Koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanan futbol boýunça Ispaniýa çempionaty ýene-de dowam etdiriler. Şu sebäpli ýaryşlaryň guramaçylary tarapyndan 28-nji ýaryşlarynyň doly geçiriliş tertibi mälim edildi. Oňa görä, “Sewilýa” öz meýdanynda “Betis” klubyny kabul eder. Çempionat öňdeligini “Berselona” kluby bolsa 13-nji iýun güni “Malýorka” topary myhmany hökmünde çykyş etse, ikinji basgançakdan ýer eýeläp duran “Real Madrid” 14-nji iýun güni öz meýdanynda “Eýbara” garşy oýunlary alyp barar.

Oýunlaryň galan duşuşyklary aşakdaky senelerde geçiriler:

13-nji iýun, şenbe güni

“Espanyol” – “Alaves”, “Selta” – “Vilyareal”

14-nji iýun, ýekşenbe güni

“Atletik” – “Atletiko”, “Real Sosedad” – “Osasuna”

27-nji oýunlardan soň ýaryşlar jedwelinde “Barselona” 58 utuk bilen öňdeligi eýeläpdi. Ikinji orunda barýan “Real Madrid” 56 utuk toplapdy. Ispaniýanyň çempionatynyň 29-njy oýunlarynyň ýaryşlary 15 – 16 – 17 – 18-nji iýun günleri geçiriler

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby