{"id":22791,"date":"2024-10-11T07:11:20","date_gmt":"2024-10-11T02:11:20","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22791"},"modified":"2024-10-11T07:11:20","modified_gmt":"2024-10-11T02:11:20","slug":"turkmen-halysy-kalbyn-suglasy-2","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22791","title":{"rendered":"T\u00dcRKMEN HALYSY- KALBY\u0147 \u015eUGLASY"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen halky \u00f6z\u00fcni\u0148 milli gymmatlyklaryna uly sarpa, hormat go\u00fd\u00fdar, ba\u015fyny\u0148 t\u00e4ji sa\u00fd\u00fdar. \u015ee\u00fdle gymmatlyklary\u0148 hatarynda ene-mamalarymyzy\u0148 m\u00e4hir-muhabbetinden, yhlasyndan d\u00f6r\u00e4n haly dokamaklyk asyrlar dowamynda nesilden nesle ge\u00e7ip, aja\u00fdyp sungata \u00f6wr\u00fclip bar\u00fdar. T\u00fcrkmen halysy halkymyzy\u0148 hal-ahwalyny, k\u00f6\u0148\u00fcl arzuwlaryny, \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f \u00fdagda\u00fdyny, t\u00fcrkmen tebigatyny\u0148 g\u00f6zelliklerini be\u00fdan ed\u00fd\u00e4n milli gymmatlygymyzdyr.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmen halysyny\u0148 m\u00fc\u0148ler\u00e7e asyrlyk taryhyny\u0148 bol\u015fy \u00fdaly, onu\u0148 nagy\u015flary hem d\u00f6redilen d\u00f6wr\u00fcni\u0148 \u00fdagda\u00fdyny a\u00fdan ed\u00fd\u00e4r we nesilden nesle ge\u00e7\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmen halysyny\u0148 bejerijilik h\u00e4si\u00fdeti hem uludyr. Ene-mamalarymyzy\u0148 a\u00fddy\u015fyna g\u00f6r\u00e4, gury agyry kesellilere ha\u00fdry k\u00e4nmi\u015f. G\u00f6z\u00fc\u0148 \u00fdagyny i\u00fdip bar\u00fdan t\u00fcrkmen halysyna seredeni\u0148de g\u00f6z\u00fc\u0148 eglen\u00fd\u00e4r, \u00fd\u00fcregi\u0148e rahatlyk, g\u00f6wn\u00fc\u0148e \u00fdakym ber\u00fd\u00e4r. Il arasynda \u201cHaly dokal\u00fdan \u00f6\u00fde barany\u0148da halyny\u0148 \u00fd\u00fcz\u00fcni sypamasa\u0148 \u00f6\u00fdkel\u00e4rmi\u015f\u201d di\u00fdip a\u00fddyl\u00fdar.<\/p>\n<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4de \u015f\u00f6hratlan\u00fdan t\u00fcrkmen halysyny\u0148 d\u00f6re\u00fd\u015fi, nagy\u015flaryny\u0148 taryhy, sungatyny\u0148 in\u00e7eligi barada birn\u00e4\u00e7e rowa\u00fdatlar, tymsallar bar. Rowa\u00fdatda be\u00fdan edil\u015fine g\u00f6r\u00e4, gadym wagtlarda bir obada \u00e7eper elli gyz \u00fda\u015fapdyr. Onu\u0148 dokan halylary adamlary ruhlandyr\u00fdpdyr, dertlilere em bolupdyr, hassalary sagaldypdyr. Obany\u0148 be\u00fdleki haly\u00e7y gyzlary onu\u0148ky \u00fdaly halyny dokap ba\u015farmandyrlar. \u00c7eper elli gyz halysyna sal\u00fdan nagy\u015flaryny harplara me\u0148zedip dokapdyr. Onu\u0148 her halysynda \u00fc\u00fdtge\u015fik nagy\u015flar d\u00f6r\u00e4p, g\u00f6reni ha\u00fdrana go\u00fd\u00fdarmy\u015f. Nagy\u015flaryny\u0148 manysy barada doganlaryna gurru\u0148 berer ekeni. Onu\u0148 dokan halylaryny\u0148 manysyna \u00f6zi we erkek doganlary d\u00fc\u015f\u00fcner ekeni. Haly\u00e7y gyzy\u0148 halylaryny\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty bolsa d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fda\u00fdrapdyr. Oba adamlary \u00fdazlaga \u00e7ykanda, du\u015fmanlar \u00e7eper gyzy alyp ga\u00e7\u00fdarlar. Doganlary ony dokan halysyndan tapmak \u00fc\u00e7in bazar baryny a\u00fdlanypdyrlar, emma tapmandyrlar. G\u00fcnleri\u0148 birinde sil suwy bilen akyp gelen bir haly hemmeleri ha\u00fdrana go\u00fdupdyr. Ol halydaky nagy\u015flar ogurlanan \u00e7eper elli gyzy\u0148 nirdedigini a\u00fdan edipdir. Doganlary halydaky nagy\u015flary\u0148 manysy bo\u00fdun\u00e7a yzarlap gyzy tapypdyrlar. \u015ee\u00fdlelikde, j\u00f6wher pa\u00fdhasly, \u00e7eper elli gyz \u00f6z el h\u00fcn\u00e4rini\u0148 k\u00f6megi bilen iline gow\u015fupdyr.<\/p>\n<p>Milli Liderimiz Garyman Arkadagymyzy\u0148 we Hormatly Gahryman Prezidentimizi\u0148 ba\u015ftutanlygynda taryhy\u0148 \u00fde\u0148i\u015fli hem pajygaly pursatlaryna \u015fa\u00fdat bolan bu milli sungaty\u0148 mertebesi has belende gal\u00fdar. \u00c7eper elli ene-mamalarymyzdan miras galan haly\u00e7ylyk sungaty we be\u00fdleki \u00e7eper el i\u015fleri, olary\u0148 gadyr-gymmaty t\u00fcrkmeni\u0148 ge\u00e7mi\u015finden \u015fu g\u00fcne we geljege uza\u00fdan \u015f\u00f6hratly sungatydyr. En\u00e7eme asyrlary\u0148 dowamynda emele gelen \u015fe\u00fdle aja\u00fdyp sungaty d\u00f6redenleri\u0148 t\u00fcrkmen zenanlarydygyna bagty\u00fdar halkymyz t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden bu\u00fdsanmaga haklydyr.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>Gun\u00e7a \u00d6m\u00fcrs\u00f6\u00fd\u00fcnowa, <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148 talyby. <\/em><\/strong><\/p>\n<p>&nbsp;<\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen halky \u00f6z\u00fcni\u0148 milli gymmatlyklaryna uly sarpa, hormat go\u00fd\u00fdar, ba\u015fyny\u0148 t\u00e4ji sa\u00fd\u00fdar. \u015ee\u00fdle gymmatlyklary\u0148 hatarynda ene-mamalarymyzy\u0148 m\u00e4hir-muhabbetinden, yhlasyndan d\u00f6r\u00e4n haly dokamaklyk asyrlar dowamynda nesilden nesle ge\u00e7ip, aja\u00fdyp sungata \u00f6wr\u00fclip bar\u00fdar. T\u00fcrkmen halysy halkymyzy\u0148 hal-ahwalyny, k\u00f6\u0148\u00fcl arzuwlaryny, \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f \u00fdagda\u00fdyny, t\u00fcrkmen tebigatyny\u0148 g\u00f6zelliklerini be\u00fdan ed\u00fd\u00e4n milli gymmatlygymyzdyr. T\u00fcrkmen halysyny\u0148 m\u00fc\u0148ler\u00e7e asyrlyk taryhyny\u0148 bol\u015fy \u00fdaly, onu\u0148 nagy\u015flary hem [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22791"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=22791"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22791\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":22792,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22791\/revisions\/22792"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=22791"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=22791"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=22791"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}