{"id":22761,"date":"2024-10-06T13:04:56","date_gmt":"2024-10-06T08:04:56","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22761"},"modified":"2024-10-06T13:04:56","modified_gmt":"2024-10-06T08:04:56","slug":"dermanlyk-osumlikleri-yygnamak-we-olardan-rejeli-peydalanmak","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22761","title":{"rendered":"Dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri \u00fdygnamak we olardan rejeli pe\u00fddalanmak"},"content":{"rendered":"<p>Keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde \u00f6s\u00fcmliklerden pe\u00fddalanmaklyk gadym wagtlardan b\u00e4ri dowam edip gel\u00fd\u00e4r. \u00d6s\u00fcmlikleri\u0148 kesel bejerijilik h\u00e4si\u00fdetleri barasyndaky maglumatlar nesilden-nesle ge\u00e7ip gelipdir. \u00ddazuwy\u0148 pe\u00fdda bolmagy bilen \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 pe\u00fddaly h\u00e4si\u00fdetleri baradaky maglumatlary \u00fdazga ge\u00e7irmeklik ba\u015flanypdyr, bu bolsa olary\u0148 amaly ta\u00fddan ulanyly\u015fyny has gi\u0148eldipdir.<\/p>\n<p>Orta asyrlarda dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti has hem artypdyr. G\u00f6rn\u00fckli lukman Abu Ali Ibn Sina (Lukman hekim) m\u00fc\u0148 \u00fdyldan hem gowrak mundan ozal dermanlyk otlary \u00f6wrenmekligi we pe\u00fddalanmaklygy geljekki nesillere wes\u00fdet edip gidipdir. Ol \u00f6z\u00fcni\u0148 \u201eLukman\u00e7ylyk ylmyny\u0148 kanuny\u201c atly kitabynda 900 t\u00f6weregi dermanlyk \u00f6s\u00fcmligi we olary\u0148 ulanyly\u015f usullaryny \u00fdazyp be\u00fdan edipdir. Ol kitap h\u00e4zirki wagtda hem lukmanlary\u0148 \u00fdakyn k\u00f6mek\u00e7isi hasaplan\u00fdar.<\/p>\n<p>\u00d6s\u00fcmlikleri\u0148 birtopary dermany\u0148 egsilmez ba\u00fdlygydyr. H\u00e4zirki zaman lukman\u00e7ylyk amaly\u00fdeti \u00f6s\u00fcmliklerden alyn\u00fdan derman seri\u015fdelerini ulanmakdan \u00e7etde durup bilmez. Belle bol\u015fy \u00fdaly, takmynan her bir d\u00f6rd\u00fcnji derman \u00f6s\u00fcmlik \u00e7ig mallaryndan ta\u00fd\u00fdarlanyl\u00fdar. Gaty gazaply \u015fertlerine seretmezden, T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00f6s\u00fcmlik d\u00fcn\u00fd\u00e4si \u00f6r\u00e4n ba\u00fddyr we d\u00fcrli-d\u00fcrlidir. Onda 300-e gola\u00fd dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikler \u00f6s\u00fd\u00e4r. \u00d6s\u00fcmlik d\u00fcn\u00fd\u00e4sine T\u00fcrkmenistany\u0148 daglyk etraplary has-da ba\u00fddyr. K\u00f6petdagda \u00fdabany \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 1700 g\u00f6rn\u00fc\u015fi \u00f6s\u00fcp, olardan 332 sanysy endemikdir, \u00fdagny d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 hi\u00e7 bir \u00fderinde du\u015fman, di\u0148e \u015fol \u00fderlerde \u00f6s\u00fd\u00e4n \u00f6s\u00fcmliklerdir.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 klimaty \u00e7\u00fcrt kesik kontinentaldyr. Tomus paslynda howany\u0148 gyzgyn we gurak, g\u00fcn radiasi\u00fdasyny\u0148 \u00fdokary bolmagy \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 k\u00f6p\u00fcsini\u0148 dermanlyk h\u00e4si\u00fdetlerini \u015fertlendir\u00fd\u00e4n gymmatly biologik i\u015fje\u0148 birle\u015fmeleri\u0148 toplanmagyna \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00f6s\u00fcmlik d\u00fcn\u00fd\u00e4sini\u0148 aglaba g\u00f6rn\u00fc\u015fleri d\u00fcrli keselleri bejermek \u00fc\u00e7in \u00fderli halk tarapyndan has \u00f6\u0148r\u00e4kden b\u00e4ri ulanylyp gelin\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Bizi\u0148 d\u00f6wletimiz dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerine \u00f6r\u00e4n ba\u00fddyr. \u00dd\u00f6ne mu\u0148a seretmezden dermanlyk \u00fc\u00e7in \u00f6s\u00fcmlikleri ta\u00fd\u00fdarlamak, olardan rejeli pe\u00fddalanmak h\u00f6kmandyr. Eger-de \u015fe\u00fdle i\u015fler ylmy esasda me\u00fdille\u015fdirilip ge\u00e7irilse, onda dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklikleri\u0148 tebigy ba\u00fdlyklaryny\u0148 azalmagyna \u00fda-da \u00fditip \u00fdok bolmagyna getirip biler.<\/p>\n<p>Dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00f6s\u00fd\u00e4n \u00fderlerinde otlary orup \u00fdatyrmak \u00fda-da ol \u00fderlerde mallary bakmak, oba hojalygy \u00fc\u00e7in t\u00e4ze \u00fderleri \u00f6zle\u015fdirmek i\u015fleri ge\u00e7irilende dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerini\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k azalmagyna getirip biler. \u015eol seb\u00e4pli dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00e4ti\u00fda\u00e7lyklaryny\u0148 azalmagyna gar\u015fy i\u015fleri ge\u00e7irmek zerurlygy \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar. Onu\u0148 \u00fc\u00e7in dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00e4ti\u00fda\u00e7lyklaryny\u0148 umumy goruny kesgitlemeli, her \u00fdylda a\u00fdry-a\u00fdry me\u00fddanlardan, etraplardan, wela\u00fdatlardan \u00fdygnalmaly dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015flerini we \u00fdygnalmaly mukdaryny kesgitlemeli. Senagat ta\u00fddan \u00fdaramly bolan dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerini\u0148 gi\u0148 \u00fda\u00fdran \u00fderlerini kartada bellemeklik hem uly pe\u00fdda getir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri 3 topara b\u00f6lmek maksada la\u00fdyk hasaplan\u00fdar. Birinji topara \u00e4ti\u00fda\u00e7lyk gorlary has azalan T\u00fcrkmenistany\u0148 Gyzyl kitabyna atlary girizilen g\u00f6rn\u00fc\u015fler degi\u015flidir (adaty nar, adaty injir, grek hozy we be\u00fdlekiler). Ikinji topara \u2013 \u00e4ti\u00fda\u00e7lyk gorlary ha\u00fdal dikel\u00fd\u00e4n, tyg\u015fytly \u00fdagda\u00fdda dermanlyk \u00fc\u00e7in material \u00fdygnalmadyk \u00fdagda\u00fdynda \u00fditip gitmegi m\u00fcmkin bolan \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fleri (Wiktory\u0148 ungermi\u00fdasy, Bobrowy\u0148 patlagy, tow\u015fandodak) degi\u015fli. \u00dc\u00e7\u00fcnji topara degi\u015fli \u00f6s\u00fcmliklerden \u00fdeterlik mukdarda dermanlyk \u00fc\u00e7in \u00e7ig mal ta\u00fd\u00fdarlap bol\u00fdar, olary\u0148 \u00e4ti\u00fda\u00e7lyk gory tebigatda \u00fdeterlikdir we \u00e7alt \u00fdeti\u015f\u00fd\u00e4rler.<\/p>\n<p>Birinji topara degi\u015fli \u00f6s\u00fcmliklerden dermanlyk materiallary \u00fdygnalma\u00fdar.<\/p>\n<p>Ikinji topar \u00f6s\u00fcmliklerden, olary\u0148 t\u00e4zeden dikel\u00fd\u00e4ndigini we \u00f6s\u00fd\u00e4n me\u00fddanyny\u0148 ulal\u00fdandygyny hasaba almaklyk bilen ta\u00fd\u00fdarlan\u00fdar. Munu\u0148 \u00fc\u00e7in material \u00fdygnaljak me\u00fddanlary \u00f6s\u00fcmligi\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fine, biologiki a\u00fdratynlygyna, da\u015fky gur\u015fawy\u0148 faktorlaryna baglylykda gezekle\u015fdirip pe\u00fddalanmaly (3-5 \u00fdyldan).<\/p>\n<p>Dermanlyk \u00e7ig mallary ta\u00fd\u00fdarlananda a\u015fakdaky d\u00fczg\u00fcnleri berja\u00fd etmeli:<\/p>\n<p>&#8211; aga\u00e7 \u00f6s\u00fcmliklerinden dermanlyk materiallar ta\u00fd\u00fdarlananda esasy we aralyk maksatlar \u00fc\u00e7in \u00e7apyla aga\u00e7lardan alynmaly, toka\u00fd se\u00fdilg\u00e4hlerinden we gorag zolaklaryndan aga\u00e7lara timar berlende kesilen baldaklardan \u00fdygnal\u00fdar.<\/p>\n<p>&#8211; pyntyklar aga\u00e7lary\u0148 we gyrymsylary\u0148 \u00f6s\u00fcp duranlaryndan alynman, kesilen baldaklaryndan ta\u00fd\u00fdarlanyl\u00fdar.<\/p>\n<p>-\u00fdapraklar pudagy\u0148 a\u015faky we ortaky b\u00f6leklerinden \u00fdolunyp \u00fda-da kesilip alyn\u00fdar, puday\u0148 ujundaky \u00fda\u015f \u00fdapraklar galdyryl\u00fdar.<\/p>\n<p>&#8211; ot \u00f6s\u00fcmlikleri \u00fditi py\u00e7ak \u00fda-da orak bilen orulyp alyn\u00fdar, \u00f6s\u00fcmligi\u0148 k\u00f6ki, porrugy we soganlygy goparylmaly d\u00e4l. Dermanlyk ot \u00f6s\u00fcmligi\u0148 \u00fdere degip duran b\u00f6leklerini\u0148 hili gowy bolma\u00fdar, \u015fonu\u0148 \u00fc\u00e7in olary almaly d\u00e4l.<\/p>\n<p>&#8211; g\u00fcller we g\u00fcl toplumlary \u00e7ig mal h\u00f6km\u00fcnde \u00fdygnalanda olary\u0148 belli bir b\u00f6legini \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 tohumy arkaly k\u00f6pelmekleri \u00fc\u00e7in galdyrmaly. Bu esasan hem bir we iki \u00fdyllyk tohum bilen k\u00f6pel\u00fd\u00e4n \u00f6s\u00fcmliklere degi\u015fli.<\/p>\n<p>&#8211; aga\u00e7lardan g\u00fcller we g\u00fcl toplumlary \u00fdygnalanda olary\u0148 uly \u015fahalary kesilmeli d\u00e4l \u00fda-da d\u00f6w\u00fcp almak bolma\u00fdar.<\/p>\n<p>&#8211; \u00f6s\u00fcmligi\u0148 \u00fder asty b\u00f6leklerinden \u00e7ig mal ta\u00fd\u00fdarlananda, olary\u0148 miweleri \u00fdeti\u015fip tohumlary we miwesi d\u00f6k\u00fclenden so\u0148 \u00fdygnal\u00fdar.<\/p>\n<p>&#8211; \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 tohum bilen k\u00f6peli\u015fini \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in, uly \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 belli bir b\u00f6legi, wegetatiw \u00fdol bilen k\u00f6pel\u00fd\u00e4n \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 klubenlerini\u0148, porruklaryny\u0148 we soganlyklaryny\u0148 belli bir b\u00f6legi galdyryl\u00fdar. \u00d6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00fda\u015f \u00fder asty b\u00f6leklerini \u00fdygnamak maslahat berilme\u00fd\u00e4r, olardan \u00fdeterlik mukdarda \u00f6n\u00fcm alyp bolma\u00fdar.<\/p>\n<p>Dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00e4ti\u00fda\u00e7lyklaryny gorap saklamak \u00fc\u00e7in, olary\u0148 \u00e7ig mallaryny tyg\u015fytly ta\u00fd\u00fdarlamakdan ba\u015fga-da \u00f6zara baglany\u015fykly birn\u00e4\u00e7e \u00e7\u00e4releri ge\u00e7irmek zerurdyr:<\/p>\n<p>Gurama\u00e7ylyk \u2013 dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerden \u00e7ig mallary ta\u00fd\u00fdarlamagy\u0148 her \u00fdylky we uzak m\u00f6hletle\u00fdin me\u00fdilnamasyny d\u00fczmek, ha\u00fdsy etraplardan \u00fdygnalmalydygyny kesgitlemek.<\/p>\n<p>Administratiw \u2013 \u00e4ti\u00fda\u00e7lyk gorlary \u00f6r\u00e4n azalan se\u00fdrek g\u00f6rn\u00fc\u015fler \u00fc\u00e7in goraghanalary we \u00e7\u00e4kli goraghanalary d\u00f6retmek. Endemik we se\u00fdrek dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 goral\u00fdan me\u00fddanlaryny gi\u0148eltmek bilen birlikde, olary goramaklygy g\u00fc\u00fd\u00e7lendirmek zerurdyr.<\/p>\n<p>Terbi\u00fde\u00e7ilik \u2013 lukman\u00e7ylykda dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00e4hmi\u00fdetini halky\u0148 arasynda d\u00fc\u015f\u00fcndirmek, \u00f6zba\u015fdak bejermekligi\u0148 zy\u00fdanyny, dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 goraly\u015fyny, olary\u0148 milli ba\u00fdlygymyzdygyny gazet-\u017eurnallary\u0148, radio-telewideni\u00fdeni\u0148 \u00fcsti bilen halka d\u00fc\u015f\u00fcndirmek.<\/p>\n<p>Ylmy-barlag \u2013 dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerini\u0148 d\u00fcz\u00fcmini, \u00e7ig maly\u0148 hasabynym esasy bit\u00fd\u00e4n \u00fderlerini, goruny hasaba almak. \u00c7ig maly\u0148 himiki d\u00fcz\u00fcmini, \u00f6s\u00fcmliklerde maddalary\u0148 toplan\u00fdan d\u00f6wr\u00fcni kesgitlemek.<\/p>\n<p>Dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerini medenile\u015fdirmek \u2013 senagat \u00fc\u00e7in \u00fdeterlik gorlary bolan dermanlyk \u00f6s\u00fcmliklerini\u0148 esasy g\u00f6rn\u00fc\u015flerini medenile\u015fdirmekligi \u00f6z i\u00e7ine al\u00fdar.<\/p>\n<p>Tehniki \u2013 \u00e7ig maly ta\u00fd\u00fdarlamakda tyg\u015fytly \u00fdola go\u00fdmak, \u00f6s\u00fcmlik \u00e7ig mallaryny \u00fdygnamagy\u0148 m\u00f6hletlerini\u0148 we usullaryny\u0148 kesgitlenen d\u00fczg\u00fcnlerini berja\u00fd etmek, \u00f6sd\u00fcrilip \u00fdeti\u015fdirmek \u00fc\u00e7in \u00fda\u015f we ene \u00f6s\u00fcmliklerden galdyrmaklyk \u00e7\u00e4releri ge\u00e7irilmelidir.<\/p>\n<p>Tebigata islendik gatna\u015fyk, \u00fdagny dermanlyk \u00e7ig mallary \u00fdygnamak \u00fda-da dyn\u00e7 almak maksady bilen tebigata barylanda hem o\u0148a zy\u00fdan \u00fdetirmeli d\u00e4ldir. Tebigat a\u00fdawly we tyg\u015fytly \u00e7emele\u015fmek her bir adamy\u0148 mukaddes borjudyr. Dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148\u00e4ti\u00fda\u00e7lyklaryny t\u00fckeniksiz d\u00e4ldir, \u015fonu\u0148 \u00fc\u00e7in olary tyg\u015fytly pe\u00fddalanmak, gorap saklamak bizi\u0148 \u00fc\u00e7in we geljekki nesillerimiz \u00fc\u00e7in zerurdyr.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\">\u00a0<strong><em>D\u00f6wletm\u00e4mmet Azady adyndaky T\u00fcrkmen milli d\u00fcn\u00fd\u00e4 dilleri institutyny\u0148 G\u00fcndogar dilleri we edebi\u00fdaty fakultetini\u0148 Hyta\u00fd dili we edebi\u00fdaty h\u00fcn\u00e4rini\u0148 4-nji \u00fdyl talyby Halmuratowa G\u00fclnara <\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde \u00f6s\u00fcmliklerden pe\u00fddalanmaklyk gadym wagtlardan b\u00e4ri dowam edip gel\u00fd\u00e4r. \u00d6s\u00fcmlikleri\u0148 kesel bejerijilik h\u00e4si\u00fdetleri barasyndaky maglumatlar nesilden-nesle ge\u00e7ip gelipdir. \u00ddazuwy\u0148 pe\u00fdda bolmagy bilen \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 pe\u00fddaly h\u00e4si\u00fdetleri baradaky maglumatlary \u00fdazga ge\u00e7irmeklik ba\u015flanypdyr, bu bolsa olary\u0148 amaly ta\u00fddan ulanyly\u015fyny has gi\u0148eldipdir. Orta asyrlarda dermanlyk \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti has hem artypdyr. G\u00f6rn\u00fckli lukman Abu Ali Ibn [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[5,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22761"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=22761"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22761\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":22762,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22761\/revisions\/22762"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=22761"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=22761"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=22761"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}