Türkmen halkynyň Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bu günki şanly seneler bilen 34 –nji gezek bellenilýär, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary öňküsinden has joşgun bilen raýatlarymyzyň , bagşy- sazandalaymyzyň göwnüni göterýär. Bu günki gün elbetde talyp ýaşlar hem Mukaddes Garaşsyzlygymyz mynasybetli öz goşantlaryny beslemek üçin toý-dabaralara garylyp- gatylýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy bolsa, ýurdumyzda iň ýokary derejede geçirilýän baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi 2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda açyldy. Munuň özi ýurdumyzyň Garaşszylyk ýyllarynda ýeten derejesiniň üstünlikli basgançaklarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edilen işleriň bimöçberligi bolsa, Garaşszylyk ýyllarynda muzeýleirmiziň ösüşleriniň ýene müňderejede ýokary galandygyna kepil geçýär. Muzeý Ýurdumyzyň Gadymy sungatyny, ilkinji türkmen şekillendiriş sungatynyň ägirtlerini döreden gymmatly eserlerini, häzirki zaman türkmen şekillendiriş we amaly- haşam sungatynyň gaýtalanmajak täsin sungatyny halk köpçüligine görkezmek üçin niýetlenen esasy sungat ojaklarynyň biridir. Muzeýiň girelgesinde türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň nakgaş eserlerine geçirilen keşpleri we taryhy, milliligi beýan edýän eserler toplumy bilen başlanýar. Ekpozisiýada Türkmenistanyň gadymy döwürleriň, irki we orta asyrlyň şekillendiriş sungatynyň taryhy gatlaryndan söhbet edýän gymmatly ýeke-täk nusgadaky muzeý gymmatlyklarynyň toplumy, ilkinji suratkeşleriň döreden, türkmen durmuşy we sungaty barada giň maglumatlary berýän täsin eserleriniň ýygyndylary, XX-XXI asyrlara degişli türkmen halkynyň sungat eserleriniň ähli ugurlary boýunça ýagny nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk önümleri, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, keramika, haly gobelenler ýaly ajaýyp eserler görkezilendir. Muzeý ekspozisiýasynda Günbatar Ýewropanyň sungatyna degişli bolan XIV- XIX asyr italýan, fransuz, nemes, golland, iňlis, ispan, rus hem-de gündogar halklarynyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleri we sünnälenip ýasalan farfor önümleri ýerleşdirilendir. Muzeý ýygyndylarynyň goraglylygy üpjün edilip, olar resmi taýdan döwlet hasabyna alnan. Bu gymmatlyklar muzeý hünärmenleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip, ylmy maglumatlar, makalalar taýýarlanylýar hem-de bir nusgadaky pasport doldurylýar. Muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmek hem-de ýaşlara sungatyň syrlaryny öwretmek maksady bilen talyplara okuw-tejribe sapaklary we eserleriň göçürme işlerini ýerine ýetirmekde halypa-şägirtlik işleri ýola goýlan. Dünýäniň çar künjüne ady- owazasy dolan türkmen halky gadymdan gelýän däp- dessurlara görä, milli gymmatlyklary öz şöhrady bilen birleşdirip, şan- şöhratly watanymyzyň Mukaddes Garaşszylyk baýramynyň 34 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyklar görýär. Türkmenistanda iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça bina edilýän demir ýol we awtoulag köprüleri ulanylmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzy medeniýet ulgamyna goşant goşulmagynyň şaýadylygyna mümkinçilik döredýär. Türkmenistan diýarymyzda dünýä medeniýetiniň çeperçilik genji-hazynasyna, dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryna, olaryň medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýulýar. Hut şol eserleriň esasynda Aşgabadyň ülkäni öwreniş muzeýinde çeperçilik bölümi gymmatlyklary türkmen nakgaşçylygynyň, grafikasynyň we heýkeltaraşlygynyň uly ýygyndysy bolmak bilen, hakykatda bu ugurlaryň döreýiş we ösüş tapgyrlarynyň hemmesini açyp görkezýär. Muzeý gaznahanalarynda häzirki wagtda diwar suratlarynyň esasynda şol döwrüň medeniýeti we sungaty ýokary ösüşde barada düşünje almak bolýar. Özboluşly tehniki we çeperçilik ussatlygy bilen ýerine ýetirilen köp sanly metal möhürleriň bezeginde hem haýwan şekiljikleri agdyklyk edýär.Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we hünärmenleri sergi guramak boýunça uly
işleri alyp barýarlar. Gündogar ýurtlarynyň medeniýetiniň ösüşinde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanda senetçiligiň ösendigi Günorta Türkmenistanyň dag etek sebitlerinde şol döwürlerde ösen medeniýet we durmuş esbaplaryny seljermek bilen kosmetika müşk-anwarlary, monjuklar, jandarlaryň şekilindäki nepis bürünç iňňebagjyklarydyr. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we gaznaçylary sergi geçirmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Baý gorgandan tapylan ýüzi baktriýalylaryň düýesiniň şekili çekilen ajaýyp kümüş gap hatda biziň döwürlerimiziň tomaşaçylaryny hem özüniň jandarlary şekillendirmekde hakykatçyllyk ýörelgeleri bilen
haýran galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen birlikde ýurdumyzda geçirilýän toý- dabaralara dünýäniň çar künjünden myhmanlar gelýär. Bu bolsa, biziň watanymyzyň halkara abraýynyň dünýäniň ýüzünde artýandygyna mysal bolup durýar. Ýurdumyzyň ösüşleri gün- günden öňe barýar. Häzirki döwürde muzeý işgärleriniň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirlýän sergilerde köplenç öz işlerimini ilata görkezmek bilen halkymyzyň milli hazynasyny sergileýär we taryhymyz bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik tapýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan
üstünlikleriň içinde ýurdumyz pajarlap ösdi. Şol pajarlap ösen zatlaryň içinde hem sungat işgärlerimiziň eden işleri hem aýratyn öwgä mynsypdyr. Türkmenistan diýarymyzyň gün- günden güllemegi, ösmegi we mundan beýläk- de ösjekdigini öz taryhymyzy öwrenmek bilen dowam etdirip, gadymy oguz iliniň abraýyny öňküden hem artdyrdy. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzyň ösmegi üçin edilýän işleriň ýokarlanmagy bolsa, halkymyzy buýsandyrýar. Muzeý gaznahanalarynda ýerleşýän eserlerinden her ýylda onlarça sergiler gurnalýar, onuň hemişelik ekspozisiýasy täzelenip durýar. Munuň özi muzeý toplumyny wagyz etmäge, muzeý gaznahanalaryndaky gymmatlyklary giň tomaşaçylar köplügine görkezmäge mümkinçilik berýär. Muzeý ýygyndysynyň üsti hemişe ýetirilip durýar. Döwrüň ösüşlerini wasp edýän suratkeşleriň eserleriniň sergilerini guramak
möhüm bolup durýar. Şol işleriň ähmiýeti döwrebap sungatyň meselelerine berilýän üns, onuň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr. Şunuň ýaly sergilerden soň, eserleriň käbiri muzeýiň gazna birligi bolup galýarlar, geljekki nesillere ýetirmek üçin
döwrümiziň ruhy baýlyklaryndan ybarat ýygyndysynyň üstüni ýetirýärler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Altyndepäniň syrlaryny halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde üstünlikleri işler amala aşyrylýar. Sungat ussatlary, döredijilik toparlary hem
goşulýarlar. Artistler welaýatlaryň özboluşly ýüzi bolan köpöwüşginli çykyşlary hödürleýärler. Şeýle-de täze açylýan ýaşaýyş jaýlary halkymyza ýokary derejede şatlyk getirdi. Eziz Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz jemleýär. Türkmenistan hut Garaşsyzlyk ýyllarynda öz taryhy , gadymy toprakdygy bilen ýüze çykdy. Ak paýtagtymyzyň
taryhy bilen , türkmen topragynyň taryhy bilen hut Garaşsyzlyk ýyllarynda alymlar gyzyklanmaga başladylar. Nusaý galasy hem hut Garaşsyzlyk ýyllarynda has içgin öwrenilen galalaryň biridir. Türkmenistan diýarymyzyň gün- günden güllemegi, ösmegi we mundan beýläk- de ösjekdigini aňladýan nyşanlaryň döredilmegi gadymy oguz iliniň abraýyny öňküden hem artdyrdy. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzyň ösmegi üçin edilýän işleriň ýokarlanmagy bolsa, halkymyzy buýsandyrýar.
Garaşsyzlyk baýramymyz häzirki döwürde öz gözelligini açýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, ak paýtgatymyzda, oba –şäherlerde geçirilýän işler, dabaraly çäreler munuň eýledigini subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň aladalary
bilen edilýän işler bu ugurda sanardan kän. Bu günler ýurdumyzyň çar künjünde Garaşsyzlyk baýramyna gyzgalaňly taýýarlyklar görülýär. Diýarymyz şatlyk- şagalaňa beslenip, Garaşsyz eýýämiň nurly gelejegini öňe çykarýar. Sungat işgärlerimiz, mugallymlar, talyplardyr, daýhanlarymyz, gurluşykçylardyr şol bir wagtyň özünde alymlar we dürli hünärdäki adamlar bu günki günki günler bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynda şatlyk- şowhuna beslenýän diýarda bagtyýar ýaşaýyş dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallary bilen halkara derejesinde geçirlen sergilere gatnaşmak bagty
bize- de miýesser etdi. 2025-nji ýylda edilen işleriň jemine ser salsaň, ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri hem- de bu günki täze üstünliklere gadam basylýan ýylda täsin bir duýgy gaplap almasy, halkymyzy buýsandyrdy. Şol duýgyny başdan geçirmek , şol duýgy bilen bagtyýar gelejege bagtyýarlyk. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýram mynasybetli geçirlen sergilerde, gurnalan ajaýyp çärelerde, halkara derejsindäki sergilerde çykyş etmek
uly bagt. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Hindistan özüniň daşary syýasatynda bu gün iň ýokary derejede baýramçylyk bellemek üçin ýokary buýsanç bilen baýramlara- dabaralara gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler, halkara derejesindäki abraýly guramalaryň Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmak üçin geçiren konfirensiýalarynadyr, çärelerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmak bagty bize- de şatlyk getirdi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bu ýerde şygyr okaýyş çäreleridir, konsert çäreleri geçiriler. Bagtyýar döwleti wasp edýän ylhamlar gaýnap- joşar. Biziň ýurdumyzda dostana döwletleriň birnäçe konferensiýalarydyr, maslahatlary geçirilýär. Şol sebäpli-de şeýle konferensiýalarda baýramçylyk çäreleri arkaly çykyş etmek hem- de ýurdumyzyň gelejegini saglamak boýunça birnäçe işleriň alnyp barylmagy bu günki gün ýurdumyzyň ösüşlerinde hem medeni ösüşlerinde hem Türkmenistanyň dünýä abraýynyň artýandygyny alamatlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirýän ajaýyp sergileri hem ýurumyzyň muzeý ulgamda ösýändigini alamatlandyrýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Hormatly Arkadagymyzyň sungat işgärleri we muzeý işgärleri üçin edýän aladalaryna jogap hökmünde Mukaddes Garşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy esasynda birnäçe täze işleri halkymyza hödürleýär. Ol işleriň esasylarynyň biri bolsa, sanly ulgam arkaly halkymyza hyzmat etmek hem- de dünýä tor bazaryna çykmak bolup durýar. Ýurdumyzda edara – kärhanalaryň sanlaşmagy, şeýle- de birnäçe täze mobil goşundylarynyň ýüze çykyp, ösüşlerde üstünlik gazanmagymyz üçin Hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary bimöçberdir.Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 34 ýyllyk senesi bilen gutlaýar.Paýtagtymyzyň taryhyna hem Mukaddes Garaşszylygymyzyň senesi altyn harplar bilen ýazyldy. Gahryman Arkadagymyz, Türkmen Halkynyň Milli Lideri hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize ýol görkezmek bilen özüniň taryhy eserlerinde müňýyllyklaryň dowamynda syrly topragymyzdan geçen taryhyň sahypalaryndan söz açýar. Bu bolsa, bizi buýsandyrýar. Halkymyz üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Baýramçylyk dabaralary mundan beýläk- de dag aşsyn!
Altynjemal Rejepgulyýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni