{"id":23382,"date":"2024-11-16T07:56:01","date_gmt":"2024-11-16T02:56:01","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23382"},"modified":"2024-11-16T07:56:01","modified_gmt":"2024-11-16T02:56:01","slug":"gunorta-turkmenistan-sasanylar-dowleti-dowrunde","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23382","title":{"rendered":"G\u00fcnorta T\u00fcrkmenistan Sasanylar d\u00f6wleti d\u00f6wr\u00fcnde"},"content":{"rendered":"<p>Bizi\u0148 e\u00fd\u00fdamymyzy\u0148 III asyryny\u0148 ba\u015flarynda gadymy Parfi\u00fda d\u00f6wletinde i\u00e7ki we da\u015fky gapma-gar\u015fylyklar has \u00fditile\u015f\u00fd\u00e4r. D\u00f6wleti\u0148 d\u00fcz\u00fcmind\u00e4ki wela\u00fdatlary\u0148 k\u00f6p\u00fcsi merkezi h\u00f6k\u00fcmeti\u0148 tabynlygyndan \u00e7ykyp ba\u015fla\u00fdarlar. Parfi\u00fda d\u00f6wletini\u0148 d\u00fcz\u00fcmind\u00e4ki \u015fe\u00fdle \u00fderleri\u0148 biride Pars wela\u00fdatydy. III asyry\u0148 ba\u015flarynda Parsy parfi\u00fdalylary\u0148 dikmesi Go\u00e7ihr dolandyr\u00fdardy. Emma Sasany atly \u00fderli begzada ony agdaryp, Parsdaky h\u00e4kimni\u00fdeti \u00f6z eline al\u00fdar. Sasany parfi\u00fda paty\u015falaryny\u0148 tabynlygyndan \u00e7ylkmaga \u00e7al\u015fypdyr. Onu\u0148 bu sy\u00fdasatyny ogly Babak, ondan so\u0148 bolsa agtygy Arda\u015fir dowam etdir\u00fd\u00e4r. Arda\u015firi\u0148 \u00f6zba\u015fdaklygy Parfi\u00fda paty\u015fasy Artaban V \u00fdaramandyr we h\u00f6k\u00fcmdar bilen dikm\u00e4ni\u0148 arasynda uru\u015f hereketleri ba\u015fla\u00fdar. Bu uru\u015f 224-nji \u00fdylda Artaban V ye\u0148ilmegi bilen tamamlan\u00fdar. Bu waka t\u00fcrkmenleri\u0148 Be\u00fdik Parfi\u00fda d\u00f6wletini\u0148 gutarnykly synmagyna getir\u00fd\u00e4r. T\u00e4ze d\u00f6r\u00e4n d\u00f6wleti\u0148 ady Sasany serdary\u0148 ady bilen Sasanylar d\u00f6wleti di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar. Sasanylar d\u00f6wleti Arda\u015firi\u0148 d\u00f6wr\u00fcnde g\u00fc\u00fd\u00e7lenipdir. Ol Parsy we onu\u0148 bilen sebitde\u015f \u00e4hli \u00fderleri birle\u015fdir\u00fd\u00e4r. Arda\u015fir 226-njy \u00fdylda tagta \u00e7ykyp, \u00f6z\u00fcni \u2015\u015ealar-\u015fasy di\u00fdip yglan ed\u00fd\u00e4r. T\u00e4ze d\u00f6r\u00e4n Sasanylar d\u00f6wleti gysga wagty\u0148 dowamynda Margianany, K\u00f6petdagy\u0148 demirgazyk eteklerini, Dehistany, hatda Amyder\u00fdany\u0148 \u00e7ep kenaryndaky \u00fderleri hem \u00f6z\u00fcne birikdir\u00fd\u00e4r. Emma Horezm \u00fderlerini we Be\u00fdik Ku\u015fanlar d\u00f6wletini basyp almak olara ba\u015fartmandyr. G\u00fcnorta T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fderlerini\u0148 Sasanylar tarapyndan basylyp alynmagy gul e\u00fde\u00e7ilik gurlu\u015fyny\u0148 krizise d\u00fc\u015fmegi bilen baglany\u015fykly bolupdyr. Gul e\u00fde\u00e7ilik jemgy\u00fdetini\u0148 krizisi G\u00fcnbatar T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fderlerini-Dehistany hem \u00f6z i\u00e7ine alypdyr. Sasanylar d\u00f6wr\u00fcni\u0148 g\u00fcndogar sebitleri bolan Merwi\u0148-G\u00e4w\u00fcrgalany\u0148 \u00fderlerinde III asyrlarda uly bir ykdysady \u00fc\u00fdtge\u015fikler bolmadyk hem bolsa, IV asyry\u0148 i\u00e7inde bu \u00fderlerde senet\u00e7ilik we s\u00f6wda juda pese d\u00fc\u015f\u00fcpdir.<\/p>\n<p>Sasanylary\u0148 Amyder\u00fdany\u0148 \u00e7ep kenaryndaky \u00fderleri \u00f6z\u00fcne birikdirmegi. Ku\u015fan d\u00f6wleti dargandan so\u0148, Sasanylar Amyder\u00fdany\u0148 sebitlerini birikdirmek \u00fc\u00e7in g\u00f6re\u015fip ba\u015flapdyrlar. Harby \u00fd\u00f6ri\u015fleri\u0148 netijesinde Amyder\u00fdany\u0148 \u00e7ep kenaryndaky gi\u0148 wela\u00fdatlar E\u00fdrana birikdirilipdir. Emma IV asyry\u0148 ortasynda Merkezi Azi\u00fdany\u0148 halklaryny\u0148 Sasanylara gar\u015fy erjel g\u00f6re\u015fmekleri netijesinde, olar Amyder\u00fda bo\u00fdlaryndan gysylyp \u00e7ykarylypdyr. Sasanylary\u0148 d\u00f6wletini\u0148 demirgazygynda d\u00f6r\u00e4n Ku\u015fan d\u00f6wletini\u0148 E\u00fdran bilen alyp baran uru\u015flaryny\u0148 netijesinde bolsa bu \u00fderler gara\u015fsyzlyk alypdyr. Emma, so\u0148ra Merkezi Azi\u00fdada Sasanylar bilen alnyp barylan uru\u015flary\u0148 netijesinde Eftalylar d\u00f6wleti emele gel\u00fd\u00e4r, T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fderleri bolsa onu\u0148 d\u00fcz\u00fcmine birikdirilipdir. Bu sy\u00fdasy \u00f6zgeri\u015fleri\u0148 bolup ge\u00e7megini\u0148 esasy seb\u00e4bi, bizi\u0148 e\u00fd\u00fdamymyzy\u0148 III-IV asyrlarynda gul \u00fde\u00e7ilik gurlu\u015fyny\u0148 feodal gurlu\u015f bilen \u00e7al\u015fyrylmagy bolupdyr. \u00ddurtda iri \u00fder e\u00fdeleri \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar, da\u00fdhanlar bolsa \u00fdere berkidilip \u00fder e\u00fdelerine tabyn edil\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdlelik bilen, Sasanylary\u0148 G\u00fcnorta T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fderlerinde agalyk eden asyrlarynda gul e\u00fde\u00e7ilik gurlu\u015fy t\u00e4ze feodal\u00e7ylyk gurlu\u015f bilen \u00e7al\u015fyryl\u00fdar.<\/p>\n<p>IV asyry\u0148 ba\u015flarynda T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fderinde abdallary\u0148 t\u00e4siri g\u00fc\u00fd\u00e7lenip ba\u015flapdyr. Olara asyry\u0148 ortalaryna \u00e7enli bolan d\u00f6w\u00fcrde go\u0148\u015fy sasanylar bilen ylala\u015fykda we hyzmatda\u015flykda \u00fda\u015famak ba\u015fardypdyr. Hatda abdallar sasanylary\u0148 agalygyny ykrar edip, olary\u0148 go\u015funyny\u0148 d\u00fcz\u00fcminde Rime gar\u015fy ur\u015fa hem gatna\u015fypdyrlar. Sasany paty\u015fasy Bahram Guru\u0148 (420-438-nji \u00fd\u00fd.) d\u00f6wr\u00fcnde h\u00e4zirki Ba\u00fdramaly \u015f\u00e4herini\u0148 35 km. demirgazyk-g\u00fcndogar tarapynda \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n K\u00fc\u015fme\u00fdhany\u0148 gola\u00fdynda sasanylar bilen abdallary\u0148 arasynda gazaply s\u00f6we\u015f bolupdyr. Ol Bahram Guru\u0148 \u00fde\u0148i\u015fi bilen gutarypdyr. \u015eondan so\u0148 sasanylary\u0148 serhedi Amyder\u00fdany\u0148 kenarlaryna \u00e7enli baryp \u00fdetipdir. Emma bu \u00fcst\u00fcnlik uzak dowam etm\u00e4ndir. \u00c7\u00fcnki ikinji gezek 484-nji \u00fdylda sasanylar bilen bolan uru\u015f abdallary\u0148 pe\u00fddasyna tamamlanypdyr. Bu s\u00f6we\u015fde sasanylary\u0148 paty\u015fasy Firuzy\u0148 \u00f6zi-de wepat bol\u00fdar. \u015eondan so\u0148 tagta ge\u00e7en sasany \u015fasy Kawad iki \u00fdyllap abdallara salgyt t\u00f6lem\u00e4ge mejbur bol\u00fdar. \u015ee\u00fdlelik bilen abdallary\u0148 \u00f6zba\u015fdak d\u00f6wleti d\u00f6re\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\">\u00a0<strong><em>Annaberdi\u00fdew Eziz <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>T\u00fcrkmen d\u00f6wlet energetika institutyny\u0148 <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>\u00ddylylyk elektrik stansiyalarynda suwy\u0148 we \u00fdangyjy\u0148 tehnologi\u00fdasy fakultetini\u0148 1-nji \u00fdyl talyby <\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Bizi\u0148 e\u00fd\u00fdamymyzy\u0148 III asyryny\u0148 ba\u015flarynda gadymy Parfi\u00fda d\u00f6wletinde i\u00e7ki we da\u015fky gapma-gar\u015fylyklar has \u00fditile\u015f\u00fd\u00e4r. D\u00f6wleti\u0148 d\u00fcz\u00fcmind\u00e4ki wela\u00fdatlary\u0148 k\u00f6p\u00fcsi merkezi h\u00f6k\u00fcmeti\u0148 tabynlygyndan \u00e7ykyp ba\u015fla\u00fdarlar. Parfi\u00fda d\u00f6wletini\u0148 d\u00fcz\u00fcmind\u00e4ki \u015fe\u00fdle \u00fderleri\u0148 biride Pars wela\u00fdatydy. III asyry\u0148 ba\u015flarynda Parsy parfi\u00fdalylary\u0148 dikmesi Go\u00e7ihr dolandyr\u00fdardy. Emma Sasany atly \u00fderli begzada ony agdaryp, Parsdaky h\u00e4kimni\u00fdeti \u00f6z eline al\u00fdar. Sasany parfi\u00fda paty\u015falaryny\u0148 tabynlygyndan [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":23383,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23382"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=23382"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23382\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":23384,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23382\/revisions\/23384"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/23383"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=23382"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=23382"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=23382"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}