21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
Orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport
toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda
ýeňiş gazanan ýurduň türgeni – Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak
dabarasy geçirildi.
59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek
boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+121) netijäni görkezdi we
Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agyr atletika boýunça türgeni Polina
Gurýewanyň ýurdumyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda gazanan bu üstünligi – ata
Watanymyz üçin aýratyn serpaýdyr. Ol türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi
diýip, Gutlagda bellenilýär.
Soňra baýrak gowşurmak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Polina Gurýewa «Türkmenistanyň
at gazanan sport ussady» diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanynyň adyndan
oňa ähli amatlyklary bolan öýüň hem-de «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly
awtoulagyň açarlary gowşuryldy. Mundan başga-da, P.Gurýewa 50 müň amerikan
dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.
Polina Gurýewa: «Men sportda döredip beren giň gerimli mümkinçilikleri üçin
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentine sagbolsun aýdýaryn. Meniň bu
medalym hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna Garaşsyzlygymyzyň şanly 30
ýyllygy mynasybetli sowgadym boldy», diýip belledi.
Tälimçiler A.Saryýewe Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik
söýgüsi üçin» diýen ordeni we A.Emirýana bolsa 2021-nji ýylda goýberilen
«Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.