Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň
— manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly
maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar
akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň
mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek
bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen
manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka
bolandygy bellenildi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň garaşsyz ykdysady syýasatynyň
başlanandygyny alamatlandyryp, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde
bellenilen sepgitlere üstünlikli ýetmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet
esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi.
Türkmen manadynyň 28 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

RU



