Sanlar we maglumatlar:
Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde guruljak täze Halkara howa menzili
sagatda 100 ýolagça hyzmat eder.
Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy
ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda
baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.
200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275
gektara barabar bolar.
Bu taslamanyň çäginde jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Olaryň hatarynda
ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş
hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny, ýöriteleşdirilen
aerodromy, howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalaryny
görkezmek bolar.
Halkara howa menzilinde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap
uçuşgonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört
dikuçara niýetlenen meýdança hem bolar.
Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini
dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem
göz öňünde tutulýar
BALKANABAT HALKARA HOWA MENZILI

RU












