Özüniň döredijilik dünýäsini bir söz bilen alanyňda – aragatnaşyklaryň
sazlaşygy bilen häsiýetlendirýän suratkeşleriň biri hem Guwançmyrat
Hojanyýazowdyr. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk we taslama”
kafedrasynyň mugallymy bolup zähmet çekmek bilen birlikde, döredijilik älemi
bilen hem giňden meşgullanýar. Guwançmyrat Hojanyýazow 1972-njy ýylyň 15-
nji noýabrynda kino suratkeşi Annamämmet Hojanyýazowyň maşgalasynda
eneden dogulýar. Guwançmyradyň ýaşlykdan surat çekmeklige bolan höwesiniň
ilkinji ýoly Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinden, soňra 1987-
1991-nji ýyllar aralygynda Türkmen Döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik
mekdebinden başlanýar. Bu çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlap, Aşgabat
şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde pedagog –
mugallym bolup işe başlaýar. Şekillendiriş sungatyna bolan çuňňur söýgüsi onuň
ýene-de okuwyny dowam etdirmekligine getirýär we 1992-nji ýylda Türkmen
Milli konserwatoriýasynda açylan “Nakgaşçylyk” kafedrasyna okuwa girýär. Ol
belli nakgaşçy halypalar – Türkmenistanyň halk suratkeşleri Gulnazar
Begmyradowdan hem-de Şamuhammet Akmuhammedowdan nakgaşçylyk
sungatynyň inçe syrlaryny ele almaga başlaýar. 1994 – nji ýylda ýaş nakgaşyň
şowhunly talyplyk okuw ýyllary döwründe ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup
geçýär. Şol ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasy döredilýär we ýaş nakgaşa şol okuw jaýynyň talyby bolmaklyk bagty
miýesser edýär. 1998-nji ýylda çeperçilik akademiýany üstünlikli tamamlap,
döredijilikli zähmet ýoluny Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra
bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymçylyk işi bilen
utgaşykly alyp barmagyna getirýär.
G. Hojanyýazow örän duýgur häsiýeti bilen tapawutlanýan nakgaşlardandyr.
Ony hemişe daş-töweregimizi gurşaýan meseleler tolgundyrýar we ol şol
meseleleri öz eserlerinde pelsepewi häsiýetde aňlatmaga çalyşýar. Adamlaryň
arasyndaky dogry gatnaşyklary, olary gurşaýan dünýäniň her bir adamyň kalbynda
döredip biljek mylaýymlygy dürs görkezmäge ymtylýar. Bu barada onuň özi şeýle
belleýär: “Adamlaryň arasyndaky üýtgeýän gatnaşyklar yza gaýtma alyp barýar,
ýöne biziň üçin topragymyzdan daşdaky her bir wakalar, iru-giç her bir adama
mälim bolar. Men öz eserlerimi durmuşy temadan ýazmagy halaýaryn we olarda
jemgyýetimizi tolgundyrýan meseleleri aňlatmaga çalyşýaryn. Taslamalary
taýýarlap, eser bilen çuňlaýyn işlemäge girişmezden ozal temany aňlatmak üçin,
onuň mazmunyny we sýužetini açmaga çalyşýaryn. Мeniň döredijiligimi bir söz
bilen alanyňda “Aragatnaşyklar bilen häsiýetlendirmek mümkindir” diýýär.
Hakykatdanam Guwançmyrat Hojanyýazowyň eserlerine liriki we ekspressiw
ýitilik häsiýetlidir. Ol eserlerinde diňe bir sýužetleri oýlap tapmak bilen
çäklenmeýär, eýsem taslamany, tonallylygy, reňk gatnaşyklaryny, ýerine ýetiriliş
stilleri hem oýlap tapýar. Eserlerinde postmodernizm usullaryny göwnejaý ulanyp,
wortisizm we abstrakt sungatyna ýakynlaşýar. Çekiliş usulynyň amatly
görnüşlerini saýlap almak bilen döredijiliginiň maksadyny, şol bir ýazylyş usuly
bilen çäklendirmeýär.
Umuman alanyňda nakgaşyň döredijiliigini tapgyrlara bölmek bolýar. Ol
elmydama eserleriniň iki tapgyryny düzýär. Esasy temasy bolan aragatnaşyklar
temasyna degişli bolan dürli stilleri ulanýar hem-de şol usullary özüniň döredijilik
ýolunda yzygider dowam etmäge çalyşýar.
Nakgaşyň “Enelik”, “Perzent”, “Çagalaryň oýny däl?” ýaly işlerinde
postmodernizm stilleriň täsirini görmek bolýar. Ol bu usullara ynamly çemeleşýär,
olaryň berk kanunlary bilen özüni yzygiderli baglanyşdyrman, onuň bir görnüşli
ýerine ýetiriliş usullaryndan peýdalanýar.
Guwanç Hojanyýazowyň döredijiliginiň ikinji tapgyryndaky “Aragatnaşyk”,
“Dünýä”, “Tans”, “Oýunbaz”, “Maşgala”, “Aýly ýol”, “Görüpbilmezlik” ýaly
eserlerinde wortisizm we abstraksiýa usullaryny açyk görmek bolýar. “Wortisizm”
– bu XX asyryň başynda Angliýada döredilen awangard sungatynyň bir ugry
hökmünde ýüze çykýar. Ol futurizm akymyna ýakyndyr.
Nakgaş özüniň döredijilik gözleglerini täze-täze eserleriň üsti bilen doldurýar.
Ol 2018-nji ýyldan bäri “Duýgy” atly abstrakt häsiýetli dowamly tapgyra eýe bolan
eserleriň üstünde işleýär. Suratkeşiň eserleriniň kompozisiýa taýdan ýerine
ýetirilişi we reňk çözgüdi häzirki zaman nakgaşçylyk sungatynyň täzeçe usullaryny
özünde jemleýär. Olarda suratkeşiň özboluşly dünýägaraýşy we pikirleri açylyp
görkezilýär.
Halypalyga ýetişen suratkeş Guwançmyrat Hojanyýazowy ýetip gelýän doglan
güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Geljekde mugallyma sungat äleminde uly-uly
üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýäris!
Göwher Saparmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy