Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmeklige ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly gadam urýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň mähriban raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ak bagtymyzyň arzuwy bolan, “Aziýanyň merjen şäheri” diýip atlandyrylýan gözel paýtagtymyz dünýäniň iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekortlar kitabynda birnäçe gezek mynasyp orun alan türkmen paýtagty bu günki gün ösüşiň rowaçlygyň, gözelligiň, bagtlylygyň ,bagtyýarlygyň berkarar döwletliligiň mekany hökmünde giňden tanaýar.
Türkmenistan ýurdumyzyň ajaýyp merjen paýtagtynyň owadan keşbini mahsus bolan aýratynlyklar ýagny milli binagärlerimiziň ajaýyp öz boluşly binagärlik sungaty , nusgalary bilen utgaşmagy hem merdana pederlerimiziň, şöhratly ata- babalarymyzyň toplan köp ýyllyk tejribeleriniň, ýörelgeleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň ösen we ösýän talaplaryna laýyk döwrebap görnüşde gurulmagy hem paýtagtymyzy ösdürilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.Munuň özi bolsa beýik galkynyşlary, ajaýyp ösüşleri başdan geçirýän ak mermere beslenen merjen şäherimiz gözel paýtagtymyz Aşgabadyň şöhratly geçmişi bilen baglanyşykly birnäçe taryhy ýazgylardyr ýatlamalaryň alyslary nazarlaýandygyny aýdyň görkezmek bolýar. Sanlyja ýyllaryň içinde milli liderimiziň ýurdumyzy dünýä ülüňlerine laýyklykda kämilleşdirmek, onuň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmeklige gönükdirilen özgertmeleri, belent tutumlary ýurdumyzda alynyp barylýan beýik işler, gazanylýan belent derejeler hem subutnama bolup biler.Ýurdumyzyň gözelligini ösdürip, gülledip , bizi ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun.
Altynaý Durdyýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy

RU



