Islendik özgertmelerimiziň gözbaşy bilimden gaýdýar. Diňe aňly-düşünjeli, häzirki zaman bilimlerinden habarly, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän ýaşlar beýik döwleti gurmaga ukyplydyrlar. Şu wezipäni durmuşa geçirmekligi baş maksat edip goýan eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri dünýäniň bu ugurdaky gazananlaryny içgin öwrenmek hem-de özleşdirmek nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar.
Ylym asyrynda esasy üns innowasion tehnologiýalara, sanly ulgamlara gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.
Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de Türkmenistanda «Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» taýýarlanylmagy bu ugurdaky oňyn işleriň mysalydyr.
Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Munuň netijesinde öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişýär. Milli Liderimiz ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine hem jogapkärli çemeleşilmelidigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň islegine görä goşmaça bilim almaga şertleri döretmek üçin, welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligi häzirki wagtda orta mekdepleriň 97,8 göterimini interaktiw multimedia ulgamy bilen enjamlaşdyrdy. Bu diýseň ýokary görkeziji bolup durýar. Ýokary tehnologiýaly enjamlara umumy elýeterlilik mekdep okuwçylaryna ýöriteleşdirilen maksatnamalar arkaly bilim almaga mümkinçilik berýär. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň tutuş ilatynyň arasynda, şol sanda oba ýerlerinde-de kompýuter sowatlylygynyň ep-esli ýokarlanmagyna getirer.
Mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmekde hem uly öňegidişlikler gazanyldy. Statistiki maglumatlara görä, ýurdumyzdaky mekdepleriň 99,8 göteriminde rus dili, 98,8 göteriminde iňlis dili öwredilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli orta mekdeplerinde pars, nemes, fransuz, hytaý, arap, ýapon, koreý, italýan dillerini öwretmek göz öňünde tutulandyr.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek barada uly özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Dünýägözel GURADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ talyby