{"id":9309,"date":"2021-04-27T13:08:19","date_gmt":"2021-04-27T08:08:19","guid":{"rendered":"http:\/\/newashgabat.com\/?p=9309"},"modified":"2021-04-27T13:08:19","modified_gmt":"2021-04-27T08:08:19","slug":"oba-hojalyk-pudagyny-innowasion-usulda-osdurmegin-ileri-tutulyan-ugurlary","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/newsashgabat.com\/?p=9309","title":{"rendered":"OBA HOJALYK PUDAGYNY INNOWASION USULDA \u00d6SD\u00dcRMEGI\u0147 ILERI TUTUL\u00ddAN UGURLARY"},"content":{"rendered":"<p>Hormatly Prezidentimizi\u0148 parasatly \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda alnyp baryl\u00fdan oba hojalygyny bazar \u015fertlerine la\u00fdyklykda \u00f6sd\u00fcrmek babatyndaky agrar sy\u00fdasatyny\u0148 \u00f6zeninde, bu pudagy\u0148 bar bolan \u00e4hli m\u00fcmkin\u00e7iliklerini halky\u0148 abadan we bol\u00e7ulykda \u00fda\u015famagyny \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in pe\u00fddalanmak we \u00f6sen \u00fdurtlar bilen b\u00e4sle\u015fip biljek agrar \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini d\u00f6retmekden ybarat bolup dur\u00fdar.<br \/>\n\u00d6\u0148de go\u00fdlan bu maksada \u00fdetmekde oba hojalyk \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini innowasion menejmentli \u00f6s\u00fc\u015f \u00fdoluna ge\u00e7irmegi\u0148 h\u00f6kmany zerurlykdygyny milli Liderimiz hemi\u015fe nygta\u00fdar.<br \/>\n\u015eol bir wagty\u0148 \u00f6z\u00fcnde, oba hojalygymyzy\u0148 h\u00e4zirki \u00fdagda\u00fdyna we netijesine baha bermek bilen, h\u00e4zirki wagtda \u00fdurdumyzy\u0148 agrar-senagat \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini\u0148 toplumla\u00fdyn innowasion menejmentini\u0148 \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 di\u0148e ba\u015flangy\u00e7 tapgyrynda \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4ndigini hormatly Prezidentimiz belle\u00fd\u00e4r.<br \/>\n\u00ddurdumyzy\u0148 agrar-senagat toplumyny\u0148 \u00fczn\u00fcksiz ulgamla\u00fdyn innowasion menejmentli \u00f6s\u00fc\u015fini\u0148 ba\u015flangyjy 2007-nji \u00fdylda kabul edilen \u201cT\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 obalary\u0148, \u015f\u00e4her\u00e7eleri\u0148, etraplardaky \u015f\u00e4herleri\u0148 we etrap merkezlerini\u0148 ilatyny\u0148 durmu\u015f-\u00fda\u015fa\u00fdy\u015f \u015fertlerini \u00f6zgertmek bo\u00fdun\u00e7a 2020-nji \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6w\u00fcr \u00fc\u00e7in milli Maksatnamasyndan\u201d we 2010-njy \u00fdyly\u0148 ma\u00fdynda kabul edilen \u201cT\u00fcrkmenistany\u0148 durmu\u015f-ykdysady \u00f6s\u00fc\u015fini\u0148 2011\u20132030-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Milli maksatnamasyndan\u201d, \u00fdurdumyzy\u0148 \u00f6s\u00fc\u015f depginine we d\u00f6wr\u00fc\u0148 talabyna la\u00fdyklykda 2015-nji \u00fdyly\u0148 awgust a\u00fdynda \u201cT\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 obalary\u0148, \u015f\u00e4her\u00e7eleri\u0148, etraplardaky \u015f\u00e4herleri\u0148 we etrap merkezlerini\u0148 ilatyny\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f \u015fertlerini \u00f6zgertmek bo\u00fdun\u00e7a 2020-nji \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6w\u00fcr \u00fc\u00e7in rejelenen g\u00f6rn\u00fc\u015fd\u00e4ki milli Maksatnamasyndan\u201d badalga al\u00fdar we \u201cT\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u00fdurdumyzy 2019-2025-nji \u00fdyllarda durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 Maksatnamasy\u201d bo\u00fdun\u00e7a dowam ed\u00fd\u00e4r. Bu maksatnamada \u00fdurdumyzda oba hojalyga degi\u015fli pudaklary\u0148 sazla\u015fykly we toplumla\u00fdyn \u00f6sd\u00fcrilmegine g\u00f6n\u00fckdirilen i\u015fleri \u00fderine \u00fdetirmek \u00fc\u00e7in \u00fd\u00f6rite \u00e7\u00e4reler alnyp baryl\u00fdar.<br \/>\nMaksatnama la\u00fdyklykda \u00f6nd\u00fcril\u00fd\u00e4n oba hojalyk \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 m\u00f6\u00e7berini artdyrmak we halkara standartlaryna la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4n, b\u00e4sde\u015flige ukyply, ekologi\u00fda ta\u00fddan arassa \u00f6n\u00fcm\u00e7ilikleri d\u00f6retmek arkaly \u00fdurdymyzda azyk howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn edil\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen birlikde, oba hojalyk \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 da\u015fary \u00fdurtlardan \u00fdurdumyza getiril\u00fd\u00e4n m\u00f6\u00e7berleri azaldyl\u00fdar we olary\u0148 da\u015fary \u00fdurtlara iberil\u00fd\u00e4n m\u00f6\u00e7berleri artdyryl\u00fdar. Oba hojalyk \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 m\u00f6\u00e7berini artdyrmak, esasan hem, ekinleri\u0148 hasyllygyny \u00fdokarlandyrmagy\u0148, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilige d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy innowasion tehnologi\u00fdaryny yzygiderli orna\u015fdyrmagy\u0148, \u015fe\u00fdle hem d\u00f6wlete degi\u015fli \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik k\u00e4rhanalary bilen bir hatarda, hususy \u00f6n\u00fcm \u00f6nd\u00fcrijileri\u0148 tut\u00fdan pa\u00fdyny \u00fdokarlandyrmagy\u0148 hasabyny amala a\u015fyryl\u00fdar.<br \/>\nT\u00fcrkmenistanda oba hojalygyny ylmy esasda we sazla\u015fykly \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. Pudaga iri m\u00f6\u00e7berde ma\u00fda go\u00fdum seri\u015fdeleri g\u00f6n\u00fckdiril\u00fd\u00e4r, netijede bu ugurda \u00fdurdumyzy\u0148 sebitleri \u00e7alt depginler bilen \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. Ylmy\u0148 we tehnikany\u0148 \u00f6\u0148debaryjy gazananlaryny, i\u0148 gowy d\u00fcn\u00fd\u00e4 tejribelerini \u00f6n\u00fcm\u00e7ilige orna\u015fdyrmak arkaly oba hojalyk pudagyny\u0148 \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik d\u00fcz\u00fcmleri d\u00f6wrebapla\u015fdyryl\u00fdar. Oba senagat toplumyny\u0148 \u00e4hli \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik d\u00fcz\u00fcmlerini\u0148 tehniki ta\u00fddan enjamla\u015fdyrylmagyna we d\u00f6wrebapla\u015fdyrylmagyna g\u00f6n\u00fckdiril\u00fd\u00e4n d\u00f6wlet goldawyny\u0148 we \u00e4girt uly ma\u00fda go\u00fdum seri\u015fdelerini\u0148 a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdeti bar. Oba senagat toplumy \u00fc\u00e7in d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy \u00f6n\u00fcm \u00f6nd\u00fcrijilerini\u0148 d\u00f6wrebap traktorlary, komba\u00fdnlar, eki\u015f gurallary we be\u00fdleki tehnikalar yzygiderli satyn alyn\u00fdar.<br \/>\n\u00ddurdumyzy\u0148 ylmy-barlag edaralaryny\u0148 ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlaryny\u0148 suw bilen \u00fcpj\u00fcn\u00e7iligi, suwary\u015f ulgamyny\u0148 gowulandyrylmagy, \u00fderleri\u0148 hasyllylygyny\u0148 \u00fdokarlandyrylmagy, t\u00e4ze boz \u00fderleri\u0148 \u00f6zle\u015fdirilmegi, pudaga \u00f6\u0148debaryjy tehnologi\u00fdalary\u0148 orna\u015fdyrylmagy, g\u00f6k ekeran\u00e7ylykda we maldar\u00e7ylykda tohum\u00e7ylyk i\u015fini\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegi bo\u00fdun\u00e7a \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4n ylmy-barlag i\u015flerini\u0148 bin\u00fdadynda durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00e7\u00e4reler \u00f6z\u00fcni\u0148 o\u0148yn netijesini ber\u00fd\u00e4r. Berkarar d\u00f6wletimizi\u0148 bagty\u00fdarlyk d\u00f6wr\u00fcnde hormatly Prezidentimiz\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalygynda amala a\u015fyryl\u00fdan \u00f6zgertmeleri\u0148 netijesinde halkymyzy\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f derejesi barha \u00fdokarlan\u00fdar, sahawatly topragymyzy\u0148 rysgal-berekedi has-da art\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>Myradow Guwan\u00e7<\/strong><br \/>\n<strong>A\u015fgabat \u015f\u00e4herind\u00e4ki agrosenagat<\/strong><br \/>\n<strong>orta h\u00fcn\u00e4r okuw mekdebi<\/strong><\/p>","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Hormatly Prezidentimizi\u0148 parasatly \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda alnyp baryl\u00fdan oba hojalygyny bazar \u015fertlerine la\u00fdyklykda \u00f6sd\u00fcrmek babatyndaky agrar sy\u00fdasatyny\u0148 \u00f6zeninde, bu pudagy\u0148 bar bolan \u00e4hli m\u00fcmkin\u00e7iliklerini halky\u0148 abadan we bol\u00e7ulykda \u00fda\u015famagyny \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in pe\u00fddalanmak we \u00f6sen \u00fdurtlar bilen b\u00e4sle\u015fip biljek agrar \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini d\u00f6retmekden ybarat bolup dur\u00fdar. \u00d6\u0148de go\u00fdlan bu maksada \u00fdetmekde oba hojalyk \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini innowasion menejmentli \u00f6s\u00fc\u015f \u00fdoluna [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":3,"featured_media":9310,"comment_status":"open","ping_status":"open","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4,10],"tags":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/9309"}],"collection":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/3"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=9309"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/9309\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":9311,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/9309\/revisions\/9311"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/9310"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=9309"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=9309"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/newsashgabat.com\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=9309"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}