2021 ýyl – mundan otuz ýyl owal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä
bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günlerde şan-şöhrata
beslenýär. Garaşsyzlyk ýolundaky möhüm wakalaryň arasynda 1990-njy ýylyň 22-
nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistan SSSR-iň döwlet özygtyýarlylygy
hakyndaky» Jarnamany bellemek zerurdyr. Jarnama şol döwürde entek SSSR-iň
düzümindäki resbublikanyň özbaşdaklygyny yglan eden ilkinji resminamadyr.
Jarnama laýyklykda, Türkmenistan SSSR-i özüniň ähli çäginde dolandyryşy doly
derejede amala aşyrýan we syýasy we ykdysady gurluşy özbaşdak bellemek
hukugyna ygtyýarly milli döwlet hökmünde kesgilenildi.
Ýurdumyzdaky indiki möhüm ädim Hökümet tarapyndan 1991-nji ýylyň 26-
njy oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hakynda mesele boýunça ählihalk
referendumynyň geçirilmegi bolupdy, şonda ýurduň ilatynyň 94%-i garaşsyzlyga
ses beripdi.
Referendumyň netijelerine esaslanyp Türkmenistan SSSR-iň Ýokary Soweti
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet
gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusiýa kanunyny kabul edildi, şol kanunyň
esasynda Türkmenistan SSSR-iň serhetleriniň çäklerinde Garaşsyz demokratik
Döwlet diýlip yglan edildi.
Ýurduň ähli çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň
ýokary tutulýanlygy bellenildi.
Kanunda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýokary maksatlaryň
— türkmen halkynyň hakyky milli döwletliligine eýe bolmagynyň, milli, jynsy,
sosial gelip çykyşyna we dini ynanjynyň tapawudyna garamazdan her bir adama
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, adam hukugynyň Ählumumy jarnamasynda
we beýleki halkara hukuk düzgünlerinde göz öňünde tutulan hukuklary we
erkinlikleri üpjün etmegiň, kanunyň ileri tutulýan ynsanperwer demokratik
jemgyýetini gurmagyň hatyrasyna yglan edilýär».
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Konstitusiýa kanunyna
laýyklykda «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary
hakyndaky» Kanunyň ilkibaşdaky beýanatyna birnäçe, şol sanda 27-28-nji
oktýabrda bellenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygyna
degişli üýtgetmeler girizildi, 2018-nji ýyldan Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabr
diýlip bellenildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäde diplomatik gatnaşyklaryny
has-da giňeltdi, şonuň bilen bir hatarda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna çenli
dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Daşary ýurtlarda
Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary işleýär. Ýurduň
içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 diplomatik wekillikleri we 13 sany
halkara guramalarynyň wekillikleri bar.
Gadymyýetde adamzat gymmatlyklaryny dörediji halk bolan türkmen
halkynyň bäş müň ýyllyk baý taryhy bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda önümçilik
maksatly desgalaryň gurluşygyna düýpli üns berildi. 1991-2001-nji ýyllaryň
aralygynda Ahal welaýatynda 134 sany, Balkan welaýatynda 123 sany, Daşoguzda
98 sany, Lebapda 169 sany, Maryda 90 sany önümçilik maksatly desgalar guruldy.
Durmuş medeni maksatly desgalaryň gurluşygy-da üns merkezinde boldy.
Eger-de ýurdumyzda Sowet häkimetiniň ýyllary içinde 1924-1990-ýyllarda
115 sany önümçilik maksatly desgalar işe girizilen bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda
(1991-2002 ý.ý.) ýa-da diňe 10 ýylda işe girizilen önümçilik maksatly desgalaryň
sany 698-e ýetdi. Munuň özi sowetler zamanynda arzuwda edip bolmajak
derejedäki ösüşdir. Nebit, gaz öndürmekde hem görülip-eşidilmedik derejede
üstünlikler gazanyldy. Eger 1990-njy ýylda bary-ýogy 3 million tonna nebit
öndürilen bolsa 2002-nji ýylda 10 million tonna türkmen nebiti öndürildi. 10 ýylyň
dowamynda daşky söwda görülip-eşidilmedik derejede ösdi. Bu görkeziji 2002-nji
ýylda 5;5 milliard amerikan dollaryna golaýlaşdy. Türkmenistan diňe Ukraina her
ýylda 60 mln. dollarlyk gaz satýar.
Garaşsyzlygymyzy alan döwrümizde ýagny 1991-nji ýylda Türkmenistanda
adam başyna öndürýän önümimiz bary-ýogy 80 dollara barabar bolan bolsa, eýýäm
2000-nji ýylda adam başyna öndürilýän önüm 4800 amerikan dollaryna ýetdi.
Geçen II ýylyň içinde Türkmenistan ýekeje döwletden hem elini serip hemaýat
islemedi.
Häzirki döwürde Türkmenistan öňki SSSR-iň düzümine giren döwletleriň
köpüsine ýangyç berip hemaýat edip, dünýäde howp salýan energetiki krizisiň
öňüni almaga uly ýardam edýär. Türkmenistana alýan ýangyjy üçin bergili
döwletler-de bar. Mysal üçin diňe bir Gürjüstanyň biziň döwletimize bergisi 300
million amerikan dollaryna barabardyr.
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin her ýyl ummasyz serişdeler
gönükdirilýär. Ýurdumyzda gurulýan fabriklerdir, zawodlardan, gara, demir
ýollardan, bina edilýän belent ymaratlaryň sany-hasaby ýok. Olaryň hataryna
Aşgabatdan Daşoguza çenli gurulýan demir we gara ýollary, Türkmenbaşynyň
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemek boýunça
geçirilýän işleri, bu ýerde gurulýan täze zawodlary, fabrikleri goşmak bolar.
Ýurdumyzda gurulýan ajaýyp desgalaryň hasabyna türkmen kölüniň gurluşygyny-
da goşmak zerurdyr. Şu günki günde Aşgabadyň we ýurdumyzyň beýleki
şäherleriniň özgerýän keşbi-de görenleri haýran galdyrýar.
Azyk senagat önümçiligi hem güýçli depginler bilen ösmekligini dowam
etdirdi. 1991-nji ýylda 450,0 müň tonna un öndürilen bolsa 1999-njy ýylda 512,7
müň tonna ýetdi.
Senagat önümçiliginiň möhüm görnüşleriniň öndürijiligi has çalt depginler
bilen ösmekligini dowam etdirdi. Nah mata, nebit, gaz kondensatyny öndürmek
boýunça 10 ýylyň içinde güýçli öňe gidişikler gazanyldy.
Oba hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmekde depginler has ýokary boldy.
Eger 1991-nji ýylda 205,6 müň tonna bugdaý öndürilen bolsa, eýýäm 1999-njy
ýylda bu san 1510,6 tonna ýetdi. Tutuşlygyna däneli ekinleri öndürmekde 9 ýylyň
içindäki ösüş 3 esseden-de geçdi. 1991-nji ýylda 516,6 müň tonna däneli ekinler
öndürilen bolsa, 1999-njy ýylda 1543, 6 müň tonna ýetdi.
Oba hojalygynyň şaly, et, süýt, ýumurtga, ýüň ýaly pudaklary has çalt
depginler bilen ösdi. Seredilýän döwürde gara mallaryň baş sany 1,5 essä golaý
ösdi. Düýedarçylygy, atçylygy ösdürmekde hem oňat netijeler gazanyldy. 2002-nji
ýylda ýurdumyzyň öri meýdanlarynda 14 mln. dowar bakylýardy.
Türkmenistanyň şu günki ýeten sepgitleri, gazanylan üstünlikleriniň
esasynda Beýik Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşy
baradaky aladalary dur. Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ata Watanymyzyň
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde “10 ýyl Abadançylyk”, “Galla”, “Täze oba”,
“1000 gün”, “Bilim”, “Saglyk” we beýleki Maksatnamalarynyň durmuşa
geçirilmegi ýurduň ykdysadyýetini, şeýle hem onuň ähli pudaklaryny çalt
depginler bilen ösdürip hil taýdan özgertmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzdaky
asuda we rahat durmuş ykdysadyýeti has gysga möhletde özgertmeklige, onuň ähli
pudaklarynyň sazlaşykly ösmekligine mümkinçilik berdi. Sowetler zamanynda
gutarnykly önüm öndürmeýän Türkmenistanyň senagaty bu gün dünýä derejesine
gabat gelýän nebit önümlerini, dokma senagat önümlerini öndürip başlady.
Biziň uly bolmadyk teswirlemämizde getiren delillerimiz Garaşsyz Baky
Bitarap Türkmenistanyň aýda ýyllyk ýoly alyp, baý, ösen döwlete öwrülip
barýandygyny görkezýän aýdyň subutnamalardyr.
Gülşat Gurbandurdyýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.