{"id":23977,"date":"2025-05-17T08:55:37","date_gmt":"2025-05-17T03:55:37","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23977"},"modified":"2025-05-17T08:55:30","modified_gmt":"2025-05-17T03:55:30","slug":"saz-bilen-sohbeti-yaman-diymanler-adam-ata-dunya-gelende-bardyr","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=23977","title":{"rendered":"Saz bilen s\u00f6hbeti \u00fdaman di\u00fdm\u00e4\u00f1ler, Adam ata d\u00fcn\u00fd\u00e4 gelende bardyr."},"content":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u00f1 \u00e7ar \u00fdanyna \u00fda\u00fdran t\u00fcrkmenleri\u00f1 a\u00fddym-saz sungaty umumy t\u00fcrki halklaryny\u00f1 a\u00fddym-saz sungatyny\u00f1 a\u00fdrylmaz bir \u015fahasy bolup dur\u00fdar. Mu\u00f1a ol halklarda a\u00fddyl\u00fdan a\u00fddymlary\u00f1 \u00e4he\u00f1lerini\u00f1 bir perdeden gop\u00fdan g\u00f6rn\u00fc\u015fleri hem k\u00f6p \u00fderlerde \u015fa\u00fdatlyk etse, k\u00f6ne d\u00f6w\u00fcrde ulanylan ilkinji saz gurallary bolan gupuz, t\u00fc\u00fdd\u00fck, dambura (tamdyra) \u00fdaly saz gurallaryny\u00f1 hemme t\u00fcrki halklar \u00fc\u00e7in aralyk bolmagy-da muny doly tassykla\u00fdar.<\/p>\n<p>Elbetde, belli bir halky\u00f1 go\u00f1\u015fy\u00e7ylykda \u00fda\u015fan be\u00fdleki bir halky\u00f1 a\u00fddym-saz sungatyna \u00f6z t\u00e4sirini \u00fdetiri\u015fi \u00fdaly, t\u00fcrki halky\u00f1 a\u00fddym-saz sungaty be\u00fdleki bir halka, be\u00fdleki bir halky\u00f1 a\u00fddym-saz sungaty bolsa t\u00fcrkmen halkyny\u00f1 a\u00fddym-saz sungatyna \u00f6z\u00fcni\u00f1 t\u00e4sirini \u00fdetirendir. Bu mesel\u00e4ni\u00f1 barlagy \u00f6r\u00e4n uly bolup, biz bu \u00fderde di\u00f1e E\u00fdran t\u00fcrkmenlerini\u00f1 saz-sungatyny\u00f1 g\u00f6zba\u015fy barada gysga\u00e7a durup ge\u00e7mek\u00e7i. \u00c7\u00fcnki a\u00fddym-saz sungaty hem belli bir derejede halky\u00f1 ruhy medeni\u00fdetini kesgitle\u00fd\u00e4r. \u015eol ruhy medeni\u00fdeti\u00f1 k\u00f6kleri bolsa asyrlary\u00f1 j\u00fcmm\u00fc\u015fine ornap gidip, olary\u00f1 d\u00f6re\u00fd\u015fi, kemala gel\u015fi, \u00f6s\u00fc\u015fi taryhy wakalardan g\u00f6zba\u015f al\u00fdar.<\/p>\n<p>Umuman, t\u00fcrkmen saz-sungatyny\u00f1 \u00f6z g\u00f6zba\u015fyny irki d\u00f6w\u00fcrlerden alyp ga\u00fdd\u00fdandygy t\u00fcrkmen klassik \u015fahyry Mahmyt Ga\u00fdybyny\u00f1 Buhara emirini\u00f1 huzurynda a\u00fddan \u201cGelende bardyr\u201d atly \u015fygyrynda \u015fe\u00fdle teswirlen\u1ef3\u00e4r:<\/p>\n<p>Saz bilen s\u00f6hbeti \u00fdaman di\u00fdm\u00e4\u00f1ler,<\/p>\n<p>Adam ata d\u00fcn\u00fd\u00e4 gelende bardyr.<\/p>\n<p>Dutary\u00f1 d\u00f6re\u1ef3\u015fi hakda d\u00fcrli rowa\u1ef3atlary\u00f1 biri hem be\u1ef3ik akyldarymyz Magtymguly Pyragyny\u00f1 bell\u00e4p ge\u00e7i\u015fi \u1ef3aly a\u1ef3dym-saz, adam ata d\u00f6r\u00e4nden bardyr, di\u1ef3en \u00e7u\u00f1\u00f1ur filosofi\u1ef3adan g\u00f6zba\u015f al\u1ef3an s\u00f6z\u00fc\u00f1 esasynda a\u1ef3dyl\u1ef3ar. Ol rowa\u1ef3at a\u015fakdakydan ybarat bol\u1ef3ar: \u201cHuda\u00fdtagala adam atany d\u00f6redende pal\u00e7ykdan hamyrma\u00fda emele getirip onu\u00f1 adam \u015fekilli he\u00fdkelini b\u00fctin 40 g\u00fcn saklapdyr. Ha\u00e7anda \u00f6z ruhyndan adamy\u00f1 me\u00fddine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu be\u00fdik ruhy g\u00f6tere bilm\u00e4n her sapar \u00fdapyk teni\u00f1 i\u00e7inden da\u015f \u00e7ykypdyr. Derhal huda\u00fd tagalany\u00f1 emri bilen ruh ynsany\u00f1 toprakdan gurulan tenine ja\u00fdla\u015far \u00fdaly elleri dutarly \u00fc\u00e7 sany peri\u015fde saz \u00e7alyp ba\u015fla\u00fdarlar. Allatagalany\u00f1 ruhy \u00fd\u00fcrege baryp \u00fdetende ynjalyk tapyp \u015fe\u00fdle di\u00fd\u00fd\u00e4r: \u201cE\u00fd bir huda\u00fda! Meni sazy\u00f1 g\u00fc\u00fdji bilen teni\u00f1 kapasynda ja\u00fdlady\u00f1. \u015eonu\u00f1 \u00fc\u00e7in her sapar sazy\u00f1 owazyny di\u00f1lesem, \u00f6z\u00fcmden gidip, kalbymy\u00f1 he\u00fdejan-tolkunlaryny du\u00fd\u00fdaryn\u201d. T\u00fcrkmenleri\u00f1 ynamyna g\u00f6r\u00e4, heniz hem adamlar dutary\u00f1 \u00fd\u00fcrek tolkundyryjy owazyny e\u015fiden badyna g\u00f6wni u\u00e7gunmagy \u015fonu\u00f1 \u00fc\u00e7indir. Seb\u00e4bi allany\u00f1 ruhy toprakly tende sazy\u00f1 g\u00fc\u00fdji bilen si\u00f1ipdir\u201d.<\/p>\n<p>Irki d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri t\u00fcrkmen halkyny\u00f1 arasynda \u201cOsaz\u201d ady bilen ba\u015flangy\u00e7 sungaty bolupdyr. Ozanlary\u00f1 \u00f6z s\u00f6zlerine \u00f6zleri saz d\u00f6redip, ony hem \u00f6zleri \u1ef3erine \u1ef3etiripdirler.<\/p>\n<p>S.Demidowy\u00f1 barlag etmegine g\u00f6r\u00e4, XI-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalan Ahsan \u015fih G\u00fcnbatar T\u00fcrkmenistanda \u00fda\u015fap ge\u00e7en S\u00f6\u00fd\u00fcnhany t\u00fcrkmenleri\u00f1 me\u015fhur oguznama\u00e7ysy bolupdyr.<\/p>\n<p>Onu\u00f1 repertuaryndaky oguznamalary\u00f1 gol\u00fdazmasyny so\u00f1ra Hywa hany Abulgazy \u00f6z\u00fcni\u00f1 \u201cT\u00fcrkmenleri\u00f1 \u015fejeresi\u201d di\u1ef3en i\u015fine girizipdir.<\/p>\n<p>XVII asyrda Ma\u00f1gy\u015flak t\u00fcrkmenleri\u00f1 arasynda Amand\u00f6wlet bag\u015fygalmyklary\u00f1 \u00e7ozu\u015fyny de\u00f1ze balyk awlamaga giden t\u00fcrkmenleri saz he\u00f1i bilen \u00e4g\u00e4 edip. Olary hem \u00f6zlerini du\u015fmany\u00f1 elinden halas edipdir.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Durdy\u00fdewa \u015eem\u015fat,<\/strong><\/em><\/p>\n<div dir=\"auto\">\n<div dir=\"auto\" style=\"text-align: right;\"><em><strong>Beki Se\u00fdt\u00e4kow adyndaky mugallym\u00e7ylyk mekdebini\u00f1 1-nji \u00fdyl talyby.<\/strong><\/em><\/div>\n<\/div>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u00f1 \u00e7ar \u00fdanyna \u00fda\u00fdran t\u00fcrkmenleri\u00f1 a\u00fddym-saz sungaty umumy t\u00fcrki halklaryny\u00f1 a\u00fddym-saz sungatyny\u00f1 a\u00fdrylmaz bir \u015fahasy bolup dur\u00fdar. Mu\u00f1a ol halklarda a\u00fddyl\u00fdan a\u00fddymlary\u00f1 \u00e4he\u00f1lerini\u00f1 bir perdeden gop\u00fdan g\u00f6rn\u00fc\u015fleri hem k\u00f6p \u00fderlerde \u015fa\u00fdatlyk etse, k\u00f6ne d\u00f6w\u00fcrde ulanylan ilkinji saz gurallary bolan gupuz, t\u00fc\u00fdd\u00fck, dambura (tamdyra) \u00fdaly saz gurallaryny\u00f1 hemme t\u00fcrki halklar \u00fc\u00e7in aralyk bolmagy-da muny doly tassykla\u00fdar. [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23977"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=23977"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23977\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":24204,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/23977\/revisions\/24204"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=23977"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=23977"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=23977"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}