{"id":6480,"date":"2020-10-04T14:25:36","date_gmt":"2020-10-04T09:25:36","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=6480"},"modified":"2020-10-04T14:38:49","modified_gmt":"2020-10-04T09:38:49","slug":"yagysly-gun-gosgy-we-aydymdan-ote","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=6480","title":{"rendered":"&#8221;\u00ddAGY\u015eLY G\u00dcN&#8221; go\u015fgy we a\u00fddymdan \u00f6te&#8230;"},"content":{"rendered":"<p>Bir dostumy\u00f1 ba\u015fyndan ge\u00e7iren, bir-biri bilen \u00f6rt\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n wakalaryny siz okyjylara \u00fdetirmegi maksat edindik.<\/p>\n<p>Dostum talyplyk \u00fdyllaryny da\u015fary \u00fdurtda ge\u00e7iripdi. Dostumy\u00f1 \u00f6\u00fd\u00fcnd\u00e4kiler: &#8220;Birden, talypka \u00fdat illerde durmu\u015f gurman, \u00f6z ata watanynda durmu\u015f gurup, \u00f6\u00fdli-i\u015fikli bolsun&#8221; di\u00fdip, \u00f6z s\u00f6\u00fden gyzyna s\u00f6z a\u00fdtdylar. \u015ee\u00fddibem guda bolup oturyberdiler.<\/p>\n<p>Oglan da\u015fary \u00fdurtda talyp bolsa, gyz hem A\u015fgabady\u00f1 \u00fdokary okuw ja\u00fdlaryny\u0148 birinde talypdy. Bir-biri bilen hepdede bir gezek habarla\u015f\u00fdan bolsalar, so\u0148abaka her g\u00fcn di\u00fden \u00fdaly bir-birinden habar tut\u00fdardylar. Edil \u015folar \u00fdaly talyp gyzy\u0148 jorasyna hem ba\u015fga bir ma\u015fgala guda\u00e7ylyga barypdyr. \u015eol jora gyzy\u0148 barmaly oglany bir g\u00fcn sms arkaly bir go\u015fgy ugrad\u00fdar. Ol gyzam begenjinden go\u015fgyny \u00f6z jorasyna-da ugrad\u00fdar.<br \/>\n\u00dda\u0148ky go\u015fgy birden da\u015fary \u00fdurtda okap \u00fd\u00f6ren talyp \u00fdigide hem sms arkaly gel\u00fd\u00e4r. Go\u015fgyny\u0148 ady &#8220;\u00ddag\u00fdar \u00fdagy\u015f&#8221; di\u00fdlip go\u00fdulan. Talyp \u00fdigit go\u015fgyny okan dessine go\u015fgyny hala\u00fdar, g\u00f6wni al-asmana g\u00f6teril\u00fd\u00e4r. Elbetde, \u00f6z s\u00f6\u00fden gyzyna hasam guwanyp, s\u00f6\u00fdg\u00fcsi \u00fdene bir gez be\u00fdgel\u00fd\u00e4r. Go\u015fgynam \u015fol \u00f6z s\u00f6\u00fden gyzy go\u015fandyr di\u00fdip \u00fd\u00f6r\u00fd\u00e4r. Talyp \u00fdigit gy\u015fky dyn\u00e7 aly\u015f m\u00f6ws\u00fcmlerini\u0148 birinde \u00f6z \u00fdurduna gezm\u00e4ge gel\u00fd\u00e4r. Bir g\u00fcn \u00f6\u00fdlerinde telewizora toma\u015fa edip durka, bir t\u00fcrkmen kinofilmine gabat gel\u00fd\u00e4r. \u015eol kinofilmde bolsa aradaky okan go\u015fgusyna a\u00fddym edilip a\u00fddylan eken. Talyp \u00fdigit: &#8220;Bul-a mundan gelip \u00e7ykdow!&#8221; di\u00fdip, \u00f6z i\u00e7ini h\u00fcmled\u00fd\u00e4r. Bu \u00fdigit go\u015fgusyndan beter a\u00fddymyny halap ba\u015flasa, n\u00e4tjek! &#8220;Belki m\u00fc\u0148 gezek di\u0148l\u00e4ndirin, hi\u00e7 ha\u00e7an hem do\u00fdup bilemok&#8221; di\u00fdip, birn\u00e4\u00e7e gezek bize g\u00fcrr\u00fc\u0148 beren wagtlaram boldy.<br \/>\nBu go\u015fgyny ilkinji gezek a\u00fddym edip a\u00fddan T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artisti Annaguly Myratdurdy\u00fdewdir. Bu a\u00fddymy\u0148 d\u00f6re\u00fd\u015fini bolsa bize bag\u015fyny\u0148 sazandalaryndan \u00ddazmyrat aga g\u00fcrr\u00fc\u0148 beripdi. Olam \u015fe\u00fdler\u00e4k: &#8220;Bir g\u00fcn Annu\u015f (halk arasynda bag\u015fyny\u0148 ady) biz sazandalary \u00fdanyna \u00e7agyrdy. \u00d6\u0148\u00fcmize bir go\u015fgy go\u00fddy. Bu go\u015fgyny\u0148 hem T\u00e4ze \u00fdyl ba\u00fdram\u00e7ylygyna bagy\u015flanyp d\u00fc\u015f\u00fcriljek kinofilmi\u0148 a\u00fddymyna \u00f6wr\u00fclmelidigini a\u00fdtdy. Bizem gyssagara, gaty \u00fcnsem bermedik sazy \u00fdazylanynda. Kinofilm halka \u00fdetirildi. To\u00fdlara barsak, di\u0148e \u015fu a\u00fddymy birn\u00e4\u00e7e gezek a\u00fdtmagymyzy (zakaz) ha\u00fdy\u015f etdiler. Seredip g\u00f6rsek bu a\u00fddym d\u00f6wr\u00fc\u0148 i\u0148 gowy a\u00fddymyna (hit) \u00f6wr\u00fclmezmi?!&#8221;<\/p>\n<p>Talyp \u00fdigidimiz okuwyny tamamlady, durmu\u015f to\u00fduny tutdy, \u00f6z ugrundan i\u015flem\u00e4ge ba\u015flady. G\u00fcnlerden bir g\u00fcn \u015fahyr Kakamyrat Rejepow bilen tany\u015fypdyr. \u015eol wagtlar \u015fahyry\u0148 &#8220;Bagty\u0148 suraty&#8221; atly go\u015fgular \u00fdygyndysy \u00e7ap edildi. \u015eahyry\u0148 \u00f6z galamy bilen gutlag s\u00f6zleri \u00fdazylan kitabyny okap g\u00f6rse, d\u00f6wr\u00fcmizi\u0148 a\u00fddym-saz sungatynda owazasy \u00fdetirilen birn\u00e4\u00e7e a\u00fddymy\u0148 go\u015fgularyny\u0148 e\u00fdesi hem Kakamyrat Rejepowdygyna ha\u00fdran galypdyr. Go\u015fgyny\u0148 taryhyny \u015fahyry\u0148 \u00f6z\u00fcnden sorap g\u00f6rse, go\u015fgyny heniz 19 \u00fda\u015fyndaka, 2005-nji \u00fdylda \u00fdazandygyny, 2009-njy \u00fdylda bolsa a\u00fddyma \u00f6wr\u00fclendigini \u00f6wrenipdir. Kitap bolsa 2019-njy \u00e7apdan \u00e7ykypdyr, elbetde \u015fahyr \u00e7alaja \u00fc\u00fdtgetmeler girizipdir, \u00fd\u00f6ne to\u00fd-mejlislerde, edebi s\u00f6hbetde\u015fliklerde go\u015fgyny okap bereninde bolsa ilkinji nusgasyny okap ber\u00fd\u00e4ndigini \u00f6wrenipdir. \u00ddene bellemeli zat bu a\u00fddymy\u0148 ady kitapda &#8220;\u00ddagy\u015fly g\u00fcn&#8221; di\u00fdlip berlendir.<\/p>\n<p>Dostumyz: &#8220;H\u00e4zir-h\u00e4zir hem \u015fu a\u00fddymy di\u0148lesek, g\u00f6wn\u00fcmiz \u015fol \u00fdigitlik g\u00fcnlerimize dolanyp gel\u00fd\u00e4r, \u00e4r-a\u00fdal bolup \u00e7agalarymyza guwanyp, dep\u00e4miz al-asmana dire\u00fd\u00e4r&#8221; di\u00fdip g\u00fcrr\u00fc\u0148 ber\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Biz hem mundan be\u00fdl\u00e4k \u015fahyr(lary)myzy\u0148 galam(lar)yny\u0148 ujuny\u0148 \u00fditelmegini dil\u00e4p, a\u00fddym\u00e7y(lary)myzy\u0148 t\u00e4zeden-t\u00e4ze a\u00fddymlary bize \u00fdetirmeklerini arzuw ed\u00fd\u00e4ris! A\u00fddyma \u00f6wr\u00fclen go\u015fgyny\u0148 belli bir b\u00f6legi e\u015fe\u00fdler\u00e4kdir:<\/p>\n<p>&#8211; \u00ddagy\u015fly g\u00fcn ga\u00fddyp gel\u00fd\u00e4n okuwdan,<br \/>\nGar\u015fy aldy \u00fdene tany\u015f duralga,<br \/>\nG\u00f6z\u00fcm d\u00fc\u015fdi \u015fonda i\u00e7i\u0148 h\u00fcmledip,<br \/>\nBir \u00e7etdejik \u00fdag\u015fa ezlip duran\u0148a.<\/p>\n<p>Synlap dursu\u0148 y\u015fga d\u00fc\u015fen asmanyn,<br \/>\nJo\u015flaryna sygman agla\u00fdanyny,<br \/>\nMen bolsa \u00fduwa\u015fja \u00e7ete s\u00fc\u00fd\u015fd\u00fcm-de<br \/>\nTutdum se\u0148 \u00fcst\u00fc\u0148e sa\u00fdawanymy.<\/p>\n<p>\u00ddag\u00fdar \u00fdagy\u015f,<br \/>\ng\u00f6\u00fd\u00e4 bizi du\u015furmak \u00fc\u00e7in,<br \/>\n\u00ddag\u00fdar \u00fdagy\u015f,<br \/>\ng\u00f6\u00fd\u00e4 meni sa\u0148a du\u015furmak \u00fc\u00e7in.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>Ba\u00fdew Huda\u00fdberdi<\/em><\/strong><\/p>\n<p><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Bir dostumy\u00f1 ba\u015fyndan ge\u00e7iren, bir-biri bilen \u00f6rt\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n wakalaryny siz okyjylara \u00fdetirmegi maksat edindik. Dostum talyplyk \u00fdyllaryny da\u015fary \u00fdurtda ge\u00e7iripdi. Dostumy\u00f1 \u00f6\u00fd\u00fcnd\u00e4kiler: &#8220;Birden, talypka \u00fdat illerde durmu\u015f gurman, \u00f6z ata watanynda durmu\u015f gurup, \u00f6\u00fdli-i\u015fikli bolsun&#8221; di\u00fdip, \u00f6z s\u00f6\u00fden gyzyna s\u00f6z a\u00fdtdylar. \u015ee\u00fddibem guda bolup oturyberdiler. Oglan da\u015fary \u00fdurtda talyp bolsa, gyz hem A\u015fgabady\u00f1 \u00fdokary okuw ja\u00fdlaryny\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":6481,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[16,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/6480"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=6480"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/6480\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":6483,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/6480\/revisions\/6483"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/6481"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=6480"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=6480"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=6480"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}