{"id":24281,"date":"2025-05-29T10:22:46","date_gmt":"2025-05-29T05:22:46","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=24281"},"modified":"2025-06-24T20:59:39","modified_gmt":"2025-06-24T15:59:39","slug":"alymlar-ozon-gatlagyndaky-desik-2035-nji-yyla-cenli-doly-yapylyp-biler-diyip-caklayar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=24281","title":{"rendered":"Alymlar ozon gatlagyndaky de\u015fik 2035-nji \u00fdyla \u00e7enli doly \u00fdapylyp biler di\u00fdip \u00e7akla\u00fdar"},"content":{"rendered":"<p>Amerikaly alymlar ozon gatlagyny\u0148 Antarktidany\u0148 \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki b\u00f6legini\u0148 dikeli\u015f prosesini \u00f6wrenmek \u00fc\u00e7in barlaglary ge\u00e7irdiler. Olar so\u0148ky 15 \u00fdylda emeli hemralar tarapyndan toplanan hakyky maglumatlary \u00f6\u0148ki \u00e7aklamalar bilen de\u0148e\u015fdirdiler. Netijede, alymlar ozon gatlagyndaky de\u015figi\u0148 95% \u00e4htimallyk bilen ga\u00fdtadan dikelip biljekdigini anykladylar. Munu\u0148 esasy seb\u00e4bi, adamlary\u0148 i\u015fje\u0148ligini\u0148, \u00fdagny ozony dargad\u00fdan hlorftoruglerodlary\u0148 (HFU) atmosfera go\u00fdberilmegini\u0148 azaldylmagy bolup dur\u00fdar. G\u00f6zleg\u00e7ileri\u0148 pikirine g\u00f6r\u00e4, eger bu \u00fdagda\u00fd dowam etse, onda 2035-nji \u00fdyla \u00e7enli ozon gatlagyndaky de\u015fik doly \u00fdapylyp biler. Bu barada ge\u00e7irilen barlaglary\u0148 netijeleri abra\u00fdly \u00abNature\u00bb \u017eurnalynda \u00e7ap edildi.<\/p>\n<p>Ozon gatlagy n\u00e4me we ol n\u00e4me \u00fc\u00e7in m\u00f6h\u00fcm?<\/p>\n<p>Ozon gatlagy \u2013 \u00dderi\u0148 atmosferasyny\u0148 \u00fdokarky b\u00f6leginde, \u00fdagny stratosferada \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n we G\u00fcn\u00fc\u0148 zy\u00fdanly ultramelew\u015fe \u015f\u00f6hlelerini \u00f6z\u00fcne si\u0148dir\u00fd\u00e4n a\u00fdratyn gatlakdyr. Eger-de bu \u00abgorag gatlagyna\u00bb zeper \u00fdetse, G\u00fcn\u00fc\u0148 \u015f\u00f6hleleri g\u00f6n\u00fcmel \u00fder \u00fd\u00fcz\u00fcne d\u00fc\u015fer. Bu \u00fdagda\u00fd bolsa derini\u0148 rak keselini\u0148 k\u00f6pelmegine, g\u00f6r\u00fc\u015f bilen bagly kyn\u00e7ylyklary\u0148 we be\u00fdleki saglyk meselelerini\u0148 d\u00f6remegine getirip biler.<\/p>\n<p>1985-nji \u00fdylda alymlar ozon gatlagyny\u0148 Antarktidany\u0148 \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki b\u00f6leginde uly de\u015figi\u0148 emele gelendigini anykladylar. Bu de\u015fik esasan sent\u00fdabr-dekabr a\u00fdlaryny\u0148 arasynda pe\u00fdda bol\u00fdar. Alymlary\u0148 ge\u00e7iren barlaglaryna g\u00f6r\u00e4, munu\u0148 esasy seb\u00e4bi hlorftoruglerodlar (HFU) di\u00fdlip atlandyryl\u00fdan himiki maddalar bolup dur\u00fdar. Bu maddalar \u015fol wagtlarda gi\u0148den ulanyl\u00fdardy \u2013 esasan hem sowadyjylarda, kondisionerlerde we aerozol gaplarynda.<\/p>\n<p>1987-nji \u00fdylda d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletleri ozon gatlagyna zy\u00fdan \u00fdetir\u00fd\u00e4n HFU maddalaryny tapgyrla\u00fdyn azaldyp, ahyrynda olary ulanmagy d\u00fc\u00fdb\u00fcnden bes etmek baradaky halkara ylala\u015fyga gol \u00e7ekdiler. Bu ylala\u015fyk \u00abMonreal protokoly\u00bb di\u00fdlip atlandyryldy. \u015eol wagtdan b\u00e4ri, alymlar ozon gatlagyny\u0148 ga\u00fdtadan dikeli\u015f alamatlaryny synlap gel\u00fd\u00e4rler. Emma olar bu dikeli\u015f prosesini\u0148 n\u00e4me seb\u00e4pli bolup ge\u00e7\u00fd\u00e4ndigini ba\u015flangy\u00e7 d\u00f6w\u00fcrde anyk kesgitl\u00e4p bilm\u00e4ndiler.<\/p>\n<p>Amerikaly alymlar bu soraga anyk jogap tapmak \u00fc\u00e7in \u00fd\u00f6rite g\u00f6zlegleri ge\u00e7irdiler. Olar ozon gatlagyny\u0148 dikeli\u015fine t\u00e4sir ed\u00fd\u00e4n seb\u00e4pleri anyklamak \u00fc\u00e7in matematiki model d\u00f6retdiler. So\u0148ra bolsa olar atmosfera t\u00e4sir ed\u00fd\u00e4n faktorlary g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutup, wakalary\u0148 m\u00fcmkin bolan birn\u00e4\u00e7e \u00fda\u00fdba\u0148lanmasyny i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarladylar:<\/p>\n<p>&#8211; birinji \u00fdagda\u00fdda alymlar howada HFU maddalaryny\u0148 we parnik gazlaryny\u0148 t\u00e4sirlerini d\u00fc\u00fdb\u00fcnden a\u00fdyrdylar;<\/p>\n<p>&#8211; ikinjide olar di\u0148e HFU-ny a\u00fdryp, parnik gazlaryny\u0148 t\u00e4sirini sakladylar;<\/p>\n<p>&#8211; \u00fc\u00e7\u00fcnjide bolsa di\u0148e HFU-lary\u0148 t\u00e4sirleri galdyryldy.<\/p>\n<p>So\u0148ra alymlar bu modellerden alnan netijeleri, Antarktidadaky ozon gatlagyny\u0148 so\u0148ky 15 \u00fdyldaky hakyky emeli hemra maglumatlary bilen de\u0148e\u015fdirdiler. Netijede, wagt ge\u00e7digi\u00e7e ozon gatlagyny\u0148 dikeli\u015finde adamzady\u0148 g\u00f6ren \u00e7\u00e4relerini\u0148 uly t\u00e4sirini\u0148 bolandygy anyklandy. Hususan-da, hlorftoruglerodlary ulanmagy gadagan etmek bu dikeli\u015f prosesine o\u0148yn t\u00e4sir \u00fdetiripdir. 2018-nji \u00fdylda ozon de\u015figi \u00f6\u0148k\u00fcsinden has \u00e7alt \u00fdapylyp ba\u015flapdyr we bu \u00fdagda\u00fd 95% \u00e4htimallyk bilen HFU zy\u0148yndylaryny\u0148 azaldylmagy bilen baglany\u015fykly.<\/p>\n<p>Onda, geljekde n\u00e4hili bolar? Barlagy\u0148 awtorlaryny\u0148 pikirine g\u00f6r\u00e4, eger adamzat ozon gatlagyny goramak bo\u00fdun\u00e7a g\u00f6r\u00fd\u00e4n \u00e7\u00e4relerini dowam etdirse, 2035-nji \u00fdyla \u00e7enli ozon de\u015figi doly \u00fdapylyp biler. Eger bu amala a\u015fsa, onda bu \u00fdagda\u00fd global ekologi\u00fda meselelerine gar\u015fy g\u00f6re\u015fde adamzady\u0148 \u00fcst\u00fcnlige \u00fdeten se\u00fdrek \u00fdagda\u00fdlaryny\u0148 biri bolar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\">\u00a0 \u00a0 <strong><em>S\u00f6hbet SETDAROW <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>\u00a0 T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148 <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>\u00a0Agronom\u00e7ylyk fakultetini\u0148 Agroekologi\u00fda h\u00fcn\u00e4rini\u0148 2-nji \u00fdyl talyby <\/em><\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>TKA-ny\u0148 talyp hakyny\u0148 e\u00fdesi<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Amerikaly alymlar ozon gatlagyny\u0148 Antarktidany\u0148 \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki b\u00f6legini\u0148 dikeli\u015f prosesini \u00f6wrenmek \u00fc\u00e7in barlaglary ge\u00e7irdiler. Olar so\u0148ky 15 \u00fdylda emeli hemralar tarapyndan toplanan hakyky maglumatlary \u00f6\u0148ki \u00e7aklamalar bilen de\u0148e\u015fdirdiler. Netijede, alymlar ozon gatlagyndaky de\u015figi\u0148 95% \u00e4htimallyk bilen ga\u00fdtadan dikelip biljekdigini anykladylar. Munu\u0148 esasy seb\u00e4bi, adamlary\u0148 i\u015fje\u0148ligini\u0148, \u00fdagny ozony dargad\u00fdan hlorftoruglerodlary\u0148 (HFU) atmosfera go\u00fdberilmegini\u0148 azaldylmagy bolup dur\u00fdar. G\u00f6zleg\u00e7ileri\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":24350,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[18,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/24281"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=24281"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/24281\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":24351,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/24281\/revisions\/24351"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/24350"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=24281"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=24281"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=24281"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}