Bularyň esasy önümi sütük we et hasaplanylýar. Towşan sütügi trikotaž öndürmekde gymmatly çig mal bolup durýar. Sütük ugurly towşan tohumlarynyň tüý örtügi 92 – 96 % näzik we inçe sütük süýümlerden hem-de 4 – 8 % inçelen iri gyllardan ybarat bolup, olaryň uzynlygy 20 sm we ondan hem uzyndyr. Şonuň üçin hem sütük ugurly towşan tohumlaryny uzyn ýüňlüler toparyna goşýarlar.
Angor tohumy. Günbatar Ýewropada iň giňden ýaýran tohumlaryň biri bolup, olar dürli reňklere (ak, gök, gara, çal) baýdyr. Angor sütükli towşan tohumlaryň watany Turkiýa bolup, olar XVII asyryň başynda Ýewropa getirilýär.
Bularyň tüý örtügi inçe, ýumşak, ýüpeksöw hem-de uzynlygy bilen tapawutlanýarlar. Tüý örtügi gurluşy boýunça iri, aralyk we sütük süýümlerden durýar. Sütük süýümler 90-92 % tutýar. Olaryň uzynlygy 15 – 22 sm, inçeligi 14 mkm. Sütük önümliligi ýylda 150 – 500 gr çenli. Diri agramy 2,5 -4,0 kg çenli, ortaça 3 kg. Ilkinji gezek Angor tohumy Germaniýadan 1927-1928- nji ýyllarda getirilip peýdalanyldy.
Ak sütükli tohumy ýerli az önümli (nipans) tohumy bilen Angor sütükli tohumy çakyşdyrylyp döredilýar we 1957-nji ýylda aýratyn tohum hökmunde tassyklanýar. Tohum iki topardan ybarat bolup, olar diri agramy, sütük berijiligi we sütüginiň hilleri bilen tapawutlanýarlar. Towşanlaryň birinji topary Kurskiý oblastynda, daşary ýurtdan getirilen Angor tohumyndan alnan nesilleri idedilýär. Bu towşanlaryň diri agramy we sütük önümliligi ýokarydyr. Olaryň diri agramy 3 – 5 kg deňdir. Towşanlardan ýylda uzynlygy 6 – 9 sm deň bolan 360 – 420 gr sütük alynýar.
Ak sütükli towşanlaryň ikinji topary, esasan, Kirow oblastynda ösdirilip ýetişdirilýär. Bu görnüşli towşanlaryň diri agramy ortaça 4,0 kg. Olar uzynlygy 5-7 sm bolan 300 – 500 gr, käbirleri 760 gr çenli ýokary hilli sütük berýär. Bir towşandan nesilleri bilen bilelikde 1,0 kg çenli sütük alyp bolýar. Sütük süýümler inçeligi 12,5 – 13,5 mkm, iri süýümleriňki 40 – 55 mkm deň.
Pes sütükli towşanlar RSFSR-yň merkezi etraplarynyň ir döwürlerde ösdürilen az önümli ýerli tohumlaryndan galanlary. Bular esasan maýda, garamtyl gök reňkli sütük ugurly towşanlar. Olaryň diri agramy 2,5 – 3,0 kg aralygynda bolýar. Sütük önümliligi örän pes, ýylyň dowamynda 150 – 250 gr aralygynda. Bu towşanlar özüniň ýaşaýşa we klimat-ot iým şertlerine uýgunlaşmaga ýokary ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar.
Altyn NARKULYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby