Watanymyň göwher gaşly ýüzügi,
Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!
Jahan içre at-abraýly, şöhratly,
Pederleriň yhlasy sen, Aşgabat!

Dünýä nurun saçýar mermer binalaň,
Köňülleň yşgydyr seýil baglaryň,
Diňe bagta sary barýar ak ýollaň,
Zamananyň ýalkymy sen, Aşgabat!

Bagşylaň, şahyrlaň ylhamysyň sen,
Göwünleň buýsanjy, buşlugysyň sen,
Ak bagtyň şuglasy, Arşyň nury sen,
Şanyňa ýaňlanyp gazal, Aşgabat!

Aýdyňlygyň, gözelligiň şäheri,
Ýada salyp mydam pasly bahary,
Arkadagymyzyň sungat eseri,
Ozal Hakdan ýalkanmyşsyň, Aşgabat!

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.