{"id":23437,"date":"2024-11-18T07:41:28","date_gmt":"2024-11-18T02:41:28","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23437"},"modified":"2024-11-18T07:41:28","modified_gmt":"2024-11-18T02:41:28","slug":"atmosfera-howasynyn-hapalanmagy-we-onun-zyyanly-tasiri","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23437","title":{"rendered":"Atmosfera howasyny\u0148 hapalanmagy we onu\u0148 zy\u00fdanly t\u00e4siri"},"content":{"rendered":"<p>Tebigat-k\u00f6psanly de\u0148agramly arabaglan\u015fyklary\u0148 b\u00fctewi ulgamydyr. \u015eol arabaglan\u015fyklary\u0148 islendik birinde bolup ge\u00e7\u00fd\u00e4n \u00f6zgeri\u015flikleri\u0148 t\u00e4siri tutu\u015flygyna tebigatda maddalary\u0148 we energi\u00fdany\u0148 a\u00fdlan\u015fygyny\u0148 bozulmagyna getirip biler. Tebigy gur\u015fawy\u0148 esasy d\u00fcz\u00fcjilerini\u0148 biri bolan atmosfera howasy adamy\u0148 \u00fda\u015famagyny\u0148 i\u0148 wajyp \u015fertidir. Seb\u00e4bi adam howasyz 5 minutdan k\u00f6p \u00fda\u015fap bilme\u00fd\u00e4r. Asuda \u00fdagda\u00fdda adam orta\u00e7a sutkada 15 kg. howa sarp ed\u00fd\u00e4r. Senagaty\u0148 g\u00fc\u00fd\u00e7li depginler bilen \u00f6smegi atmosfera howasyny\u0148 ony\u0148 zy\u0148yndylary bilen hapalanmagyna getir\u00fd\u00e4r. Hasaplamalara g\u00f6r\u00e4 h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde her \u00fdylda atmosfera howasyna 250 mln. tonna t\u00f6weregi tozan, 200 mln. tonna uglerody\u0148 oksidi, 150 mln. tonna k\u00fck\u00fcrt dioksidi, 50 mln. tonna azot oksidleri, 50 mln. tonna d\u00fcrli uglewodorodlar we 20 mlrd. tonna k\u00f6m\u00fcrtur\u015fy gazy zy\u0148yl\u00fdar. Bu zy\u0148yndylary\u0148 esasy b\u00f6legi energetika, himi\u00fda, ma\u015fyn gurlu\u015fyk senagatlaryna we transporta degi\u015flidir.<\/p>\n<p>Atmosfera howasyny\u0148 hapalanmagy adamy\u0148 organizmne, ha\u00fdwanat we \u00f6s\u00fcmlik d\u00fcn\u00fd\u00e4sine, mikroorganizmlere uly zy\u00fdan \u00fdetiril\u00fd\u00e4r, biogferada global \u00fc\u00fdtgemeleri\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykmagyna, ykdysady zy\u00fdany\u0148 emele gelmegine getir\u00fd\u00e4r. K\u00f6psanly barlaglary\u0148 netijesinde howa gur\u015fawyny\u0148 \u00fdokary derejelerde hapalanan senagat merkezlerinde kesellemeleri\u0148, esasanda uly \u00fda\u015fly adamlary\u0148 we \u00e7agalary\u0148 arasynda howply keselleri\u0148 has k\u00f6p \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdandygy subut edildi. Atmosferany\u0148 hapalanmagy zerarly howany\u0148 tozanlylygy art\u00fdar, erbet yslar pe\u00fdda bol\u00fdar, g\u00f6z\u00fdetim pesel\u00fd\u00e4r. Adam saglygyna, ekosistemalary\u0148 kadaly hereket etmegine uly zy\u00fdan \u00fdetiril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Adam \u00fc\u00e7in howadaky kanserogen maddalary\u0148 t\u00e4siri hasda howplydyr. Ol maddalar \u00fdangyjy\u0148 doly \u00fdanmazlygynda sintezi\u0148 netijesinde emele gel\u00fd\u00e4rler. Kanserogen maddalary\u0148 esasy \u00e7e\u015fmeleri h\u00f6km\u00fcnde awtoulaglary\u0148, awiasi\u00fdany\u0148 zy\u0148\u00fdan gazlaryny, gaty we suwuk \u00fdangyjy \u00fdakmagy\u0148 zy\u0148yndylaryny, nebiti ga\u00fdtadan i\u015flemek proseslerini g\u00f6rkezmek bolar. Atmosfera howasy arkaly radioaktiw hapala\u00fdjylar (rentgen we gamma \u015f\u00f6hleleri) hem \u00fda\u00fdrap janly organizmler \u00fc\u00e7in howplary \u00fd\u00fcze \u00e7ykar\u00fdarlar. Stronsini\u0148 t\u00e4sirinde bolsa rak keselleri, akganlylyk we be\u00fdlekiler \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdar. Kislorody\u0148 mukdary her \u00fdylda 10 mld. tonna azal\u00fdar. Onu\u0148 azalmagy esasan \u00fdangyjy\u0148 a\u015fa k\u00f6p \u00fdakylmagyny\u0148 netijesinde bolup ge\u00e7\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>K\u00fck\u00fcrtli birle\u015fmeler hem k\u00f6p howply meseleleri \u00fd\u00fcze \u00e7ykar\u00fdarlar. \u00ddagny \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 \u00f6\u00fdj\u00fcklerini \u00f6lmegine getir\u00fd\u00e4r. Adamlarda gastrit, bronhit, laringit \u00fdaly keselleri\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykmagyna seb\u00e4p bol\u00fdar.<\/p>\n<p>Senagaty\u0148 we transporty\u0148 atmosfera zy\u0148yl\u00fdan tozanlary.hem adamy\u0148 saglygyna uly zy\u00fdan \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Ownuk b\u00f6lejikler dem aly\u015f \u00fdollaryna d\u00fc\u015f\u00fcp olary gyjyndyr\u00fdarlar, \u00f6\u00fdken kesellerini\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykmagyna getir\u00fd\u00e4rler. D\u00fcz\u00fcminde z\u00e4herle\u00fdji maddalary (my\u015fak, simap, gur\u015fun) sakla\u00fdan tozanlar adamy\u0148 z\u00e4herlenmegine seb\u00e4p bol\u00fdarlar. Atmosfera zy\u0148yl\u00fdan agyr metallar adamlarda rak kesellerini\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykmagyna getir\u00fd\u00e4rler.<\/p>\n<p>Hapalanan howany\u0148 halk hojalygyna, oba hojalygyna ed\u00fd\u00e4n zy\u00fdanly t\u00e4sirleri k\u00f6p mukdardaky ykdysady \u00fditgileri\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykmagyna seb\u00e4p bol\u00fdar. Metal gurlu\u015flary\u0148, ja\u00fdlary\u0148.\u00fc\u00e7eklerini\u0148, da\u015fky g\u00f6rn\u00fc\u015flerini\u0148 wagtyndan \u00f6\u0148 za\u00fdalanmagy mu\u0148a mysaldyr. K\u00e4bir birle\u015fmeler atmosferadaky suw buglary bilen birle\u015fip kislota \u00fdagy\u015flaryna \u00f6wr\u00fcl\u00fd\u00e4rler. Bu bolsa suwlary\u0148 hapalanmagyna, \u00fderleri\u0148 za\u00fdalanmagyna, ja\u00fdlary\u0148, desgalary\u0148 za\u00fdalanmagyna getir\u00fd\u00e4r. K\u00fck\u00fcrd\u00fc\u0148, azody\u0148 we uglerody\u0148 oksidlerini\u0148 howadaky \u00fdokary konsentrasi\u00fdalary metallary\u0148 poslamak, gurlu\u015fyk materiallaryny\u0148 dargamak proseslerini \u00e7altla\u015fdyr\u00fdar. \u015e\u00e4herlerde \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlary, medeni sungat ob\u00fdektleri, a\u00e7yk howada \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n binag\u00e4rlik we sungat \u00fdadyg\u00e4rlikleri hem \u015fe\u00fdle zy\u00fdanly t\u00e4sirlere sezewar bol\u00fdarlar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\">\u00a0<strong><em>Des\u00fdarowa Ma\u00fdsa <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>D\u00f6wletm\u00e4mmet Azady adyndaky T\u00fcrkmen milli d\u00fcn\u00fd\u00e4 dilleri institutyny\u0148 G\u00fcndogar dilleri we edebi\u00fdaty fakultetini\u0148 T\u00fcrkmen dili we edebi\u00fdaty h\u00fcn\u00e4rini\u0148 4-nji \u00fdyl talyby <\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Tebigat-k\u00f6psanly de\u0148agramly arabaglan\u015fyklary\u0148 b\u00fctewi ulgamydyr. \u015eol arabaglan\u015fyklary\u0148 islendik birinde bolup ge\u00e7\u00fd\u00e4n \u00f6zgeri\u015flikleri\u0148 t\u00e4siri tutu\u015flygyna tebigatda maddalary\u0148 we energi\u00fdany\u0148 a\u00fdlan\u015fygyny\u0148 bozulmagyna getirip biler. Tebigy gur\u015fawy\u0148 esasy d\u00fcz\u00fcjilerini\u0148 biri bolan atmosfera howasy adamy\u0148 \u00fda\u015famagyny\u0148 i\u0148 wajyp \u015fertidir. Seb\u00e4bi adam howasyz 5 minutdan k\u00f6p \u00fda\u015fap bilme\u00fd\u00e4r. Asuda \u00fdagda\u00fdda adam orta\u00e7a sutkada 15 kg. howa sarp ed\u00fd\u00e4r. Senagaty\u0148 g\u00fc\u00fd\u00e7li [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":23438,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23437"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=23437"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23437\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":23439,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23437\/revisions\/23439"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/23438"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=23437"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=23437"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=23437"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}