Häzirki wagtda ýürekleri galkynyşa eýlenen ildeşlerimiz ýene-de bir şanly senäni — gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününi uly dabaralar bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki Aşgabat şäheri berkarar Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Gözel paýtagtymyz dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, ak mermere beslenen, iň owadan şäherleriniň biridir. Paýtagtymyzyň keşbi diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen däl-de, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat halkara hyzmatdaşlyk merkezi, olimpiýa hereketleriniň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde tutuş dünýäde giňden tanalýar. Ak mermerli paýtagtymyz sebitde we yklymda adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşuldy. Muny paýtagtymyzyň ak mermere bürenen şäher hökmünde, şeýle hem köp sanly binalarynyň, desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hem aýdyň subut edýär.

Aşgabat şäheriniň keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejesini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, şöhratly taryhyny, bagtly geljegini görmek bolýar. Milli binagärligiň däplerini hem-de täze döwrüň ruhuny aýdyň görkezýän öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagy bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, paýtagtymyz günsaýyn täze görke gelýär.

Paýtagtymyzdaky onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç nahallary we güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna hem nuranalyk eçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin ýaňy-ýakynda mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny aýdyň alamatlandyrýar.

Gözel paýtagtymyz merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülýär. Bu günki gün tutuş dünýäniň ýüzi gözel paýtagtymyza tarap gönügýär. Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraý-mertebä eýe bolýan paýtagt şäherimiz Aşgabadyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk hem taryhy ösüşlere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Firuza Dosçanowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby .