{"id":26087,"date":"2025-11-01T01:28:53","date_gmt":"2025-10-31T20:28:53","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=26087"},"modified":"2025-11-01T01:28:53","modified_gmt":"2025-10-31T20:28:53","slug":"rus-dilini-owrenmegin-ahmiyeti","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=26087","title":{"rendered":"Rus dilini \u00f6wrenmegi\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti."},"content":{"rendered":"<p>Bilim ulgamy yzygiderli k\u00e4mille\u015fdiril\u00fd\u00e4r. Bu babatda gola\u00fdda hormatly Prezidentimizi\u0148 Karary bilen tassyklanan \u00abT\u00fcrkmenistanda umumybilim maksatnamalary bo\u00fdun\u00e7a okatmagy\u0148 usuly\u00fdetini k\u00e4mille\u015fdirmegi\u0148 2028-nji \u00fdyla \u00e7enli Konsepsi\u00fdasy\u00bb a\u00fddy\u0148 mysaldyr. Bu Konsepsi\u00fda 8 b\u00f6l\u00fcmden ybarat bolup, bilim ulgamyny\u0148 i\u015fini\u0148 has-da k\u00e4mille\u015fmegi, d\u00f6wrebapla\u015fmagy \u00fc\u00e7in uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim ber\u00fd\u00e4n edaralarda okatmakda innowasion usullardan pe\u00fddalanmak, milli bilim ulgamyny k\u00e4mille\u015fdirmek i\u015fi bilim i\u015fg\u00e4rlerini\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde uly jogapk\u00e4r\u00e7iligi go\u00fddy.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 ylym-bilim edaralaryny\u0148 internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa, Watanymyzy\u0148 ylym-bilim ulgamynda gazanan \u00fcst\u00fcnliklerini d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fd\u00fcz\u00fcne \u00fda\u00fdmak \u00fc\u00e7in \u015fert d\u00f6red\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdle hem bilim ulgamyny\u0148 i\u015fini d\u00f6wrebap derejede guramak, \u00a0\u00fda\u015flara beril\u00fd\u00e4n bilimi\u0148 hilini \u00fdokarlandyrmak bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna ge\u00e7mek babatynda gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologi\u00fdalary\u0148, \u00fdokary tizlikli internet ulgamyny\u0148 gi\u0148den orna\u015fdyrylmagy netijesinde \u00fdurdumyzy\u0148 \u00fdokary okuw mekdeplerini\u0148 arasynda, \u015fol sanda bilim babatda hyzmatda\u015flyk edil\u00fd\u00e4n da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 \u00fdokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideo\u015fekilli maslahatlar yzygiderli gural\u00fdar. \u00c7\u00fcnki \u00fdurdumyzy\u0148 \u00fdokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatda\u015flygyny i\u015fje\u0148le\u015fdirmekde, alnyp baryl\u00fdan bilim-terbi\u00fde\u00e7ilik, ylym, sport, medeni-k\u00f6p\u00e7\u00fclik i\u015flerini, d\u00f6wlet \u00e4hmi\u00fdetli \u00f6zgertmeleri, \u00f6s\u00fc\u015fleri gi\u0148den \u015f\u00f6hlelendirmekde sanly bilim ulgamyny\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iliklerinden netijeli pe\u00fddalanmak maksadala\u00fdykdyr.<\/p>\n<p>Umumybilim ber\u00fd\u00e4n orta mekdepler bilen mekdebe \u00e7enli \u00e7agalar edaralaryny\u0148 arasynda \u00fczn\u00fcksiz baglany\u015fygy alyp barmak i\u015finde bolsa mugallymlar we terbi\u00fde\u00e7iler ta\u00fdsyz tagalla ed\u00fd\u00e4rler. Bilim i\u015flerine innowasion tehnologi\u00fdalary orna\u015fdyrmak dowam etdirilip, okatmagy\u0148 d\u00f6wrebap usullaryndan pe\u00fddalanmak bilen, okuw\u00e7ylary\u0148 akyl \u00fdetirijilik, \u00f6wrenijilik i\u015fje\u0148ligi, \u00f6zba\u015fdak pikirleni\u015f endikleri has-da k\u00e4mille\u015fdiriler we \u00f6sd\u00fcriler. \u00dczn\u00fcksiz bilim ulgamyny\u0148 mazmunyny hil ta\u00fddan t\u00e4zelemek, bilim i\u015fg\u00e4rlerini ta\u00fd\u00fdarlamak, olary\u0148 h\u00fcn\u00e4r derejesini \u00fdokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, ba\u015farnyklaryny \u00f6sd\u00fcrmek babatdaky i\u015fler d\u00f6wrebapla\u015fdyrylar. \u015ee\u00fdle hem umumybilim maksatnamalary bo\u00fdun\u00e7a okatmagy\u0148 usuly\u00fdetini yzygiderli k\u00e4mille\u015fdirmegi\u0148 esasynda \u00fda\u015flara \u00e7u\u0148\u0148ur bilim we d\u00f6wrebap terbi\u00fde bermek, olary i\u015f \u00fderleri bilen \u00fcpj\u00fcn etmek, mekdepden da\u015fary we go\u015fma\u00e7a bilimi\u0148 h\u00e4zirki zaman usullary we ugurlary babatda degi\u015fli i\u015fler durmu\u015fa ge\u00e7iriler.<\/p>\n<p>Bu konsepsi\u00fda la\u00fdyklykda, da\u015fary \u00fdurt dillerini, hususan-da rus dilini \u00f6wretmelige hem a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. K\u00f6p dil \u00f6wrenmek we ony \u00fda\u015f nesle \u00f6wretmek k\u00e4milligi\u0148 a\u00fddy\u0148 be\u00fdanydyr. K\u00f6p dil bilmegi\u0148 durmu\u015fy \u00e4hmi\u00fdeti \u00f6r\u00e4n uly bolup, ol halkara gatna\u015fyklaryny\u0148, diplomati\u00fdany\u0148 i\u015fje\u0148 seri\u015fdesidir. D\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 d\u00fcrli k\u00fcnjeklerinden gel\u00fd\u00e4n myhmanlary maksadala\u00fdyk gar\u015fy almak, olar bilen i\u015few\u00fcr gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmak, bu ugurda \u00fd\u00fcze \u00e7yk\u00fdan soraglary \u00e7\u00f6zmek \u00fc\u00e7in d\u00fcrli dilleri \u00f6wrenmegi\u0148 hyzmaty uludyr. \u015eonu\u0148 \u00fdaly-da, d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ylmy edebi\u00fdatlary bilen tany\u015fmak \u00fc\u00e7in hem da\u015fary \u00fdurt dilleri m\u00f6h\u00fcm bolup dur\u00fdar.<\/p>\n<p>\u00ddurdumyzda d\u00fcn\u00fd\u00e4 dillerini\u0148 arasynda esasy orun tut\u00fdan da\u015fary \u00fdurt dillerini, a\u00fdratyn- da rus dilini \u00f6wrenm\u00e4ge \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. Da\u015fary \u00fdurt diline e\u00fde bolmak halklary\u0148 arasynda dostluk, medeni gatna\u015fyklary\u0148 \u00f6smegine, \u00fda\u015flary\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetini\u0148 ruhuna \u00fdakynla\u015fmagyna, \u00fda\u015flary\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 tejribeleri bilen tany\u015fmaklaryna \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r. Rus dili GDA \u00fdurtlaryny\u0148 arasynda di\u0148e bir medeni aragatna\u015fyk dili bolman, e\u00fdsem, i\u015fje\u0148lik dili hem bolup dur\u00fdar. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in hem ykdysat\u00e7ylara, teleke\u00e7ilere we talyplara rus dilini \u00f6wrenmek pe\u00fddalydyr hem wajypdyr. Be\u00fdik rus \u015fahyry A.S.Pu\u015fkini\u0148 doglan g\u00fcni bolan 6-njy i\u00fdunda k\u00f6p dilliligi we medeni k\u00f6pd\u00fcrl\u00fcligi goldamak hem-de \u00f6sd\u00fcrmek maksatnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde BMG-de Rus dilini\u0148 g\u00fcni bellenil\u00fd\u00e4r. Rus dili slaw\u00fdan dillerini\u0148 arasynda has gi\u0148 \u00fda\u00fdran, geografiki nukda\u00fdnazardan we geple\u015f\u00fd\u00e4nleri\u0148 umumy sany bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 dillerini\u0148 ilkinji onlugyny\u0148 sanawyna gir\u00fd\u00e4r. Internetde ulanyl\u00fdan dilleri\u0148 arasynda hem i\u0148 \u00fd\u00f6rg\u00fcnlisi rus dilidir. Rus dili d\u00fcn\u00fd\u00e4d\u00e4ki i\u0148 kyn dilleri\u0148 biridir. \u015ee\u00fdlede bolsa rus dilini \u00f6wrenmek \u00fc\u00e7in sarp edil\u00fd\u00e4n wagt adamdan adama \u00fc\u00fdtge\u00fd\u00e4r. Rus dilinde erkin g\u00fcrlemek \u00fc\u00e7in bu s\u00f6zleri\u0148 di\u0148e 5%-ini \u00f6wrenmek \u00fdeterlikdir.<\/p>\n<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4de rus dilini ene dili h\u00f6km\u00fcnde ulan\u00fdanlary\u0148 sany 164 milliona de\u0148dir. Bu dili ikinji dil h\u00f6km\u00fcnde ulan\u00fdanlary\u0148 sany bolsa 114 milliona barabardyr. \u015ee\u00fdlelikde, rus dilinde geple\u015f\u00fd\u00e4nleri\u0148 sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Russi\u00fda Federasi\u00fdasyny\u0148 d\u00f6wlet dili, Belarusu\u0148 iki d\u00f6wlet dilini\u0148 biridir, Gazagystany\u0148, Gyrgyzystany\u0148 we k\u00e4bir be\u00fdleki \u00fdurtlary\u0148 resmi dillerini\u0148 hataryndadyr. \u015ee\u00fdle hem \u00ddewrazi\u00fdada, G\u00fcndogar \u00ddewropada halkara aragatna\u015fygy\u0148 esasy dilidir, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148, onu\u0148 d\u00fcz\u00fcm birliklerini\u0148 we be\u00fdleki halkara guramalary\u0148 alty i\u015f dilini\u0148 biridir. 2022-nji \u00fdyldaky maglumatlara g\u00f6r\u00e4, rus dilini\u0148 \u00fda\u00fdramak derejesi 8-nji orny e\u00fdele\u00fd\u00e4r. Bu ugurda i\u0148lis dili (1,5 mlrd), mandarin hyta\u00fd dili (1,1 mlrd), hindi dili (602,2 mln), ispan dili (548,3 mln), fransuz dili (274,1 mln), arap dili (274 mln) we bengal dili (272,7 mln) \u00f6\u0148deligi e\u00fdele\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Internet ulgamynda rus dilini ulanyjylary\u0148 sany 105 milliondan gowrakdyr. \u015eulary g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutup, rus dilini \u00f6wrenmegi\u0148 \u00e4hmi\u00fdetini\u0148 uludygyny nygtasymyz gel\u00fd\u00e4r. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in bizi\u0148 \u00fdurdumyzda hem rus dilini \u00f6wretm\u00e4ge uly \u00fcns beril\u00fd\u00e4r. \u00ddokary okuw mekdeplerinde rus dili we edebi\u00fdaty fakulteti bolup, onda rus dili bo\u00fdun\u00e7a k\u00e4mil h\u00fcn\u00e4rmenler \u00fdeti\u015fdiril\u00fd\u00e4r. Mundan ba\u015fga- da, \u00fdurdumyzda rus dili \u00e7u\u0148la\u015fdyrylyp \u00f6wredil\u00fd\u00e4n orta mekdepler hem hereket ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Rozykuly\u00fdewa Nasiba Arslanowna,<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>\u00a0\u00c7\u00e4rjew etrabyny\u0148 14-nji orta mekdebini\u0148 mu<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>gallymy.<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Bilim ulgamy yzygiderli k\u00e4mille\u015fdiril\u00fd\u00e4r. Bu babatda gola\u00fdda hormatly Prezidentimizi\u0148 Karary bilen tassyklanan \u00abT\u00fcrkmenistanda umumybilim maksatnamalary bo\u00fdun\u00e7a okatmagy\u0148 usuly\u00fdetini k\u00e4mille\u015fdirmegi\u0148 2028-nji \u00fdyla \u00e7enli Konsepsi\u00fdasy\u00bb a\u00fddy\u0148 mysaldyr. Bu Konsepsi\u00fda 8 b\u00f6l\u00fcmden ybarat bolup, bilim ulgamyny\u0148 i\u015fini\u0148 has-da k\u00e4mille\u015fmegi, d\u00f6wrebapla\u015fmagy \u00fc\u00e7in uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim ber\u00fd\u00e4n edaralarda okatmakda innowasion usullardan pe\u00fddalanmak, milli bilim ulgamyny k\u00e4mille\u015fdirmek i\u015fi [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/26087"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=26087"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/26087\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":26089,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/26087\/revisions\/26089"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=26087"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=26087"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=26087"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}