{"id":26348,"date":"2025-11-22T23:13:33","date_gmt":"2025-11-22T18:13:33","guid":{"rendered":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=26348"},"modified":"2025-11-22T23:13:34","modified_gmt":"2025-11-22T18:13:34","slug":"turkmenistanda-mata-dokmacylygy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=26348","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistanda mata dokma\u00e7ylygy"},"content":{"rendered":"<p>Orta Azi\u00fdany\u0148 \u00e7\u00e4ginde dokalan matalary\u0148 we haly b\u00f6leklerini\u0148 bu \u00fderden\u00a0 hi\u00e7 birini\u0148 hem tapylmandygy ge\u0148 zatdyr. Orta asyr arap taryh\u00e7ysy Har\u015fahi\u00a0 Sogdyn \u00abzandane\u00e7i\u00bb atly \u00fd\u00fcpek matalary\u0148 \u00ddewropa we Azi\u00fda \u00fdurtlaryna getirilip (import edilip), olary\u0148 wajyp s\u00f6wda birligi bolandygy barada belle\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>G\u00fcndogar dokma \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 k\u00f6psanly Kawkaz arheologi\u00fda tapyndylary irki\u00a0 orta asyrlara degi\u015fli bolup, olar \u00f6zbolu\u015fly tehniki alamatlary \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4rler.Olary\u0148 i\u0148 \u00e4himi\u00fdetlileri a\u015fakdakylar: dokmsapagyny\u0148 bolmagydyr we hi\u00e7 wagt durkuny \u00fditirme\u00fd\u00e4n syklygydyr. \u00dd\u00fcpek matalary\u0148 hem dokaly\u015f usullaryny\u0148 talaplary haly dokma\u00e7ylygyny\u0148 talabyna \u00fdakyndyr. Haly we \u00fd\u00fcpek mata dokma\u00e7ylygynda dokmany\u0148 syklygy gazanyl\u00fdar.Bu bolsa, di\u0148e bir er\u015fi\u0148 we argajy\u0148 g\u00fcrl\u00fcgini d\u00e4l-de, e\u00fdsem \u00fd\u00fcp\u00fc\u0148 \u00fdogyn-in\u00e7eligini hem \u00f6z i\u00e7ine al\u00fdar. Irki orta asyrlarda T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00e7\u00e4klerind\u00e4ki dokma\u00e7ylyk iki pudaga b\u00f6l\u00fcnipdir. Olar \u00abhalk dokma\u00e7ylygy\u00bb we\u00a0 \u00ab\u015f\u00e4her (d\u00f6wlet) dokma\u00e7ylygy\u00bb di\u00fdlip atlandyrylypdyr. Merw, Sarahs, Bawert (Abiwerd), K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7, Nusa\u00fd we be\u00fdleki \u015f\u00e4herlerde dokalan matalar \u015f\u00e4her dokma\u00e7ylygyny\u0148 \u00f6n\u00fcmleri hasaplanypdyVI-XVI asyrlarda \u00ddewropa \u00fdurtlaryny we Hyta\u00fdy birle\u015fdiren Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoluny\u0148 ugry T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00e7\u00e4klerinde K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7, Merw, Nusa\u00fd, \u00c4new, Abiwerd \u015f\u00e4herlerinden ge\u00e7ipdir. Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoly arkaly \u00fd\u00fcpek matalary \u00ddewropa \u00fdurtlaryna, M\u00fcs\u00fcre satylypdyr. Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoluny\u0148 \u00fdedi sany esasy ugrundan \u0425V asyra \u00e7enli \u00fc\u00e7 sany ugry gal\u00fdar. Dokalan matalar \u00abmuslyn\u00bb, \u00abkundajy\u00bb, \u00abtirazy\u00bb di\u00fdlip atlandyrylypdyr. Bu matalary\u0148 atlary arap \u00fdurtlarynda du\u015f gelip, olary\u0148 hemmesi Marydan M\u00fcs\u00fcre getiril\u00fd\u00e4n matalar bolupdyr. Matalar di\u0148e bir re\u0148kli bolman, e\u00fdsem olary\u0148 \u00fd\u00fczlerini nagy\u015flar we \u00fdazgylar, ak, g\u00f6k re\u0148kli zolaklar bez\u00e4pdir. Matalary\u0148 d\u00fc\u015fegi birsyhly gyzyl re\u0148k \u00f6w\u00fc\u015fginli hem bolupdyr. Demirgazyk T\u00fcrkmenistanda \u00abmulham\u00bb \u00fd\u00fcpek matalaryny \u00f6nd\u00fcripdirler.<\/p>\n<p>G\u00fcnbatar T\u00fcrkmenistanda, Sarahs \u015f\u00e4herinde sary re\u0148kli matalar dokalypdyr.Orta asyr matalary \u00ab\u017eakkard\u00bb usulynda \u00fderine \u00fdetiril\u00fd\u00e4r. Matany\u0148 d\u00fc\u015fegini\u0148 \u00fcst\u00fcni g\u00fcber\u00e7ek \u015fekilli nagy\u015flar beze\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmeni\u0148 milli matalary \u015fol bir wagtda halky\u0148 g\u00f6zellik talaplaryny berja\u00fd edip, onu\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4gara\u00fd\u015fyny\u0148 \u015f\u00f6hlelenmesi bolup dur\u00fdar. T\u00fcrkmenleri\u0148 ge\u00fdim tikil\u00fd\u00e4n milli matalary milleti\u0148 da\u015fky g\u00f6rn\u00fc\u015fi, tebigaty\u0148 re\u0148ki we tomsu\u0148 yssy howasy bilen hem baglydyr.\u015ee\u00fdlelikde, t\u00fcrkmen milli mata dokma\u00e7ylygy jemgy\u00fdeti\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015fyny\u0148 d\u00fcrli taraplaryny a\u00e7maga m\u00fcmkin\u00e7ilik ber\u00fd\u00e4n senet\u00e7ilikdir. Hatda s\u00f6we\u015f g\u00fcnlerinde hem \u00fdigitler mele re\u0148kli \u00e7\u00e4kmeni we silkme telpekleri ge\u00fdmegi sa\u00fdlapdyrlar.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmen jemgy\u00fdetinde keteni, begres, dara\u00fdy, gyrmyzy donluk, \u00e7\u00e4kmenlik matalary\u0148 dokalmagy be\u00fdik k\u00e4mil derej\u00e4 \u00fdetipdir. XX-XXI asyry\u0148 \u00f6sen\u00a0 dokma senagaty hem ge\u00e7mi\u015fd\u00e4ki milli ge\u00fdimleri\u0148 \u00fderligine me\u0148ze\u015f matalary\u00a0 \u00f6nd\u00fcrmegi dowam ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Saporow Begen\u00e7<\/strong><\/em><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><em><strong>Halkara senagat\u00e7ylar we teleke\u00e7iler uniwersitetini\u0148 Dil \u00f6wreni\u015f b\u00f6l\u00fcmini\u0148 104-nji toparyny\u0148 talyby<\/strong><\/em><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Orta Azi\u00fdany\u0148 \u00e7\u00e4ginde dokalan matalary\u0148 we haly b\u00f6leklerini\u0148 bu \u00fderden\u00a0 hi\u00e7 birini\u0148 hem tapylmandygy ge\u0148 zatdyr. Orta asyr arap taryh\u00e7ysy Har\u015fahi\u00a0 Sogdyn \u00abzandane\u00e7i\u00bb atly \u00fd\u00fcpek matalary\u0148 \u00ddewropa we Azi\u00fda \u00fdurtlaryna getirilip (import edilip), olary\u0148 wajyp s\u00f6wda birligi bolandygy barada belle\u00fd\u00e4r. G\u00fcndogar dokma \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 k\u00f6psanly Kawkaz arheologi\u00fda tapyndylary irki\u00a0 orta asyrlara degi\u015fli bolup, olar \u00f6zbolu\u015fly tehniki [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/26348"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=26348"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/26348\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":26349,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/26348\/revisions\/26349"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=26348"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=26348"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=26348"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}