0148 tehnikasy barada a\u00fdtmany\u0148da-da, onu\u0148 di\u0148e nag\u015fy bo\u00fdun\u00e7a be\u00fdleki ta\u00fdpalary\u0148 we halklary\u0148 \u00f6n\u00fcmlerinden tapawutlandyrmagy ba\u015far\u00fdar. Nag\u015fy takyk be\u00fdan etmek asla m\u00fcmkin d\u00e4l, \u00e7\u00fcnki ondaky \u015fekilleri\u0148 \u00f6zbolu\u015flylygyny g\u00fcller \u00fda-da belli bir geometriki \u015fekiller bilen de\u0148\u00e4r \u00fdaly d\u00e4l\u201d.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>Baba\u00fdewa T\u00e4\u00e7 <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>Da\u015foguz \u015faherini\u0148 8-nji \u00e7agalar <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>bakja-bagyny\u0148 terbi\u00fde\u00e7isi <\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00e4ze taryhy d\u00f6w\u00fcrde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 ruhy-medeni mirasyny d\u00fc\u00fdpli \u00f6wrenmek, onu\u0148 gadymy d\u00e4plerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylaryny a\u00fdawly saklamak hem-de ba\u00fdla\u015fdyrmak \u00fdurdumyzy\u0148 d\u00f6wlet sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 biridir. T\u00fcrkmen halylaryny\u0148 gadymy g\u00f6llerini\u0148 gelip \u00e7yky\u015fyny\u0148 taryhy a\u00fdratynlyklary bar. \u00c7eper elli zenanlar haly g\u00f6llerinde hemi\u015fe da\u015fymyzy gur\u015fap alan hakykaty \u015f\u00f6hlelendiripdirler, \u015folarda bolsa gadymy taryh we h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcr [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22442"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=22442"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22442\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":22443,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22442\/revisions\/22443"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=22442"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=22442"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=22442"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}