{"id":23805,"date":"2024-12-13T08:23:05","date_gmt":"2024-12-13T03:23:05","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23805"},"modified":"2024-12-13T08:23:05","modified_gmt":"2024-12-13T03:23:05","slug":"beynide-pikirlenme-hadysanyn-doremeginin-molekulyar-esaslary","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23805","title":{"rendered":"Be\u00fdnide pikirlenme hadysany\u0148 d\u00f6remegini\u0148 molekul\u00fdar esaslary"},"content":{"rendered":"<p>\u00ddat we \u00fdatke\u015flik, akyl we pikir \u00fdaly hadysalar b\u00fctin be\u00fdni ulgamy\u0148, umuman \u00e4hli ne\u00fdronlary\u0148 \u00f6n\u00fcmidir. Biologi\u00fda ulgamynda \u00fdatke\u015fligi\u0148 \u00fc\u00e7 g\u00f6rn\u00fc\u015fi bar bolup: genetiki \u00fdatke\u015flik, immunologiki we ne\u00fdrologiki \u00fdatke\u015flikler. M\u00e4lim bol\u015funa g\u00f6r\u00e4, genetiki \u00fdatke\u015fligi\u0148 esasy nuklein tur\u015fularydyr, esasan hem, DNK-molekulasydyr; immunologiki \u00fdatke\u015flik umumy bedeni\u0148 genotip g\u00f6rn\u00fc\u015fini kesgitle\u00fd\u00e4n DNK-bilen bir hatarda maglumatly (informasi\u00fdaly) \u00fdokary mlekul\u00fdar proteinleri\u0148 gatna\u015fmagynda \u00fcpj\u00fcn edil\u00fd\u00e4r. Ne\u00fdrologiki \u00fdatke\u015flik bolsa \u00e4hli ne\u00fdronlary\u0148 wezipesidir.Be\u00fdnini\u0148 pikirlenmek, akyl we hu\u015f \u00fdaly wezipeleri esasy ne\u00fdronlary\u0148 bedenjiklerinde molekul\u00fdar derejede ge\u00e7\u00fd\u00e4n himiki we fiziki \u00f6zgeri\u015fmeleri\u0148 netijesinde d\u00f6re\u00fd\u00e4r. Mu\u0148a subutnama edip ne\u00fdronlarda \u00f6r\u00e4n \u00fdokary tizlikde ge\u00e7\u00fd\u00e4n madda we energi\u00fda \u00e7al\u015fygyny g\u00f6rkezmek bolar, kelle be\u00fdnide \u00f6\u00fdj\u00fck genomany\u0148 transkribirle\u015fme hadysany\u0148 tizligi be\u00fdleki agzalara garany\u0148da \u00f6r\u00e4n \u00fdokarydyr. Be\u00fdleki agzalary\u0148 we dokumalary\u0148 \u00f6\u00fdj\u00fcklerinde transkribirle\u015fen DNT mukdary be\u00fdnid\u00e4ki DNK garany\u0148da iki esse pesdedir. So\u0148 hem adamy\u0148 be\u00fdnisinde DNK molekulasyny\u0148 20% t\u00f6weregi \u015fol \u00fderde \u00f6nd\u00fcrilen RNK-ni\u0148 molekulasy bilen gibritle\u015fen \u00fdagda\u00fddadyr.Be\u00fdnide pikirlenme hadysa be\u00fdni gabygyny\u0148 ne\u00fdronlarynda elektriki tolkun ulgamy\u0148 \u00fda\u00fdramaklygy bilen ge\u00e7\u00fd\u00e4ndigini fiziki barlaglary\u0148 netijesi g\u00f6rkezdi. \u015eol tolkunlar bellibir ne\u00fdronlarda \u00fdygnanyp \u00fdatke\u015fligi\u0148 d\u00f6remegine getir\u00fd\u00e4r. \u015eu nukda\u00fdnazardan, \u00fdagny \u015fol tolkunlary\u0148 \u00fdygnanmaklyk we \u015fol \u00f6\u00fdj\u00fckde saklanmaklyk ukyplaryna g\u00f6r\u00e4 iki g\u00f6rn\u00fc\u015fde bol\u00fdar: gysga wagtla\u00fdyn\u00fdatke\u015flik we dowamly\u00fdatke\u015flik. Gysga wagtla\u00fdyn \u00fdatke\u015flikde da\u015fky gur\u015fawdan be\u00fdn\u00e4 d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n t\u00e4sirleri\u0148 esasynda d\u00f6re\u00fd\u00e4n tolkunlar k\u00f6p saklanma\u00fdar we tiz \u00fditip gid\u00fd\u00e4rler. \u015eu tolkunlary\u0148 k\u00f6p\u00fcsi be\u00fdni gabygyndaky ne\u00fdronlara \u00fdetmezligi bilen tamamlan\u00fdarlar.Dowamly \u00fdatke\u015flikde ne\u00fdronlara gel\u00fd\u00e4n tolkunlar be\u00fdnini\u0148 gabygyny\u0148 ne\u00fdronlaryny\u0148 k\u00f6p mukdary bilen baglany\u015fykly ge\u00e7\u00fd\u00e4r we \u015fol ne\u00fdronlara g\u00fc\u00fd\u00e7li t\u00e4sir etmeklik bien baglany\u015fyklydyr. Netijede, ne\u00fdronlarda durnukly himiki \u00f6zgeri\u015fmeler ge\u00e7me\u00fd\u00e4r we ne\u00fdronlarda durnukly fiziki baglany\u015fyklary\u0148 d\u00f6remegine getir\u00fd\u00e4r. \u015eol \u00f6zgeri\u015fmeleri\u0148 dowamynda bellibir ne\u00fdronlarda \u00f6zbolu\u015fly h\u00e4si\u00fdetler dowamly mahsus bolup gal\u00fdarlar.Be\u00fdn\u00e4 d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n informasi\u00fdalary\u0148 be\u00fdnide saklanyp galmaklygyna ne\u00fdronlardaky sinapslary\u0148 hem \u00e4hmi\u00fdeti uludyr. \u015eu hadysany \u00f6wrenmeklik sinapslardan informasi\u00fdany\u0148 ge\u00e7irilmegini\u0148 iki g\u00f6rn\u00fc\u015fini\u0148 bardygyny g\u00f6rkezdi. Sinapsdan informasi\u00fdany \u00fde\u0148ille\u015fdirilen\u00fdag-da\u00fdda we ony togtadylan\u00fdagda\u00fdda ge\u00e7irmeklik. Birinji g\u00f6rn\u00fc\u015finde sinapsdan ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n ilkinji impulsy\u0148 ge\u00e7i\u015fine garany\u0148da ikinji im-puls, \u00fdokary amatlykda ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r. Ikinji g\u00f6rn\u00fc\u015finde ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n im-pulslara beril\u00fd\u00e4n jogaplary\u0148 g\u00fc\u00fdji gitdigi\u00e7e pesel\u00fd\u00e4r, so\u0148undan \u00fditip gitmegi-de m\u00fcmkin.\u00ddatke\u015flik \u00fdagda\u00fd hem \u015fu iki \u00f6zgeri\u015fme hadysalary\u0148 netijesi bolmagy m\u00fcmkindir. Pikirlenme hadysada adenilatsiklaza ulgamyny\u0148 hem \u00fdardamy bardyr. Bu ulgam hGMF we hAMF \u00f6nd\u00fcrmeklik bilen k\u00f6psanly fermentleri\u0148 i\u015fje\u0148le\u015fmegini \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4r, \u015fol sanda RNK-polimerazany\u0148 i\u015fje\u0148le\u015fmegi \u00fda-da ornitindekarboksilazany\u0148 i\u015fje\u0148le\u015fmegi poliaminleri\u0148 \u00f6nd\u00fcrilmegine \u00fdardam edip sinapslary\u0148 wezipele\u015fmegini\u0148 alnyp barylmagyna gi\u0148den gatna\u015f\u00fdarlar.Ha\u00fdwanlary\u0148 bellibir refleksa \u00f6wredilmegi bedene d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n himiki birle\u015fmelere baglydyr. Strihnin \u015fol \u00f6wrenmekligi \u00fde\u0148ille\u015fdirse, puromisin \u00f6wrenmekligi togtad\u00fdar. Seb\u00e4bi ne\u00fdronlarda informasi\u00fdalary\u0148 \u00fdygnanmaklygy \u015fol \u00f6\u00fdj\u00fckde RNK-lary\u0148 we proteinleri\u0148 \u00f6nd\u00fcrili\u015f tizligine baglydyr. \u00ddatke\u015flikde we pikirlenmekde ne\u00fdronlarda \u00f6nd\u00fcril\u00fd\u00e4n peptidleri\u0148 gatna\u015fmagynda ge\u00e7iril-\u00fd\u00e4ndikleri barada hem gipoteza bardyr. \u015eol gipoteza molekul\u00fdar kod gipotezasydi\u00fdil\u00fd\u00e4r. \u015eu gipoteza la\u00fdyklykda be\u00fdn\u00e4 d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n maglumatlar ne\u00fdronlarda d\u00fcrli aminotur\u015fy d\u00fcz\u00fcmli peptidler g\u00f6rn\u00fc\u015finde \u00fdygnan\u00fdarlar. \u015ee\u00fdle mehanizmi\u0148 esaslarynda hem adamda uzakla\u00fdyn \u00fdatke\u015fligi\u0148 d\u00f6remegi m\u00fcmkindir. Ne\u00fdronlarda akyl, hu\u015f we pa\u00fdhas \u00fdaly hadysalary\u0148 d\u00f6remekligine ne\u00fdronlarda \u00f6nd\u00fcril\u00fd\u00e4n peptid gormonlary we liberinler \u00fdaly aminotur\u015fular yzygiderlikli gurlu\u015flary\u0148 \u00f6nd\u00fcrilmekligidir. \u015eol birle\u015fmeleri\u0148 bedeni\u0148 gormonal \u00fdagda\u00fdyny sazla\u015fdyrmakda \u00e4hmi\u00fdeti nazara alynsa, adamda uzakla\u00fdyn \u00fdatke\u015fligi\u0148 d\u00f6remegini\u0148 esasy mehanizmi molekul\u00fdar kod gipotezasy esasynda ge\u00e7\u00fd\u00e4r di\u00fdip tassyklamak bolar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>A\u00fd\u015fat Allaberdi\u00fdewa <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>T\u00fcrkmen Oba hojalyk institutyny\u0148 3-nji \u00fdyl talyby <\/em><\/strong><\/p>\n<p>&nbsp;<\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>\u00ddat we \u00fdatke\u015flik, akyl we pikir \u00fdaly hadysalar b\u00fctin be\u00fdni ulgamy\u0148, umuman \u00e4hli ne\u00fdronlary\u0148 \u00f6n\u00fcmidir. Biologi\u00fda ulgamynda \u00fdatke\u015fligi\u0148 \u00fc\u00e7 g\u00f6rn\u00fc\u015fi bar bolup: genetiki \u00fdatke\u015flik, immunologiki we ne\u00fdrologiki \u00fdatke\u015flikler. M\u00e4lim bol\u015funa g\u00f6r\u00e4, genetiki \u00fdatke\u015fligi\u0148 esasy nuklein tur\u015fularydyr, esasan hem, DNK-molekulasydyr; immunologiki \u00fdatke\u015flik umumy bedeni\u0148 genotip g\u00f6rn\u00fc\u015fini kesgitle\u00fd\u00e4n DNK-bilen bir hatarda maglumatly (informasi\u00fdaly) \u00fdokary mlekul\u00fdar proteinleri\u0148 gatna\u015fmagynda [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23805"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=23805"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23805\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":23806,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23805\/revisions\/23806"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=23805"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=23805"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=23805"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}