{"id":22986,"date":"2024-10-25T12:01:36","date_gmt":"2024-10-25T07:01:36","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22986"},"modified":"2024-10-25T12:01:36","modified_gmt":"2024-10-25T07:01:36","slug":"dowrebap-bilim-almakda-global-internet-ulgamynyn-ahmiyeti","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=22986","title":{"rendered":"D\u00f6wrebap bilim almakda global internet ulgamyny\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti"},"content":{"rendered":"<p>H\u00e4zirki wagtda ylmy-tehniki progresi\u0148 \u00f6smegi bilen m\u00fcmkin\u00e7ilikler artdy. Bilimi her d\u00fcrli usullar bilen alyp bol\u00fdar, \u015fol sanda bilim almagy\u0148 bir usuly \u2013 ol hem Internet global ulgamyny ulanmakdyr<\/p>\n<p>Internet global ulgamy, hakykatdan hem, bilimi\u0148 ummasyz \u00e7e\u015fmesidir. Internetde g\u00f6zleg serwerlerini\u0148 \u00fcsti bilen d\u00fcrli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a kataloglar, giper \u00fd\u00fczlenmeler bar. Meselem, ykdysady\u00fdet, bilim, ylym, i\u015few\u00fcrlik, teleradiokommunikasi\u00fda, medisina, sungat, habarlar, s\u00f6wda we \u015f.m. ugurlar bo\u00fdun\u00e7a kataloglar bar. Gyzyklandyr\u00fdan ugur bo\u00fdun\u00e7a kataloglardan islendik maglumatlary alyp bol\u00fdar. Ulanyjylar Interneti ulanyp, gerekli maglumatlardan pe\u00fddalanyp, bilimlerini artdyr\u00fdarlar.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda \u00e4hli edara-k\u00e4rhanalarda, hususan-da, orta we \u00fdokary okuw mekdeplerinde da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 bilim ulgamlaryny\u0148 standartlary \u00f6wrenilip, \u00fda\u015flara go\u015fma\u00e7a bilim bermegi\u0148, milli medeni\u00fdeti\u0148, gymmatlyklary\u0148 esasynda bilim bermegi\u0148 usullary, h\u00e4zirki zaman maglumat tehnologi\u00fdalary orna\u015fdyryl\u00fdar. \u015eol tehnologi\u00fdalary\u0148 k\u00f6megi bilen ylmy-barlag edaralary, orta we \u00fdokary okuw mekdepleri t\u00fcrkmen milli ylym-bilim toruna birikdirildi we olar b\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 Internet ulgamynda \u00f6z maglumat sahypalaryny a\u00e7dylar.<\/p>\n<p>Elektron kitaphanalary\u0148 k\u00f6megi bilen komp\u00fduter ulanyjylara \u00f6z komp\u00fduterlerinde gerek bolan maglumatlary bilmek, g\u00f6zlemek, tany\u015fmak \u00fc\u00e7in gysga wagty\u0148 dowamynda gerek bolan maglumatlary almaklyga m\u00fcmkin\u00e7ilik d\u00f6re\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Maglumat tehnologi\u00fdalary we Internet global ulgamyny \u00fdurdumyzda k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin ulanmak we orna\u015fdyrmak ykdysady \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 i\u0148 bir esasy g\u00f6rkezijisidir.<\/p>\n<p>Elektron kitaphanalary\u0148 d\u00f6redili\u015fi, elektron ofisi\u0148 gurlu\u015fy we alnyp barly\u015fyny\u0148 i\u015finde ilki bilen komp\u00fduterde i\u015fle\u00fd\u00e4n i\u015fg\u00e4rleri\u0148, \u00fdolba\u015f\u00e7ylary\u0148, b\u00f6l\u00fcmler bo\u00fdun\u00e7a i\u015fle\u00fd\u00e4n h\u00fcn\u00e4rmenleri\u0148, gulluk\u00e7ylary\u0148, umuman, \u00e4hli h\u00fcn\u00e4rmenleri\u0148 h\u00e4zirki zaman \u00f6sen tehniki seri\u015fdeleri bilen i\u015f dolandyrmaklygyna bagly bolup dur\u00fdar.<\/p>\n<p>Has takygy, i\u015fle\u00fd\u00e4nleri\u0148 maglumatlaryny\u0148 komp\u00fduterlerde maglumatlar bazalaryny\u0148 k\u00f6megi bilen \u00fderle\u015fdirilmegi, \u015fol maglumatlar bazalaryny\u0148 k\u00f6megi bilen ofisd\u00e4ki i\u015fle\u00fd\u00e4n i\u015fg\u00e4rler baradaky maglumatlary bilmek, g\u00f6zlemek, tany\u015fmak \u00fc\u00e7in \u015fol i\u015fle\u00fd\u00e4nleri g\u00f6rmezden \u00fda-da \u015folar baradaky \u015fahsy \u00fdazgylary\u0148 resminamalaryny g\u00f6zlemezden, \u00fdokarda bell\u00e4p ge\u00e7i\u015fimiz \u00fdaly, maglumatlar bazalaryny\u0148 (MB) k\u00f6megi bilen komp\u00fduterden gysga wagty\u0148 dowamynda gerek bolan maglumatlary almaklyga m\u00fcmkin\u00e7ilik ber\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Mundan ba\u015fga-da ofisi\u0148 \u00e4hli b\u00f6l\u00fcmlerini\u0148 h\u00fcn\u00e4rmenleri awtomatla\u015fdyrylan i\u015f \u00fderleri bilen \u00fcpj\u00fcn edilip, olar \u00f6z aralarynda elektron dolandyry\u015f i\u015fini alyp barmakda komp\u00fduter torlary bilen birle\u015fdirilendir.<\/p>\n<p>Umuman, elektron ofisi\u0148 guraly\u015fy we alnyp barly\u015fy i\u015fg\u00e4rler, \u00fduridiki i\u015fler baradaky maglumatlar bazalaryny\u0148 d\u00f6redilmeginde dogry we doly alnyp barylmagyna baglydyr.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\">\u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0 \u00a0<em><strong>Ene M\u00e4mmet\u00fdazowa <\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00ddag\u015fygeldi Kaka\u00fdew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetini\u0148 mugallymy <\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>H\u00e4zirki wagtda ylmy-tehniki progresi\u0148 \u00f6smegi bilen m\u00fcmkin\u00e7ilikler artdy. Bilimi her d\u00fcrli usullar bilen alyp bol\u00fdar, \u015fol sanda bilim almagy\u0148 bir usuly \u2013 ol hem Internet global ulgamyny ulanmakdyr Internet global ulgamy, hakykatdan hem, bilimi\u0148 ummasyz \u00e7e\u015fmesidir. Internetde g\u00f6zleg serwerlerini\u0148 \u00fcsti bilen d\u00fcrli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a kataloglar, giper \u00fd\u00fczlenmeler bar. Meselem, ykdysady\u00fdet, bilim, ylym, i\u015few\u00fcrlik, teleradiokommunikasi\u00fda, medisina, [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22986"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=22986"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22986\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":22987,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/22986\/revisions\/22987"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=22986"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=22986"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=22986"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}