Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geljekki 76-njy
mejlisinde Türkmenistan ulag we energetika ulgamy boýunça ileri tutýan
garaýyşlaryny kesgitläp, ine, şu teklipleri öňe sürýär.
2022-nji ýylda “Hemmeler üçin durnukly energetika” başlangyjy bilen
bilelikde, DÖM-niň 7-nji maksadyna ýetmekde ösüşi çaltlandyrmak boýunça
halkara forumy çagyrmak,
BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasy
hakynda Türkmenistanyň ozal öňe süren başlangyjyny ilerletmek,
Has gowşak ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
hem-de adalarda ýerleşýän kiçi, ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň Ýokary
wekiliniň edarasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara
maslahatyny guramak.
Türkmenistan ulag we energetika ulgamynda nähili teklipleri öňe sürýär?

RU












